Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:09
Tankyt-teýenä döz gelmek..

TANKYT-TEÝENÄ DÖZ GELMEK

Gününden nägile, Allanyň berenine näşükür, nygmata bigadyr adamlar rysgal beriji we etjek işini anyk bilýän Beýik Ýaradandan hem närza bolup,Biribardan zeýrenýärler. Ýeri, onsoň ýazygy, günäsi çökder bolan ikimiz ýalylar şeýle adamlardan nämä garaşsyn? Olara gulak gabartjak bolsaň, onda durmuşyňy uruş bilen ötürmeli bolýarsyň. Olaryň ajy, hiç hili rehim-şepagaty, geçirimliligi, pälinden gaýtmyşy bolmadyk tankydy bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Sen olaryňbilkastlaýyn we öň torç edilen sapaklarynyň öňünde döwülermiň? Bilgeşleýin
kemsitmelerine çydam etmän, ejizlärmiň?
Sen eliňden gelen ýagşylyklary edýärkäň, mätäçlere ýardam goluny uzadýarkaň, gurýarkaň we özgelere enaýy pikirleriň bilen täsir edýärkäň, şugla saçýarkaň, öwüşginiň barka, beýle gyýagöz tankytlar dowam eder durar. Ýeriň ýüzünde bir döle ýasap içine girmeseň ýa-da bir basgançak tapyp, asmanlara galmasaň, adamlaryň teýeneli sözlerinden, hak-u nähak ýazgarmalaryndan halas
bolup bilmersiň. Bu zeýilli adamlaryň arasynda gezip ýörseň, olar seniň ýüzüň gussaly bolmagyny, gözleriň ýaşaryp durmagyny islärler, ukusyzlyk ejirini çekmegiňe garaşyp gezerler. Ýogsam bu zatlardan olara jinnek ýaly bähbit hem ýokdur.
Ýeriň üstünde oturan adam ýykylmaýar. Adamlar öli maslyga kesek atmaýar, ýöne olaryň saňa welin gahary geler. Sebäbi sen adamkärçilik, haýyrsöýerlik,
edep-tertiplilik, ylym-bilim, baýlyk babatda olardan üstün, olardan ýokarda, olardan beýik sen. Olaryň arasynda sen, hamana, müýnli bir adam. Tä özüňe berlen zehinleri, üşükleri, akyl-ukyplary, Allanyň bagyş eden nygmatlaryny terk edýänçäň, ähli öwgüli häsiýetleriňi taşlaýançaň, ähli asyllylyk manylaryňy ýitirýänçäň, bu artykmaçlyklardan ýüz öwürýänçäň, ýalaňaç, bigörk we bibaş bolup galýançaň, olar seniň “tobaňy” kabul etmezler. Hawa, akylsyz, tentek, gugaryp galan, argyn, ýadaw bolup galaryňa garaşarlar. Bu hut olaryň isleýän zady. Şeýle bolsa, olaryň teýeneli sözlerine, tankytlaryna, kemsitmelerine, hyşy-wyşylaryna döz gel. Çydamly bol, beýik bolarsyň. Gaýalar ýaly dym, haýbatly bolarsyň. Depäňden inýän doly däneleri hem saňa gelip urlanda, özi döwülsin dursun. Mäkämlik, sarsmazlyk, ýanbermezlik beýikligiňi, başarnygyňy we barlygyňy saklap galmak üçin zerurlykdyr. Eger-de sen bu zeýilli adamlaryň boş
gürrüňlerine gulagyňy gabardyp, olaryň hörpünden gopjak bolsaň, öz arzuwlaryňy däl-de, olaryň matlaplaryny hasyl etjek bolsaň, onda durmuşyňy bulandyryp,
ömrüňi çaňa garmaly bolarsyň. Heý, adam ogly, olara görä gopma-da, elmydama ýagşy niýetde, ýagşy amalda, ýagşy edepde bol. Olardan ýüz öwür we olaryňedýän hile-mekirliklerinden hiç wagt howatyrlanma. Ynsan gatnaşyklary sözlüginde olaryň bu bişeýkel tankytlary köpçüligiň saňa bolan hormaty hökmünde terjime edilýär. Jemgyýetdäki ornuňa, agramyňa görä hem seniň tankydyň, teýenäň artar durar.
Sen hiç mahal olary agyzzyryklap (agzyny baglap) bilmersiň. Dillerini daňyp bilmersiň. Ýöne sen olaryň teýenesini, tankydyny öz hoşgylaw häsiýetiň, haýyr işe
yhlasyň, olaryň sözlerine bolan biperwaýlygyň, gürrüňlerine üns bermezligiň bilen ýere depin edip bilersiň. Artykmaç gylyk- häsiýetleriň, haýyr-sahawatlaryň, şähdaçyk gülerýüzlüligiň bilen, gowy häsiýetleriňi has köpeldip, egri ýerleriňi düzetmek arkaly, olaryň hindi burçy ýaly ajap duran agyzlaryna suw sepip bilersiň. Eger-de sen ähli adamyň ýanynda salykatly, hiç kimiň göwnüni ýykmaýan, ähli nogsanlyklarkdan sap adam bolmak isleseň, sen bu maksadyňa hiç wagt ýetip
bilmersiň. Bu seniň bolmajak zady isleýändigiňi aňladýar, çünki ähli adamlaryň göwnünden turmak mümkin däldir.

Aid AL-KARNI.
"Gamgyn bolma!" kitabyndan
Terjime eden: © Rahmet GYLYJOW.
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 82 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aid al-Karni | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Küle • 08:59, 27.12.2022
Tankydam edil söýgi ýaly, her kim bäs gelip bilmez...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203