Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:40
Ýadadym ýalanlardan

Men ýalandan, ýananlardan,
Ýadadym ýalany ýasaýanlardan,
Ýaşyrýanlardan,
Ýalan ýaşaýanlardan.
Göwnüm her bir söze ynanýanlardan.
Iblisiñ içinde görýän perişde,
Herişde mañlaýym urýan boşluga,
Üzülmez bergim bar geçen ýaşlyga.
Öz toslan zadyma ynanyp bilýän,
Kä özümden gorkup añalyp bilýän.
Şlýapadan towşan çykarýanlar köp,
Iñ arzan bahadan satylýar edep,
Sosial ulgamlar bolupdyr mekdep.
Ýaşym üç onlukdan aslyşýar häli,
Ömrüm uzak düýşiñ içinde ýaly,
Içimde ýaşaýar ýene bir däli.
Ruhum kararsyzyñ baryp ýatany,
Pikirlermiñ ýok belli bir watany.
Hatarly ýollarda sabrym gutardy,
Kimler bu gylygy bir kär tutundy,
Olardan däldigme nebsim utandy.
Ýüze gülüp dili bilen atdylar,
Köçede gygyryp ýalan satdylar,
Näme etse özlerine etdiler.
Hemme bilýändir,
Dünýe ýeke günde kezzap bolmandyr,
Ýalançy adyny ýatyp almandyr.
Soñsuz ýola birek biregi süýräp,
Barýarys nirä?!

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 122 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Zenan • 15:29, 13.10.2024
Goşgy hernäçe gowy bolanda-da
Iblisiñ içinde görýän perişde
setirini halamadym, şo jümle geregem däl ýaly
avatar
0
2 Hyýalbent • 00:58, 14.10.2024
1 e Dini tarapdan seredeňdede Iblis bir perişdedi. Emma bu ýerde men ony göz öňüne tutup almandym näçe ýamanlyk edýän ýaman adamlaryňam gowy tarapyny görmäge synandym diýjek bolupdym. Pikirlerňize minnetdar ýazyp duruň!
avatar
1
3 Seýrаn • 09:16, 14.10.2024
Goşgudan beter rep äheňi köp. Hatda, özüňem içiňden rep aýdyp ýazana meňzäpsiň. Sosial ulgamlardaky birek-biregi ýigrenmegiň möwjalýan suraty göz öňüme geldi. Adamlary gaty bir erbedem görmäň how, ylaýta-da goşgy ýazjak bolsaň.
avatar
0
4 Hyýalbent • 14:32, 14.10.2024
3 e pikirlerňize minnetdar käbir wagt bolýar welin içiňdäkileri ýalňyş ýada dogry bolsun aýdyp ýada ýazyp dynmasaň günüňe goýanok. Bu goşgam şonuň önümi. Ýenede pikirlerňize maslahatlarňyza garaşýan!
avatar
1
5 Aýgül_Baýadowa • 19:58, 21.10.2024
Ýasamalardanam ýadadyk...
avatar
0
6 Nurdаn • 02:46, 22.10.2024
Aýgül, gowy, gowy))
avatar
0
7 Nurdаn • 02:55, 22.10.2024
Dünýede güna ýogam aslynda, ýöne adamyñ edahedi şol, bir biri bn oñmuşmasalaram dünýañ üstüne atayasda myjabaty... Zeýrenmek ýadadyar,  beyle goşgyny ýazm:a bilseñ ýazmaly dāl kãn, ýazsañan soñ bir wagt okasañ " näma zeyrendimkam şeýdip" diyip õz õzüñden utansañ utananyña-da geñ galmaly dâlsiñ...  başgaçarak gysgarak, gysybyrak ýazyp aýdybam bolardy uzaldyp ýadanyñdan, ýadadanyñdan
avatar
0
8 bayramgylychsapargylyjov • 20:45, 09.11.2024
Teswir 2-ä.
@Hyýalbent,Iblisiň aslynda perişde däldigini, onuň jynlardan biridigini Kuranyň aýatlary we käbir esasy alymlaryň görüşleri bilen tassyklaýarys. Kuran we sünnetde bu meselede aýdyň düşündirişler berilýär.

Kuranda Iblisiň perişde däldigi barada «Kehf» süresiniň 50-nji aýatynda: "Biz perişdelere Adamyň öňünde sežde ediň diýip buýruk berdik, hemmesi sežde etdi, ýöne Iblis buýruga garşy çykdy. Sebäbi ol jynlardandy, şonuň üçin öz Rebbiniň buýrugyndan ýüz öwürdi…" diýip bellenýär. Bu aýat bize Iblisiň perişde däldigini, eýsem jynlaryň toparyndan gelip çykandygyny görkezýär.

Käbir alymlaryň eserlerinde hem Iblisiň perişde däldigi, eýsem jynlardan biridigi kabul edilýär. Alymlaryň bellemegine görä, perişdeler günäsiz we Allanyň her buýrugyna boýun egiji barlyklar bolup, jynlar bolsa azat erkleri bolan we günä işläp bilýän barlyklar. Iblisiň Allanyň buýrugyna garşy çykyp, Adam atanyň öňünde sežde etmekden ýüz öwürmegi onuň erkin erke eýe bolan jynlardan biridigini görkezýär.

Sünnette hem Iblisiň perişde däldigi, jynlaryň toparyna degişlidigi hakynda käbir deliller bar. Iblisiň perişdeler bilen bir ýerde Allanyň tabşyrygyny kabul eden wagtynda perişdeleriň arasynda bolup biljekdigi, ýöne onuň aslynda perişde däldigi aýdylýar.

Bu sebäplerden, Iblisiň perişde däldigini bellemek islärdim. Ol jynlardan bolup, Allanyň buýruklaryna boýun egmedigi üçin adamlaryň duşmanyna öwrüldi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203