15:32 Sütük mantoly Madonna/Roman | |
Exclusive Sütük mantoly Madonna Şu ömrüme tötänden gabatlaşanlarymyň içinde, belki-de, biri mende şeýle uly täsir galdyrandyr. Üstünden ençe aý geçse-de, täsirinden çykyp bilmedim. Ýeke galan çagym, Raif beýiň türkana keşbi, biraz dünýeden sowaşan, şonda-da, nazaryň kaklyşanda ýylgyrasy gelýän bakyşy göz öňümde janlanýar.Ýogsa-da, ol bir töwra adamam däldi. Hatda, adaty, hiç bir aýratynlygy bolmadyk, her gün duşundan pitiwa etmän geçilýän ýüzlerçe ötegçileriň biri. Durmuşynyň bilinýän we bilinmeýän tarapynyň adamlary gyzyklandyrmajagy ikuçsyz. Şeýle ynsanlara duşanymyzda, köplenç, özümizden soraýarys: “Bular näme üçin ýaşaýarka? Ýaşamakdan näme many tapýarlar? Haýsy mantyk, haýsy hikmet bularyň ýer ýüzünde nepes almaklaryny emr edýär?” Ýöne bu zatlar hakda pikir ýöredip, diňe mysalasyna görä baha kesýäris, olaryňam kellesiniň, onuňam içinde islese - islemese işlemäge mejbur beýnisiniň, netijede, özlerine görä dünýesiniň bolup biljegi barada oýlanamyzok. Ol dünýäni bina eden taraplaryny görkezmeýändigine üns berip, ruhy tarapdan ýaşamaýandyklaryny eleştirmegiň deregine, ýönekeý beşeriň bilesigelijiligi bilen, bu nämälim dünýä syýahat etsek, belki, garaşmaýan zadymyza duşmagymyz, genji-hazynaň üstünden barmagymyz mümkin. Ýöne, nämüçindir, ynsanlar aňyrsyndan bir zatlaryň çykjagyny çaklabilýän närselerini agtaranyny gowy görýär. Aždarhaly guýa aýak basyp biljek gahryman tapmak, şübhesiz, näme barlygy belli bolmadyk guýa sallanmaga milt etjegi tapmakdan has ýeňildir. Meniňem Raif beýi has ýakyndan tanamagym diňe tötänlige daýanýar. Bankdaky kiçijek wezipämden aýyranlaryndan soň (sebäbini häzirem bilemok, maňa tygşytlylyk üçin diýildi, emma deregime hepdelik işgär aldylar), Ankarada esli wagt iş gözledim. Bäş manat pulum tomsy kösenmän geçmegime ýardam etdi. Ýöne ýetip gelýän gyş,dost-ýaryň öýünde, sedirde* ýatmagyň soňuna çykylmalydygyny ýatladýardy. Bir hepdesi galan naharhana kartoçkasyny täzelemäge-de ýagdaýym ýokdy. Netije bolmajagyny bilibem synanyşyp gören “işe kabul ediş synaglarynynyň” paşmadygyna gynanyp, ýoldaşlarymdan bidin söwda merkezlerine satyjylyk üçin ýüz tutan işime makullanmamsoň, hossa bilen ýary gijä çenli ygyp ýördüm. Tanyşlarymyň aram–aram awulyga çagyrýan wagtlaram, sersepil bolup ýörşümi unudyp bilemokdym. Geň tarapy, derdeserligim artyp, güzeranymyň ertire ýetjegi-de gümanaka, gitdigiçe utanjaň, ýygra bolup barýardym. Iş görüp bermekleri üçin maňlaýymy dirän tanyş-bilişlerime sataşan pilläm, aramyzyň towly däldigine garamazdan, başymy aşak salyp, ädimlerimi ýygjamlatýardym. Açdygymy arkaýyn ýaňzydyp bilýän we irginsiz karz soran ülpetlerime-de gatnaşygym üýtgäpdi. “Ýagdaýyň nähili?” diýenlerinde, ýasama ýylgyryş bilen, “erbet däl, ýek-tük wagtlaýyn iş tapýan” diýip, gaçmak bilen bolardym. Adamlara mätäç boldugymça olardan gaçmak islegim artýardy. Bir gün agşamara wokzal bilen Sergi öýüniň arasyndaky imi-sala köçeden ädimlerimi agyr basyp, Ankaranyň tyllaýy güýzüni içime sormak