MENU

08:50
***
Näzijek göwnüňe degmekden gorkup,
Syrym saklap gezdim şu çaka çenli.
Bu gün bolsa bire baglap ýüregim,
Saňa birzatlary aýdasym geldi.

Gel,janym,kalbymy açaýyn saňa,
Isle-hä ýaz eçil,
Isle-de ýazgar.
Barybir gözleňden gitme ýok maňa,
Bu söýgi kalbyma ebedi ýazlar.

Ynan,kän gezdim men bir özim söýip,
Indi ýürek bu ahwaldan iripdir.
Sen bilýärmiň,gara gözüň güldürip,
Öten agşam düşüme-de giripsiň.

Şo-ol günem diýsene...
duşupdygam biz,
Gelipdem şo-ol sözi diýmeli halat.
Ýöne ýüzüm kesä sowanym üçin,
Şol gün ýygralygma okadym nälet.

Hawa,kän oýlandym,
ölçerdim,
dökdim,
Ýöne muny sen birjigem
aňmadyň.
Wiý,ýogsa-da,näbilýäriň diýsene,
Belki,senem meňki ýaly haldasyň.

Hut şonuň üçünem giç dälkä heniz,
Bu söýgi armana dönmänkä bir gün.
Gyzgyn ýüregimi aýama alyp,
Gel,saňa bar zady bereýin gürrüň.
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Medine | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz