Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:57
Ýönekeý adam
ÝÖNEKEÝ ADAM

Adamlaryň ýuwaş-ýuwaşdan adamçylykdan uzaklaşýan günlerinde bu işi has irräk bitirenlere hem duş gelmek bolýar. Azat hem şol adamlardan biri, daşyndan göräýmäge ýönekeý bir ofis işgäri, hemmeler ýaly bazara gidýär, içi gysan wagty barlara gidip gidip bir-iki bulgur gömüp gaýdýar, garaz alyp barýan üýtgeşikligi ýok. Garaşyň hezil ýeri indi gelýär!

Biziň bu Azadymyzyň ol ýönekeý adam maskasynyň arkasynda gorkunç bir jenaýatkär ýatyr. Azat kannibalizm hassalygyndan ejir çekýär. Belki-de ejir çekýänem däldir, çünki her gezeginde uly söýgi bilen keýp alyp ýerine ýetirýärdi. Bir söz bardyr: “Tutulmadyk bolsaň sen jenaýatkär dälsiň” diýip, ine Azat hem şol sözden ugur alyp, uly söýgi bilen lezzet alyp gizlinlikde gorkunç işine dowam edýärdi. Azat ol ýesirleriň ölümiň öň syrasyndaky gözlerindäki gorkyny görmek we endamlarynyň gorkak towşanjyk ýaly titremelerini synlamakdan uly keýp alýardy. Ol ýesirleriniň özüne gereklije ýerini alyp galyp, galan ýerlerini bolsa duz kislatasyna (H2SO4) ýatyrýardy, şeýdip hem galan-gaçaklardan dynyp, hiç bir yz galdyranokdy. Azat kän bir göze düşmez ýaly ýöne öldürip hem duranokdy, onuň üçin bu iki-üç aýda bir gezek Artemesia Gentileskiniň sergisine giden ýaly bir zatdy.

Azadyň durmuşy gaty gowy dowam edýärdi, ýöne bir kiçijek meselesi bardy. Azat üýtgäp başlapdy, öňki endikleri ýitip başlady. Indi öňki göwnüne ýaraýan aýal-gyzlar onuň ünsüni çekenokdy. Öňler diňe rock n roll diňleýän bolsa, indi diňe Owaz radiodan berilýän türkmen aýdymlaryny diňlap başlapdy. Kellesiniň içi gerekmejek informasiýalardan dolupdy. Bu üýtgeşiklikden özüniň hem habary bardy. Bir näçe wagtdan soňra bedenine ýene bir şahsyýetiň girenligine düşündi we şol giren şahsyýetiň kimligini bilmek isledi we gözlege başlady. Netijede üstünden baran zady Azady biraz gorkuzdy, ol şahsyýet Atamyrat adynda bir iňlis dili mugallymydy we iýen ýesirlerinden biridi. Şeýlelikde bir bedeniň içinde iki şahsyýetiň söweşi başlapdy. Ikisi hem biri-birinden kem däldi. Atamyrat ar almak isleýärdi, eýdip-beýdip onuň bedenini ele geçirip Azadyň syrlarynyň üstüni açyp adalatyň ýerini tapmagyny isleýärdi. Azat işiň gowy ýere barmajagyny bilip gepläp bilmez ýaly ilki bilen öz dilini kesip iýdi, soňra bolsa budundan dowam etdi.

@ Baýram Agaýew

çeşmesi: https://medium.com/penjire/%C3%BD%C3%B6neke%C3%BD-adam-8a45d4120bf9
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 67 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Baýram Agaýew | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 ssaparay_ • 11:29, 23.12.2022
Adamyň bedenini iýmek bilen onuň häsiýeti geçip bilýärmikä? Adam beýnisiniň, ýüreginiň dokumalary başga bir adama operasiya arkaly göçürilende adamda häsiýet üýtgemegi bolup bilýämikä diýýärdim. İýmek arkaly häsiýet geçip bilýänligi barada bilemokdym. Belki meňki ýalňyşdyr bilemok.
avatar
0
2 Medicall • 12:08, 23.12.2022
Gowy görmedim, işdäm kesildi, Azadyñ hereketine dogrydyr öydenler tapylaryndan heder etmänem durmadym, erbet gorkunçly kino eken
avatar
0
3 Мango • 12:39, 23.12.2022
Azat "Owaz" diňleýän Atamyrady iýmeli däldi.
Barysy "Owazdan". :-)
avatar
0
4 Küle • 18:54, 23.12.2022
Iki dagy namejik? Iñ gowy görýän awtorlarymyň biri - Deniel Kizden okamadyk ýekeje romanym galdy. Olam aňynda 24 sany şahsyýet ýaşaýan jenaýatçy hakynda.
avatar
0
5 Küle • 21:42, 23.12.2022
Erigiň içindäki şänigi çakyp, maňyzyň mazasynam dadandyrys.
avatar
0
6 Анонимно • 23:38, 23.12.2022
ssaparay hanym, bir mahallar zaman gazetinde bulaşyk surat goyyadylar. Siñe seredip añyrsyndaky, asyl suraty görjek bolmalydy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203