Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:36
Umarowlaryň döredijilik maşgalasy – filosofiýa, maýyl edijilik, özboluşlylyk

UMAROWLARYŇ DÖREDIJILIK MAŞGALASY – FILOSOFIÝA, MAÝYL EDIJILIK, ÖZBOLUŞLYLYK

Çagalar köplenç ata-enesiniň kärini saýlaýarlar, nakgaşlaryň arasynda-da şunuň ýalylar az däl. Şonda-da Umarowlaryň maşgalasy – saýry gelýär, belki, ol ýokary derejeli döredjilikde zähmet çekmek – bularyň maşgala ýörelgesi bolany üçin şeýledir.

Žiwopisçi Rahman bilen keramikaçy Dilber Daşkentde duşuşdylar. Olaryň ikisem Daşkendiň A. Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutyny tamamlap barýardylar. Olaryň hersi bir fakultetde okasalaram, ussahanalarda ýygy-ýygydan duşuşardylar, ol ýerde uzak gije öz eserlerini dörederdiler. Talyplar işleriniň sergilerinde Rahman bilen Dilberiň işi hemişe gowularyň hataryndady. Dilberiň kiçijik plastikalaryň 50-sinden ybarat «Toý» atly diplom işi mugallymlaryň we talyplaryň ählisini haýran edipdi!

Rahman bilen Dilber instituty tamamlanlaryndan soň durmuş gurdylar. Rahman Umarow Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebine ýolbaşçylyk etse, Dilber Türkmenabadyň 1-nji çagalar sungat mekdebinde sapak berdi. Rahman ilkinji gezek paýtagtymyzyň Sergi merkezinde «Çarhypelek» suratyny görkezipdi. Dessine-de aşgabatly nakgaşlar, şeýle hem žiwopis muşdaklary ony ýetişen ussat diýip ykrar etdiler. Rahman Umarow tiz wagtdan «Irki üzüm» atly işini sergä hödürläp, öz zehininiň muşdaklaryny hasam begendirdi. Eýýäm şu iki işinde adaty zatlarda üýtgeşik mähir, keramat görüp bilýän filosof we romantik nakgaşyň özboluşly tilsimi ýüze çykypdy.

Nobatdaky sergide «Günorta çagy» atly işi görkezilende Rahmanyň döredijliginiň muşdaklarynyň sany ýene-de artdy. «Erkinlik» we «Mähir» atly işleri türkmen nakgaşynyň saýrylygyny ýene bir gezek subut etdi. Olar dürli-dürli işler: «Günorta çagy» gündogar zenanynyň gözelligini wasp etse, «Erkinlik» atly suraty çägi-serhedi bilmeýän ötegçi guşlaryň uçuşyny şekillendirýär, «Mähir» diýen eserinde kiçijik gyzjagazyň iň ýakyn dosty – ata söýgüsi beýan edilýär. Nakgaş her bir suratyna öz sürek mährini siňdirýär.

Biz nakgaş Umarowyň ussahanasyna baryp gördük. Bizi Dilber Umarowanyň mähirden, ýumordan we oba ilatyna ummasyz söýgüden dörän, aşgabatly şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryny hoşamaý toýun gahrymanlary bilen ilkinji sergide özüne maýyl eden gelşiklije keramiki heýkeljikleri garşy aldy.

Rahmanyň molbertinde küýzeler düzümi çekilen gutaryberlen surat dur. Esere heniz at berilmändir. Nakgaş surata ar bermegiň özi üçin iň kyn işdigini boýun alýar. Onuň bu ýorduma ilkinji gezek ýüzlenmeýändigini aýtmak gerek. Nakgaşyň şeýle işi ozalam bar bolsa-da, ol kompozisiýasyny we perspektiwasyny üýtgetmese-de, başgaça, has ýiti reňkleri ulanyp täze surat çekýär. Bu surat dostluk, agzybirlik, özüň ýalylar bilen gatnaşygy saklamalydygy we ony ýitirmegiň howpludygy, sebäbi şondan soň synylýandygy hem-de onuň biçäre ýalňyzlyga eltýänligi barada. Bu hakda hemmä belli rowat hem bar, ýöne Rahman asyrlarboýy türkmenler üçin zerur gap bolan küýzeleri ulanyp, ony özüçe beýan edýär.

