MENU

08:41
Bire biri goşsaň iki bolýarmy
Bire biri goşsaň iki bolýarmy

Bire biri goşsaň, iki bolýarmy?!
Bu hasapdan baş çykaryp bilmedik!
Onda nä biz bir – birege goşulyp,
Şatlygmyzdan iki bolup bilmedik?!

Bire – biri goşsaň iki bolýarmy?!
Muňa mydam şeýle düşünip geldik.
Onda näme biz ikimiz goşulyp,
Aýry däl-de, ruhumyzda bir bolduk?

Bire biri goşsaň iki bolýarmy?!
Men bu hut beýle-de dälmikä diýýän.
Sebäp, ynha, biz ikimiz goşulyp,
Dokuz aýdan soňra üç bolduk eýýäm!

Bu ömüriň hasabyna düşerden
Ynsan ogly ilki ýaş bolýan eken.
Bildim, üç çaganyň atasy bolup,
Bire biri goşsaň bäş bolýan eken.

Durmuşda ähli zat özüňe bagly,
Özüňe göräräk üýtgeýär jemler:
Kimse bire biri goşup, bir bolýar,
Bire biri goşup, on bolýar kimler!

Tirkeş Sadykow
Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: Zenan8609 | Теги: Tirkiş Sadykow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Aýgül_Baýadowa • 09:43, 04.12.2024
Bire biri goşsaň islendik san çykyp biler.
avatar
0
2 Мango • 14:48, 19.12.2024
0.5+0.5=1

ikiňiziň goşulyp BIR bolmagyňyz üçin özüňiz bir däl-de ýarym bolmagyňyz gerek. ýarty bolup beýleki ýaryny gözläp tapanlar osoň BIR bolýar.

REKLAMA

«Taýyňy tapmak»  barada pikirlendiňmi?
avatar

uCoz