Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:31
Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Sona Ýazowa aradan çykdy
TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY SONA ÝAZOWA ARADAN ÇYKDY

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa 82 ýaşynda aradan çykdy.
Şahyr 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýän ýazyjynyň ilkinji goşgusy ol heniz mekdepde okaýarka gazetlerde çap edilip başlady.
S.Ýazowa 1966-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar. Ol 1966 — 1968-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 1968 — 1977-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetiniň bölüm müdiri, 1977 — 2004-nji ýyllarda «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, 2004-2005-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň syýasat bölümçesiniň režissýory, ses režissýory, 2006 — 2011-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2012 — 2017-nji ýyllarda bolsa şol bölümiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy wezipelerinde işledi.
Halypa şahyr 2017-nji ýylda hormatly dynç alşa çykyp, ömrüniň soňky gününe çenli erkin döredijilik bilen meşgullandy.
Şahyr Sona Ýazowa zähmet we döredijilik ýolunda edebiýat äleminde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ençemesi bilen duşuşyp, işleşip, döredijilik gatnaşyklaryny saklady. Ol meşhur ýazyjy-şahyrlarymyz G.Ezizowy, K.Gurbannepesowy, B.Hudaýnazarowy öz halypalary hasaplady.
S.Ýazowa müňlerçe goşgynyň, makalanyň awtorydyr. Halypa şahyr 2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynda, 2010-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynda, 2011-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen halkara medeni çärelere, şeýle hem ýurdumyzda guralýan medeni çärelere, şygryýet agşamlaryna, döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp, yzygiderli çykyş edýärdi.
Şahyr Sona Ýazowa 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» hormatly atlary berildi, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2008-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2009-njy ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2011-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. 2007, 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr, žurnalist Sona Ýazowanyň imany hemra, jaýy jennetden bolsun! «SalamNews-yň» döredijilik topary onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanç bildirýär.
Merhumyň 3-i ertir bellener.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet/sona-yazowa-aradan-cykdy-52141f. 23.02.2023ý.
Bölümler: Zenan şahsyýetler | Görülen: 74 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Bagabat • 15:33, 23.02.2023
Iman baýlygyny bersin. Alla rahmet etsin.
avatar
0
2 Medicall • 20:26, 23.02.2023
Imany hemrasy bolsun, baran ýeri berilsin!
avatar
0
3 Мango • 10:06, 24.02.2023
Ondan gelip Oňa barýarys.
Allah rahmet etsin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203