11:08 Sütük mantoly Madonna/ 2 | |
Exculisive Sütük mantoly Madonna/ 2 Ertesi günortana golaý Hamdiniň şereketine ugradym. Düýn öýünden gaýdamda niýetim ýokdy. Dogrusy, özem belli zat aýtmady. – Hany, bir zat ederis, çäresini taparys – diýen ýaly, her iş soran ýerimden diňlemäge öwrenişen jomartlyk sözleri bilen ýollapdy. Şonda-da gitdim. Içki dünýämde, nämüçindir, umytdan beter, özümi mazlum saýmak islegi döredi. Içki menime: “Agşam-a sesiňi çykarman diňlediň, özüni sahawatly saýmagyna rugsat berdiň, netijesine-de kaýyl bol, sen muňa mynasyp ahyry” – diýesim geldi. Kätip kiçijek otagda garaşmagymy sorady. Hamdiniň ýanyna girişime ýüzüme gelişmeýän samsyklaç ýylgyryşymyň peýda bolandygyny duýdum, özüme has beter gaharym geldi. Hamdi öňünde ýaýrap ýatan birgiden kagyzdyr, girip çykýan işgärler bilen meşguldy. Başy bilen kürsüni ümledi-de, derhal işi bilen boldy. Elleşmäge gaýrat tapman oturdym. Gabat garşysynda hakykatdan hem başlygym, haýyr - sahawatçym deý geňirgenip oturşyma, basylan howalama bu sütemleri mynasyp gördüm. Düýn maşynyna mündüren mekdep ýoldaşym bilen aramyzda, on iki sagatdan sähel geçen wagtyň içinde ullakan mesele çözgüdine gowşupdy. Ýakyn gatnaşyklary hasyl edýän amallar,gör, nähili gülkünç, ýasama, juda boş we iň möhümi adamçylyk bilen ilteşigi ujypsyz. Aslyýetinde, düýnden bäri ikimizem üýtgemändik, öň kim bolsak, ýene şolduk. Ýöne şonda-da birek-birekden öwrenenlerimiz, käbir kiçi we jikme-jik zatlar herimizi aýry tarapa ýollapdy. Geň ýeri, ikimizem bu üýtgeşikligi boluşy ýaly kabul edip, adaty saýýardyk. Janymyň ýangyny – Hamdi ýa-da özüm däl-de, şu ýerde oturanlygymdy. Otagyň tenhalaşandygyna mähetdel, başyny galdyryp: – Saňa iş tapdym! – diýdi. Soňra batyrgaý we köpmanyly nazaryny dikip, üstüne goşdy. – Dogrusy, özümden tasladym. Ýadatjak zat däl. Käbir banklardaky, esasanam, şahsy bankymyzdaky hereketimizi yzarlamaly. Neme bolýa-da, şereket bilen banklaryň arasyndaky baglanyşygy saklaýan hünärmen. Boş wagtyňam öz işleriňe gümra bolarsyň. Isledigiňçe goşgy ýaz. Müdir bilen gürleşdim işiňi resmileşdireris. Häzirlikçe, 40-50 liradan1 köp aýlyk çykmaz. Elbetde, uzagyndan artdyrarys. Hany, onda, şowly bolsun! Kürsüden turman elini uzatdy. Elini gysdym we minnetdarlyk bildirdim. Ýüzünde ýagşylyk edenligi üçin göwnühoşluk duýulýardy. Aslynda beýle bir erbedem däldigi, wezipesi sebäpli araçägi saklaýandygy barada pikir etdim, belki-de, bolmalysam şeýledir. Daşary çykyp, dälizde bir müddet saklandym, salgy beren otagyna ýöremek bilen binadan çykyp gitmegiň arasynda galdym. Başymy galdyrman agyr ädimläp, öňümden çykan süpürijiden Raif beýiň otagyny soradym. Ol elleri bilen yşarat etse-de, anyk bir gapyny