20:39 Ýar | |
ÝAR Aglap ynjalan göwün deý iňrikde, Asman için döküp guýýar ýagyşyn. Damjalar syrygyp,süpürip geçýär, Penjiräň ýüzüne çeken nagyşym. Gijeleriň kirpikleri irkilmez Olar öýkelere düşüpdir ýesir. Ozal köňle yşyk salan söýgümiz Tünleriň goýnunda galypdyr ýetim. Haçan bir-birekden daşlaşdyk beýle Ýa şübhe ynamňy ýaraladymy? Günäsiz kalbyňa zäheri ornap Täleý depderimi garaladymy? Nädeýin,ýolumdan dänip bilmedim Aýralyga pida etdim bagtymy. Ýöne ojagmyzyň geljegi üçin Yrýa edemog-a salym wagtymy. Gel, undaly bir-birege diýleni Kineleň ganatyny gyrmaga giç däl. Emaý bilen öpüp didelerimden Ozalky deý diýäý maňa perişdäm. © Meňli Aşyrowa 2020 ýyl | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |