Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:03
Garantga bolma!
GARANTGA BOLMA!

Özgeleriň şahsyýetini özüňe köýneklik edinme. Gaýrylaryň donuna bürenme! Örän köp adamlar özgelere meňzejek bolup, özlerini, öz seslerini, owazlaryny we hereketlerini, öz kelamlaryny, öz ukyp-başarnyklaryny,öz zehinlerini, özlerine mahsus we mynasyp gelýän hal-ýagdaýlaryny ýatlaryndan çykarýarlar. Şeýdibem barlygyň ýok bolmagyna, çüpremegine, rehnetiň mähnete öwrülmegine sebäp bolýarlar.
Adam atadan iň soňky ýaradylan adam balasyna çenli keşp, görk we häsiýet babatda biri-birine gabat gelen ýekeje adam hem ýokdur, ýeri, onsoň olar ukyp-
zehin, başarnyk, gylyk-häsiýet babatda meňzeş bolar öýdýäňizmi? Sen taryhda deňi-taýy bolmadyk we geljekde hem meňzeşi bolmajak aýratyn bir şahs. Sen Myratdan, Omardan büs-bütin tapawutly adam, şonuň üçin özüňi olara öýkünmek, kesekä meňzejek bolmak, olaryň keşbinde eräp gitmek arzuwlarynda janlandyrma. Sen öz zehiniňe we tebigatyňa dolan! “Adamlaryň her biri öz güzerini, nireden suw içmelidini (özlerine degişli suwy) bilýändir”, “Ähli tarapa öwürýän Oldur, elmydama haýyrly zatlary saýlap alyň”. Ýaradylyşyň ýaly ýaşa, sesiňi
üýtgetme, äheňiňe bat berme (çalyşma), ýöreýşiňi bozjak bolma, özüňi arassa pikirler bilen terbiýele, ýöne hiç haçan özlügiňi inkär etme we erkinligiňi elden berme. Seniň özboluşly tagamyň, özboluşly reňkiň bar. Biz seni şol tagamyňda, şol reňkiňde – öz ajaýyplygyňda görmek isleýäris. Sebäbi sen şeýle ýaradylypsyň we biz seni hut şonuň ýaly gowy adam diýibem tanaýarys. Hiç biriňiz ýat eşige bürenen garantga bolmaň.
Adamlar tebigaty boýunça daragtlara meňzeýär: süýji we turşy, uzyn we gysga, goý, olar şeýle hem bolsunlar. Eger badam bolsaň, behä öwrüljek bolma. Sebäbi seniň owadanlygyň, jemalyň we gymmatyň seniň badamlygyňda jemlenip dur. Biziň dürli reňkdeligimiz, dürli dilde gürleýänligimiz, dürli başarnyklara hötde
gelýändigimiz, dürlüçe güýç-kuwwatlydygymyz Ýaradanyň aýdyň alamatlarynyň biridir. Allanyň alamatlaryny inkär etmegin(ýoýmagyn).

© Aid AL-KARNI.

"Gamgyn bolma"

Terjime eden:© Rahmet GYLYJOW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 53 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aid al-Karni | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 12:23, 26.12.2022
gowy eken. bulam unikallyk temasynyň bir görnüşi ýaly.
özüň bolmak barada.
avatar
0
2 Pero • 15:15, 27.12.2022
Hemme zatda bolşy ýaly "özüñ bolmak" meselesinde hem ortalyk ýoly tapjak bolmaly bolaýmasa. Kem bolsañ bir hili,artyk bolsañ ýene-de bir hili...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203