görkezmän geçip gitdi. Ýene saklandym. Näme üçin owarram edip gidibilmedim? Hamdiniň aýyplaşmazlygy üçinmi ýa-da kyrk lira aýlykdan ýüz öwrüp bilmedimmi? Ýok! Ençe aý bäri bikärligim, nirä gitjegimi, nireden iş gözlejegimi bilmezligim we lükgeligine çäresizligiň penjesine düşenligim, meni ýagtysy ölügsi dälizde başga bir işgär geçýänçä garaşmaga iteripdi . Ahyrsoňy takmyny bir gapyny ýarty açdym, otagda Raif Efendini gördüm. Öňden tanyş däldik. Şeýle-de bolsa, öňündäki zatlara dümtünip oturanyň şondan başga kişi däldigini anyk bildim. Soňam beýle ynamyň nireden gelendigini oý etdim. Hamdi: “ Nemes dili terjimeçimiz Raif Efendiň otagyndan saňa ýer goýduk.Ýuwaş häsiýetli, takwa adamdyr. Hiç kese ýamanlygy bolmaz” – diýipdi. Birem hemmä “jenap”, “hanym” diýse-de, oňa “efendi” diýip ýüzlenýärdi . Ähtimal, suratlandyrmalaryň beýnimde döreden sudury öňümdäki çal saçly, baga2 äýnekli, süýnmek ýüzli, sakaly ösgün adama meňzeýänligi üçin çekinmän içeri girdim. Başyny galdyryp, biperwaý nazaryny salaryna mähetdel: Siz Raif Efendi bolmaly, şeýle dälmi? – diýip soradym. Garşymdaky bir müddet boýdan-başa synlady. Soňra ýumşak we naýynjar ses bilen : – Hawa, men! Sizem täze gelen işgär bolmaly. Ýeriňizi ýaňyja taýynladylar. Geçiň, hoş geldiňiz! – diýdi. Stula ornaşdym. Stolyň üstündäki solgun syýa yzlaryna, çyzgylara seretmäge durdum. Bigäne bilen garşylykly oturlanda, adatça edilişi ýaly, ogrynça synlap, analiz edip, otagdaşym hakynda çaklamalar edinmek isledim.Ýöne onuň bu pikirden uzakdygyny, dykgatyny gaýtadan işine gönükdirip, hamala men ýok ýaly, dümtünip oturanyny görüp, meýlimden ýüz öwürdim. Günortana çenli şeýleräk dowam etdi. Perwaýsyzlyk bilen gözlerimi dikenimde, ösgün bolmadyk saçynyň depesiniň selçeňländigini, kiçijek gulaklaryndan gerdenine çenli ýygyrt atanyny gördüm. Uzyndan inçemik barmaklyryny öňündäki kagyzlarda gezdirip, ýeňillik bilen terjime edýärdi. Käwagt bir sözüň ugrunda pikirlenýän ýaly ýokary bakýar, haçan-da, nazarymyz kaklyşanda ýüzünde ýylgyryşa meňzeş hereket bolýardy. Keseden we ýokarsyndan synlanyňda garrawsy görünse-de, ýaňky ýaly ýylgyran mahaly ynsany haýran galdyrjak derejede sada we çaga mahsus görnüşe geçmegi geňdi. Aşakky bölegi taraşlanan murty bu görnüşini hasam agramlaşdyrýardy. Günortanky nahara çykanymda, ýerinden gozganmandygyny, tahylyny açyp, kagyza dolanan çörek bilen kiçijek günortanlyk gutysyny çykaranyny gördüm. Işdäňiz açyk bolsun! – diýdim-de, çykyp gaýtdym. Ençe gün bäri gabat-garşy otursagam, hiç zat gürleşmändik. Beýleki bölümdäki işgärleriň köpüsi bilen tanyşyp, hatda agşamara deňräk çykyp, çaýhanada şeşe-peş oýnamaga-da başlapdyk. Aýdyşlaryna görä, Raif beý şereketiň baýry