MENU

13:29
Açyş
AÇYŞ

Saňa bakan gözlerim
Hanasynda kör boldy.
Kükregimde körük boldy ýüregim.
Emma gözlerimden sylyp bilmedi
Gözýaşlar söýgimi...

Sensiz-de ýaşamak boljak ekeni.
Seni özgä bagş edibem boljak eken, görsene,
Garaňkydy sensiz dünýe,
Sensiz günler garady...
Ýüregimiň durmaýşyna men haýran.
Bäý-bä,
Sensiz-de ýaşamak boljak ekeni.
Seni özgä bagş edibem boljak eken, görsene...

07.06.2010ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 13:43, 28.11.2022
Bir bar eken, bir ýok eken.
birinji bentde söýgi bar eken,
ikinjide ýok eken.
bir bar eken, bir ýok eken.
şeýdip bar zat, ýok bolubam bilýän eken.
söýgi bar eken, soň ýok eken.
avatar
0
2 Мango • 13:56, 28.11.2022
Saňa bakan gözlerim
Hanasynda kör boldy.

ýa-da söýgi söýýänini kör eder,
söýýän kişi söýgülisiniň kemini görmez, kör bolar.

Kükregimde körük boldy ýüregim.
Emma gözlerimden sylyp bilmedi
Gözýaşlar söýgimi...

Gözýaşlar gözlerden söýgüni sylyp bilmese-de bulandyryb-a biler.
haýtjana Laçka! “ot” bilen “suwy” oýnan bolşuňy!
ýanýan ýürek - ot, gözleriň ýaşy - suw.

Bäý-bä,
Sensiz-de ýaşamak boljak ekeni.

“Bäý-bä” niň ýerine “Bläää” diýip okasym gelip gitdi.
“Blää-ä,
Sensizem ýaşap boljak eknen-ä!”
bagyşla, bagyşlaň. :-)
gowy goşgy.
tüýs Laçynyň diýäýjek zatlary.
goşgyň başlanyşy özüne çekýä.
berekella.
avatar

uCoz