Rahman bilen Dilberiň üç çagasy bar. Ogly Arslan Umarowlaryň beýleki çagalary ýaly Çagalar çeperçilik mekdebine okuwa girdi. Ýöne birsalymdan sapaklaryna gatnamasyny goýdy. Rahman Umarow bu ýagadaýa parasatly garady: diýmek, žiwopis onuň işi däl diýip pikir etdi-de, ogluny okuwdan çykaryp goýberdi.

Dogrudanam, ýyllar geçdi, Arslan biologiýa dersi boýunça mekdep olimpiadasynda ýeňiş gazandy. Häzir Arslan Umarow Hytaýda lukmançylyk institutynyň talyby, hünäri – sport lukmany-reabitolog. Agyr güne düşen türgenleriň saglygyny dikeltmek – asylly kär.

Gyzlary Hijran bilen Jeren ata-ene kesbini dowam edip, ikisem Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamladylar. Ýöne olaryň ugry aýry-aýry: Hijran –žiwopisçi, Jeren bolsa – dizaýner. Uýalaryň işleri akademiýanyň galareýasynda guralan talyplar işleriniň ählisinde, hat-da Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem goýuldy.

Olaryň uly gyzy Hijran realist kakasyndan sapak alsa-da, sungatda öz ýoluny – postimpressionizmi saýlady. Kakasy oňa garşy bolmadam. Ol: «Ýyllar geçer, akly goýlansoň realizmiň sungatda esasy ýörelgedigine özem düşüner» -- diýýär.

Hijranyň paýtagtymyzyň Sergi merkezinde guralan Umarowlaryň maşgala sergisine görkezilen «Awtobusda» atly işi tomaşaçylara güýçli täsir etdi. Suratda talyplar topary şekillendirilipdir. Olara siňňin diň salsaň, şadyýan gyzlaryň näme hakda gürrrüň edýäninem aňsa boljak ýaly. Belki, olar synagy şowly tabşyrandyrlar-da, indem umumy ýaşaýyş jaýyna barýandyrlar. Hijran suratynda olaryň keýpiçaglygyny beýan edipdir.

Manzarlarda hem Hijranyň özüne mahsus tilsimi duýulýar. Ol daragtlary bolşy ýaly takyk çekip durmaýar, onuň agaçlary – adatça, gujurly äpet bir zat, ýapraklary bolsa – gykyndylardan ybarat güýz ýa-da bahar lybasy. Her manzarda nakgaşyň keýpi duýulýar.

Jeren çaga döwrem fantaziýasy güýçli we gerekl-u-gerekmejek zatlardan üýtgeşik bir zat ýasap ýören çeper elli gyzjagazdy. Mysal üçin, ol adaty gazetden modaly şlýapajyk ýa-da zenan torbasyny, milli ýaglykdan üýtgeşik galstuk edip bilýär, mata gykyndylaryndan dürli reňki haýran galdyryjy zatlary ýasaýar. Ol adaty ýumurtga gabygyny nädýär-ä! Olary dürli keşpli we her hili häsiýetli üýtgeşik adamlaryň mähellesine öwräýýär.

Jeren Indoneziýanyň we Hindistanyň halklaryndan bize gelen batika usulyny ussatlarça özleşdiripdir. Ýukajyk ýüpek matadan ýasalan içindäki çigitleri görnüp duran almalar hasam geň galdyrýar. Almalaryň şeýle fantasmagorik şekillendirilmegi bilen olar, hamala, diňe bir şahada bişmäni, eýsem daş-töwerege hem syn edýän ýaly görünýär.

Indi Rahman Umarow – erkin nakgaş, aýaly Dilber Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynda çeper bezeg bölümine ýolbaşçylyk edýär, Hijran – Türkmenabatdaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda mugallym, Jeren – Lebap welaýat Medeniýet müdirliginde dizaýner bolup işleýärler. Olar kärine ýürekden berlen adamlar. Biz olara ylham-joşgun arzuw edýäris, çünki žiwopis muşdaklary bu döredijilik maşgalasyndan täsirli täze işlere garaşýarlar.

Çeşme: https://saudi.tmembassy.gov.tm/tk/news/69050
Bölümler: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 13:52, 22.08.2023
"...uly gyzy Hijran ...sungatda öz ýoluny – postimpressionizmi saýlady. Kakasy oňa garşy bolmadam. Ol: «Ýyllar geçer, akly goýlansoň realizmiň sungatda esasy ýörelgedigine özem düşüner» -- diýýär.

ýok, ylalaşamok.
ýöne realizmi öwrenmek gerek.
soňy her kimiň öz işi...
avatar
0
2 Анонимно • 00:16, 23.08.2023
1
avatar

Старая форма входа
Total users: 203