işçilerinden. Entek şereket gurulmanka, häzirki degişli bankymyzyň terjimeçisi eken, ol ýere nädip düşenini weli bilýän ýok. Maşgalasynyň köplükdigini, aýlygy bilen güzeranyny zordan dolaýandygyny aýtdylar. Tejribelidigine garamazdan, oňa-muňa bisarpa pul sowýan edaranyň, onuň hakyny näme üçin galdyrmandygyny soranymda ýaş kärdeşlem gülüp: “Barypýatan nalajedeýin bolany üçin. Dil bilýänligem ikuçly ” – diýýärdiler. Ýöne Nemes dilini gowy bilýändigini, terjimeleriniň dogry we ajaýypdygyny soň bilip galdym. Ýugaslawiýanyň Suşak portundan gelmeli kül agajy we arçanyň agaç kesimleriniň aýratynlygy baradaky ýa-da agaç,demir deşýän maşynlaryň işleýiş prinsipine, ätiýaçlyk şaýlaryna degişli haty ýeňillik bilen terjime edýärdi. Türkçeden nemes dile geçiren resminamadyr şertnamalaryny edara müdiri hiç hili gypynç etmän degişli ýerlere ugradýardy. Bir gezek boşlaw wagty, tahylyny açyp, ýerinden gozgaman kitaba dümtünip oturanyny görüp, bilesigelijiligime ýeňildim-de:“Näme ol Raif beý?” – diýip soradym. Hamala, ogurlykda tutulan ýaly gyzardy, sakynyp: “Aý, hiç... Nemes roman!” – diýdi-de, derrew çekmäni ýapypdy. Şeýle-de bolsa, işdäkiler oňa saýry dilini bilýändir öýdenokdylar. Mümkin olaram mamladyr, çünki özüni alyp barşyna seretseň dil bilýäne meňzänokdy. Keseki dilde gürlän çagyna, bilýändigini ýaňzydan wagtyna, eli ýa-da kisesi saýry gazetli, žurnally aýlanyp ýörenine duşmandyk. Mahlasy, süňňi bilen: “Frenkçe3 bilýäs” – diýip, zowladýanlara meňzänokdy. Bilimine bil baglap, iş hakynyň galdyrylmagyny soramazlygy, düşewüntli kär gözlemeýişi, ol baradaky pikirleri tassyklaýardy. Ýalançy ýagtylanda gelýär-de, günortanlygyny ýerinde edinip, agşamara ol-bul alyşdyragada, dessine öýüne ýumlukýardy. Birküç gezek kofe içmäge çagyrsam-da, yryp bilmedim. “Öýde garaşýandyrlar!” – diýdi. Bagtyýar maşgala başy – diýip, pikir etdim. Dessalym bala-çagalaryna gowuşmaga howlukýan ýalydy. Soň beýle däldigini bildim, ýöne bu zatlar hakda soňrak aýtjak. Dowamlylygy, janypkeşligi onuň bimesrep saýylmagyna böwet bolanokdy. Hamdi, terjimelerinde daktiloda4 goýberilen ujypsyz ýalňyş üçin görgülini haýal etmän çagyrardy. Käwagtam otagymyza çenli gelip, aýylganç sesi bilen haýbat atardy. Başgalara seresaply çemeleşýän, hormatyny saklaýan Hamdi, oňa gezek gelende kanagatsyzdy. Her dürli bozgaklyga arka direýän ýaşlardan garşylyk görmäge çekinýän, Raif Efendiniň gaýtawul bermejegini bilýändigi üçin ony horlamagy, birküç sagat gijä galan terjime üçin gyzarylyp, tutuş binany ýaňlandyryp dazarylmagy gynandyryjydy, ýöne wezipe tarapdan seretseň kabul ederlikli ýagdaýa öwürýärdi. Jynsdaşynda öz güýç-kuwwatyny, ýeten derejesini barlap görmek ýaly, adamlary melul ediji näme