23:24 Süýnen ýyldyz | |
Ýadyňdamy, kän adymam tutmazdyň, Ýa: «Bagtym» diýerdiň, ýa: «Bagt ýyldyzym». Ýyldyz süýndi, ýakdy ýeriň bagryny, Asuda asmanda çakdy ýyldyrym. Şondan soň setire bagrymy oýkap, Gijelerne goşgy ýazdym kän gezek. Ýakyp ýüregimiň bir bölegini, Aýylganç ýylgyrdym aglama derek. Arzuwy, aýdymy aramyzdaky Unutdym, ýuwutdym lebiz-ygrarym. Sen hakynda bolan ýatlamalary Ýadymdan çykaryp, alypdym arym. Indi maňa deň sen özgeler bilen, Huşumdan uçupdyr görmegiň-görküň. Ýolda sataşsaňam diýäýjek zadym: «Sen kim?». * © Ilmyrat BABAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |