Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:40
Türkmenistanly tennisçi gyzjagazyň üstünligi
TÜRKMENISTANLY TENNISÇI GYZJAGAZ TÜRKIÝEDE ULY ÜSTÜNLIGE ÝETDI

Türkmenistanly gyzjagaz Türkiýede geçen tennis bäsleşiginde uly üstünlik gazandy.
10 ýaşa çenli bolan çagalaryň ýaryşy Izmirde guraldy. Oňa çagalygyna garamazdan, zehinini tennise gönükdiren ýaşlaryň 34-si gatnaşdy. Bu ýaryşda zehinini synan türkmenistanly gyzjagaz Sülgün Işangulyýewanyň hem bary-ýogy 9 ýaşyndadygyny bellemelidiris. Ýaryşyň tapgyrlarynyň ählisinde Türkiýäniň sebitlerinden gelen çagalary ýeňmegiň hötdesinden gelen Sülgün finalda hem ýerli gyzjagaz Sahra Nehiz Temizden üstün çykdy. Bu duşuşykda 4:2, 4:1 hasaby bellige alyndy. Şeýlelikde, 9 ýaşly ildeşimiz bu ýaryşyň çempiony boldy.
3,5 ýaşyndan bäri tennis bilen meşgullanýan gyzjagaz häzir ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/sport/tennis/turkmenistanly-tennisci-gyzjagaz-turkiyede-uly-ustunlige-yetdi-3c46cd. 07.12.2022ý.
Bölümler: Sport | Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Bagabat • 10:42, 07.12.2022
Tüf-tüf-tüf, göz degmesin.
avatar
0
2 Medicall • 11:40, 07.12.2022
Uzak bersin, jany sag bolsun, uly üstünlik, mundan beýlägem üstünlik hemrasy bolsun!
avatar
0
3 Pero • 11:44, 07.12.2022
Tüweleme, tüweleme! Ýeñişleriniñ yzy gür bolsun
avatar
0
4 Aygul • 15:32, 07.12.2022
"Watanyna,il-gününe abraý getirjek gyz bolsun" diýip diländirler bu gyzjagaz doglanda.Ýeňişleriň başy bolsun,bala!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203