MENU

07:28
Bileniñden galma!...
BILENIŇDEN GALMA!

"Haý, berekella!"
Bileniñden galma!...
Señkem añsat däl,
Bar sende "zehin" -
Ukyp, başarnyk, mekir tilkilik,
(Elbet-de muny-da başarmak gerek !)
Häsýetiñe görä It bolup görýäñ,
Üýrýäñ,
Şagal mesliginem undañok hernä,
Eşekligem edip ýörsüñ ýerinde,
Tüýsüñi üýtgedip bilýäñ her zaman,
"Gezekli çemçeden" elheder alman.
Bolşuñ-a müñhilli, hetdiň bil-de sen,
Bir maslahat berjek,  alsaň-almasañ:
Adam bolmaga-da synanşyp göräý,
Oñarmazmykañ?!...

01.11.2022

© NURDAN
Категория: Goşgular | Просмотров: 191 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 4.7/6
Всего комментариев: 2
avatar
2
1 Мango • 09:13, 11.09.2023
Adam bolmaga çagyraňda haýwan baryn-a (häsiýetleri bilen) agzapsyň: tilkilik, itlik, şagallyk, eşeklik...

Adam bolmaga-da synanşyp göräý!
Oñarmazmykañ?!...

Belki.... ýöne, Harut we Marut ýaly perişdelerem adam bolup kän ýaşap bilmedi...
SAÝT IÇI REKLAMA: HARUT WE MARUT (Gadymy eýran ertekisi https://edebiyat.clan.su/news....17-1715
avatar
1
2 Pero • 13:31, 11.09.2023
Ṣolar ýalylar gaýta beýlekileri adam hökmünde görmeýärler,özlerinde günä görmeýärler. Deýl Karnegiñ bir kitabynda bar-a sebäpsiz birnäçe adamy keýpine öldüren ganhor:"Bu gursakda heniz hiç kime zyýan bermedik ýürek urýar"diýýän ýeri bar. Ana,kitabyñ ṣojagaz ýeri güýçli täsir edipdi wagtynda.
Pes adam doly manyda adamlygyny gazanyp biler,diñe haçanda ÖZ GÜNÄSINI GÖRÜP,ÖZÜNE DAṢYNDAN BAHA BERIP BAṢLAN GÜNÜNDEN. Ondan bärde ýokarky ýalylara adamçylyk garañky
avatar

uCoz