Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:29
Ýelpewaja meñzeş agaç

Af­ri­ka­nyň gü­nor­ta-gün­do­gar ke­na­ryn­da­ky Ma­da­gas­kar ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ma­da­gas­kar Gren­lan­di­ýa­dan, Tä­ze Gwi­ne­ýa­dan we Bor­neo­dan soň, dün­ýä­de dör­dün­ji uly ada ha­sap­lan­ýar. Af­ri­ka yk­ly­myn­dan, tak­my­nan, 400 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän bu ada­da gy­zyl le­mu­ra, ala­be­der le­mu­ra, to­ma­to gur­ba­ga­sy­na, Aý ke­be­le­gi­ne, tro­pik ba­dam aga­jy­na, Azi­ýa şa­ly­sy­na, are­ka pal­ma­la­ry­na, al­tyn sur­naý gü­lü­ne duş gel­mek bol­ýar. Ma­da­gas­kar­da ös­ýän tä­sin ösüm­lik­le­riň ha­ta­ryn­da «sy­ýa­hat­çy­nyň pal­ma­sy» (ravena­la) ady bi­len ta­nal­ýan aga­jy hem gör­kez­gör­kez­mek bo­lar.
Ma­da­gas­ka­ryň en­de­mik ösüm­li­gi bo­lan sy­ýa­hat­çy­nyň pal­ma­sy ýel­pe­wa­ja meň­zeş ýap­rak­la­ry bi­len owa­dan gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär. Bu tro­pik ösüm­li­ge ys­sy ho­wa ýa­ram­ly bo­lup, 30 met­re çen­li ösüp bil­ýär. Aga­jyň ýap­rak­la­ry mer­ke­zi bal­dak­dan 45 de­re­je ara­lyk­da ýer­leş­ýär. Ýap­rak­lar agaç­dan gö­ni çy­kyp, 4 met­re çen­li ösüp bil­ýär. Sy­ýa­hat­çy­nyň pal­ma­sy­nyň geň ta­ra­py ýap­rak­la­ry­nyň gün­do­gar-gün­ba­tar ta­ra­py gör­kez­me­gi­dir. Ýag­ny ýap­rak­la­ryň ýa­ry­sy gün­do­ga­ra, ýa­ry­sy bolsa gün­ba­ta­ra ta­rap ös­ýär. Ir­ki dö­wür­ler­de aga­jyň kom­pos hök­mün­de ula­ny­lan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar bar. Hä­zir­ki wagt­da hem Ma­da­gas­ka­ryň ýa­şaý­jy­la­ry ug­ry kes­git­le­mek üçin bu agaç­dan peý­da­lan­ýar­lar. Aga­jyň gök öwüş­gin­li gül­le­ri ýap­rak­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da ýer­le­şip, ys bö­lüp çy­kar­ma­ýar. Aga­jyň süý­ji gül­le­ri le­mur­la­ryň esa­sy iý­mi­ti bo­lup, bu jan­dar­lar gü­lüň şi­re­si­ni iý­mek üçin da­şyn­da­ky ga­ty ga­by­gy aç­ýar­lar. Aga­jyň to­zan­lan­dyr­ma işi­ni le­mur­lar we uly mör-mö­jek­ler ama­la aşyr­ýar. Sy­ýa­hat­çy­nyň pal­ma­sy to­hu­myn­dan ýa-da düý­bün­den kök ur­mak ar­ka­ly kö­pel­ýär.
Sy­ýa­hat­çy­nyň pal­ma­sy çalt ös­ýän­di­gi hem-de owa­dan görnüşi bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Aga­jyň bal­da­gyn­da köp muk­dar­da suw sak­lan­ýar. Şol se­bäp­li gu­rak ho­wa şert­le­rin­de suw­suz­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin agaç­dan peý­da­la­nyp bol­ýar. Dün­ýä­niň uly bo­ta­ni­ka bag­la­ryn­da bu aga­jyň ösüp otu­ran meý­dan­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­nyň pal­ma­sy kä­bir şä­her­ler­de be­zeg ösüm­li­gi hök­mün­de ekil­ýär.

Zaman Türkmenistan
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203