bilen, ruhumy götermek isledim. Halköýiniň penjiresine düşüp serpigen, ak mermerli binany gan reňkli oýlardan dolduran gün, akasýa agaçlarynyň we arçalaryň üstünden ýokary göterilen bugmydyr, tozanlygy anyk bolmadyk duman, sal-sal geýimleriniň içinde az-kem küýkerilip, haýsydyr bir gurluşykdan sessiz-sedasyz gaýdyp barýan işçiler, tekerleriň yzy galan asfalt ─ bularyň hemmesi barlygyndan razy görünýärdi. Ähli zatlar, hemme zady boluşy ýaly kabul edýärdi. Şeýlelikde, maňa-da başga ýol galmandy. Şolwagt ýakynymdan bir ulag batly geçdi. Başymy galdyryp sereden çagym, aýnaň aňyrsyndaky sudury tanyş gördüm. Maşyn bäş-on ädim geçenden soň durdy, gapysy açyldy, okuwçy döwrümdäki tanşym Hamdi kellesini çykaryp, ýanyna çagyrdy. Bardym. “Nirä barýaň?” diýdi. ─ Aý ýöne, aýlanyp ýörün. ─ Ýör, öýe gideli. Jogabyma garaşman ýanyndan ýer görkezdi. Ýolda aýtmagyna görä, işleýän şereketine degişli zawodlara aýlanyp gelýän eken. ─ Öýdäkilere telegramma bilen duýdurypdym barjagymy. Taýynlyk görendirler, elbetde. Ýogsa, seni çagyrmaga bognum ysmazdy ─ diýdi. Ýylgyrdym. Öňler ýygy-ýygydan görüşsegem, Hamdini bankdan gaýdanym bäri göremokdym. Tehniki enjamlaryň we ş.m zatlaryň dellalçysydygyndan, ondan başga-da, tokaý we agaç işlerini alyp barýan şereketde müdiriň orunbasary bolup işleýändiginden, düşewindiniň gowudygyndan habarlydym. Bikär wagtym ýüz tutmanlygymyň asyl sebäbem şoldy. Iş soramagyň deregine, pul üçin gelendir öýder diýip ýaýdanypdym. ─ Şu wagtam bankdamy? ─ Ýok, gaýtdym. Geň galdy. ─ Nirä ýerleşdiň? Zordan jogap berdim: ─ Işsiz! Meni boýdan-başa synlap, egin-eşigime seretdi, öýüne çagyranyna puşman etmedik bolmaly, dostana ýylgyryp, omzuma kakdy-da: Agşam gürleşip, çäresini taparys, aladalanma ─ diýdi. Özüne ynamly, halyndan hoşaldy. Diýmek, indi tanyş-bilişlerine-de hemaýat etmäge ýagdaýy bar eken. Imrindim. Öýi kiçiräkdigine garamazdan, naşyjady. Aýaly görmeksizräk, ýöne mylakatlydy. Gabadymda öpüşmegi aýyp görmediler. Hamdi meni ýeke galdyryp hammama girdi. Ýanýoldaşy bilen tanyşdyrmanlygy üçin, myhman jaýynyň ortarasynda dik durşuma, näme etjegimi bilmedim. Aýaly gapynyň gapdalynda duran ýerinden ogrynça meni synlady. Bir müddet pikirlendi. Içinden “geçiň, oturaýyň!” diýmek islän bolmaly. Ýöne diýibilmän ýuwaşjadan daşary çykdy. Şuwagta çenli ahmallyk etmedik, hatda munuň ýaly düzgün-nyzama aşa dykgatly we durmuşdaky gazanan şöhratynyň bir bölegini -de şol häsiýetine borçly bolan Hamdiniň aýak üstünde goýup gitmeginiň sebäbini agtardym. Ýokary wezipelere geçen adamlaryň esasy adatlarynyň biri-de, göwnüme bolmasa, köne we özlerinden pes ýaşaýan ýoldaşlaryna göre-bile edýän başdansowmalygy. Şunluk bilen, şol wagta çenli “siz” diýip ýüzlenýän ülpetlerine birden “sen” diýip biljek derejede pespäl we mürewwetli bolup, söhbetdeşiniň sözüni kesmek bilen, dahylsyz sorag bermek we muny tebigylyna salyp, ýumşaklyk bilen, sahawatly görkezýän ýylgyryş çaýyp etmek ─ beýle ýagdaýlara soňky günler şeýlekin öwrenişipdirin weli, Hamdä gaharlanmak, gözgyny garamak kelläme-de gelmedi. Diňe habarsyz çykyp gidesim, bu ynjalyksyzlykdan halas bolasym geldi. Ýöne şol pursat ak öňlükli, başy örtgüli, ýamalan gara joraby bilen garryja oba aýaly ses-üýnsüz kofe getirdi. Gül nagyşly, gara-gök reňkli kürsileň birinde oturdym, töweregime göz aýladym. Diwarda maşgala we artistleriň suraty, çüňkde öý bikesine degişlidigi görnüp duran kitap tekjesinde 25 kuruşlyk** birküç roman bilen moda žurnallary bardy.Çilim iskemlesiniň*** aşagynda tertiplenip goýlan albomlar, myhman-meduwan zerarly harap bolana meňzeýärdi. Näme etjegimi bilmän içinden birini aldym, heniz açmankam Hamdi gapydan girdi. Bir eli bilen öl saçyny darap, beýlekisi bilen fransuz ak köýneginiň iligini ötürýärdi. “Hawa, nähili onsoň” diýip sorady. “Aý hiç!...Aýdyşym ýaly-da!..” Maňa duşany üçin göwnühoşdy. Ähtimal, ýeten derejesini mazamlaýanyna ýa-da bolup ýörşüme seredip, meniň ýaly däldigine begenýändir. Nämüçindir, durmuş ýolunda bir pursat gabatlaşan adamlarymyzyň başynyň gowgaýa düşendigini, haysydyr bir derde ýolugandygyny görenimizde betbagtlygy üstümizden sowan ýaly rahatlanyp, ol görgülileriň, göýä bize geljek belalaram üstlerine alan dek, halyny soramak we olara duýgudaşlyk bildirmek islegi oýanýar. Hamdi hem şeýle düşünjeler bilen ýüzlenýän ýaly göründi: ─ Bir zatlar ýazýaňmy? ─ Aý, käwagt...Goşgy, hekaýa! ─ Haýry degýämi özi? Ýene-de güldüm.”Taşla bu zatlary” – diýdi-de, amaly durmuşyň üstünlik getirip biljek taraplaryndan, edebiýat ýaly aňyrsy boş zatlaryň mekdep döwründen soň diňe zyýan ýetirýändiginden söz açdy. Aýdan zatlaryna jogap berip biljegimi, jedelleşjegimi akylyna-da getirmän, çaga nesihat berýän ýaly parahat gürläp, ygtybaryny gazanan üstünliklerinden alýandygyny ýaňzytmakdan çekinmedi. Aýdylanlary kabul edýän samsyklaç ýylgyryş bilen haýran galyp oturmagym, oňa has beter güýç berýärdi. “Ertir irden ýanyma gel” ─ diýdi. “Hany, bir zatlar ederis. Zehinlidigiňä bilýän, jepakeş däldiň, ýöne. Zeleli ýok, durmuş, mätäçlik adama köp zat öwredýär... Ýatdan çykarma...Ir-säher gel, meni gör!” Bu zatlary aýdan wagty, mekdep döwründe hemmä belli ýaltalaryň biridigini düýbünden unudan borly. Ýa-da ol zatlary ýüzüne basmajagymy bilensoň arkaýyndy. Ýerinden turjak ýaly etdi, derrew galkdym we elimi uzatdym-da: ─ Indi, maňa rugsat! ─ diýdim. ─ Nirä, entek ir-ä... ýene-de özüň bil! Aslynda, nahara çagyranyny unudan ekenim. Şol wagt ýadyma düşdi. Ýöne ol düýbünden ýadyndan çykarana meňzeýärdi. Gapyň deňine gelip, papagymy aldym-da: Ýeňňe–hanyma hormatlar! ─ diýdim. Bolar, ertir ýanyma gel. Gynanma! ─ diýdi-de, ýagyrnymdan sypalady. Töwerek garalyp, yşyklar ýanan eken. Uludan dem aldym. Howa çaňjaran bolsa-da, meniň üçin tämiz, rahatlandyryjydy. Agyr ädimläp ýöredim. Sedir* – Kedr agajyndan ýasalýan diwan. Kuruş**─ Türk lirasynyň ýüzden bir bölegine deň pul birligi. Iskemle***─ Çilim küldany, güldan ýaly zatlar goýulýan kiçiräk stol. Dowamy bar... © Sabahattin Aly Terjime: © Gurbanmyrat Meredow | |
|
Ähli teswirler: 29 | |
| |