bolup biler? Özem şeýle mümkinçilik dörände, öňünden ölçerip-döken plany boýunça käbir kişilere özüni görkezmek isleýän bolsa... Raif Efendi aram-aram ýaraman işe gelip bilmezdi. Bular köplenç ähmiýet berilmeýän sowuklama zerarly bolýan nähoşlykdy . Ýöne zatüljenp keseli5 ony ätiýaçly adama öwrüpdi. Çala sowuklasa derrew öýüne sygynyp, daşary çykan wagtam gat-gat fanilalar6 geýip, otagda penjireleri açdyrman, gaýtjak mahaly boýnuna, gulaklaryna çenli şarf dolap, biraz ýygyrt atan galyň paltosynyň ýakasyny doly galdyrman gidýärdi. Hassa bolsa-da işini bökdemezdi. Terjime edilmeli ýazgylar hyzmatçydan ugradylyp, birküç sagatdanam alnyp gaýdylardy. Oňa garamazdan, müdiriň we Hamdiniň Raif Efendä ýüzlenende: – Görýäňmi işýakmaz, keselbent bolsaňam işden kowamyzok – diýesi gelýän äheňi bardy. Muny öwran-öwran ýüzüne basmakdan ýaýdanmaýanlygam gözgynylykdy. Birküç gün gara bermän gelen çagy – Neneň onsoň, Inşaalla saplanansyň-a derdiňden? – diýip, iňňeli “geçdigi bolsunlar” bilen garşylaýardylar. Şeýlelikde, menem indi Raif Efendiden ýadap başlapdym. Edarada kän oturamokdym. Resminamaly papkam bilen ähli banklary, sargytlary kabul edilen döwlet ederalaryna aýlanyp, resminamalary rejeläp, müdire ýa-da kömekçisine hasabat bermek üçin käte bir iş stolumyň başyna geçýärdim. Şoňa garamazdan stolynyň başynda diriliginden şübhe etdirjek derejede gymyldaman, terjime edýän ýa-da tekjesindäki “Nemes romanyny” okaýan Raif Efendiniň hakykatdanam bimany, içgysgynç mahlukdygyna ynanýardym. Ruhunda bir zatlar bolanyň ony ýaňzytmakdan hiç zat ýüz öwürdip bilmez diýen pikir bilen, munuň ýaly ses-sedasyz we biperwaý adamyň içki dünýäsiniň haşal otdan parhsyzdygyny çaklaýardym. Robot ýaly işine gelip, işlerini birsyhly edişdirip, maňa düşnüksiz bolan endigi bilen birnäçe kitap okap, agşamara söwda edip, öýüne gidýärdi. Ähtimal, birsydyrgyn günleriň, hepdeleriň arasynda hassalygy onuň üçin üýtgeşiklikdi. Işdeşleriň aýdyşyna görä, owaldan şeýle ekeni. Entege çenli nämedir bir zada ýüreginiň gobsunanyna duşan tapylmandyr. Ýolbaşçylarynyň ýerliksiz, nähak ýazgaryşyna hemişeki biperwaý, doňak bakyşy bilen jogap berip, terjimelerini daktilo tabşyryp, alan wagtam ozalkylar ýaly bimany ýylgyryp, minnetdarlyk bildirýärdi. Lira1 – Türkiýäniň pul birligi. Baga2 – Pyşdyl çanagyndan edilen äýnek Frenk3 – Osmanlylaryň ýewropalylara, aýratyn-da fransuzlara dakan ady. Daktilo4 – Ýazuw maşinkasy, ýazuw maşinkasynda oturýan işgär. Zatüljenp5 – Öýkeniň töweregindäki membrananyň çişmegi netijesinde ýüze çykýan kesel. Fanila6 – Ýüňden örülen ýa-da dokalan ýeňilden ýumşak geýim. Dowamy bar... © Sabahattin ALY Terjime: © Gurbanmyrat MEREDOW | |
|
Ähli teswirler: 20 | |
| |