Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:55
Taýyňy tapmak

TAÝYŇY TAPMAK

0): – Taýyňy tapmak barada pikir öwrelimi?
1): – Öwreli...
2): – Indi giç...
3): – Giçden hiç... ("Hiçden giç..." diýjek boldy öýdýän)
4): – :-)
5): – :-(
6): – ???



© MANGO
Surat: Gerta BURBE
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 166 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 19
avatar
0
1 Atsyzatly • 12:33, 23.12.2023
Taýyňy tapmak täsin düşünje. Jorap bolsa bir zat diýse bordy.
avatar
0
2 Мango • 12:39, 23.12.2023
şu ädiklije gyza-da ahyry bir nesibeli gün duşsun-da taýy...
avatar
0
3 aygull • 13:01, 23.12.2023
Köwşüňizi jüpbämläp goýuň. Taparsyňyz.
avatar
1
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 13:19, 23.12.2023
“Ikinji taýyňy tapmak” diýen düşünje, bilşimiz ýaly, bir gadymy grek filosofyndan gaýdýar. Onuň aýdyşyna görä, Hudaý adamlary ilki iki kelleli, dört elli, dört aýakly... we ş,m. edip ýaradypdyr, soňra olary ikä bölüpdir. Sazlaşykly bir göwre bolup ýaşamak üçin her adam özüniň dünýädäki ýeke-täk ikinji bölegini tapmalymyz.

Bu romantik düşünjä uýýanlara görä, ikinji bölegine duşan adam dessine ony tanap, alşyp gitmeli – ol seniň öz göwräň bölegi ahyryn. Ol her bir meselede seniň bilen düşünişmeli: nirede ýaşamaly, nähili ýaşamaly, näçe çaga edinmeli. Seni doly kabul etmeli, üýtgetjek bolmaly däl. Sen onuň bilen ömür bagtly bolmaly. Iň bir gizlin pikir-duýgularyň hem bir bolmaly (özüň şol diýýän-ä). Elbetde, düşekde-de sazlaşyk 100% bolmaly.

Elbetde, şeýle düşünjä uýýanlaryň söýgüde umyt-arzuwynyňam, talabynyňam iňňän ýokary boljagy belli. Şonuň üçinem, eger bu düşünjeden el çekmeseler, olar, elbetde, ömürboýy ýeke galarlar.

Meniň özüm-ä munuň tehniki taýdanam mümkin däldigini şeýle subut ederin. Seniň töweregiň (gurşawyň) gaty gitse müň adam. Dünýäde bolsa milliardlarça adam bar. Tejribe geçireli. Bir tonna (20 halta) tüwiniň ikisi gyzyl reňke boýaly (olar iki bölek jübüt). Tüwini gowy garyşdyraly. Söň tüwini jamlap alyp başlasak (bir jamda 1000 tüwi diýeli) ol iki gyzyl tüwiniň bir jama düşmek ahmallygy örän pes (bir günüň, ýagny bir “ömrüň” dowamynda). Ebedilik garyşdyryp otursak belki düşer, emma möhlet gysga. Olar duşuşmanjyk geçerler.

Onda ata-babalarymyz ýaly “kime duşsa-da, däli-depek bolaýmasa öwrenişerler” diýip, başlaryny çatmalymy?

Ýok, “tipler” diýen bir zat bar. Her kim garşy jynsyň 100% hemmesi bilen oňşup bilmese-de, takmynan özüne laýyk gelýän tipi bilen sazlaşyp biler. Olaryň, meselem, 10 göterimi öz alyşjak tipi bolar. Käbir giň adamlar garşy jynsyň aglaba köpüsi bilenem oňşup ýaşaşyp bilerler. Käbir ynjyklary diňe 1-2 göterimi bilen (ýene “çarçuwa” gelmeli bolýar: biri-biriň ugruna ýykylmaly, eglişik etmeli).

Emma, how, milliardlarça adamyň içinden diňe Hudayň men üçin ýaradany “bi dänäm” diýip utursaň nähili bolar? Belki, duşarsyň, maňa gaharlanma, meniň-ä zat diýmedigim...
avatar
0
5 Мango • 13:28, 23.12.2023
eşitdiňmi gyzyl ädiklije gyzjagaz.
Ýaran daýy dogry diýýär.
beýdip taýyňy gözläp ýörseň ömürem tapmarsyň...
avatar
1
6 Pero • 13:37, 23.12.2023
Ol gyzyl ädiklije özüni ideal hasaplap ýörenlerden eken. Sebäbi onda şekiljik kän. Onuñ töweregindåkileriñ birinde bir şekil,başgasynda ýene bir şekil. Gyza bolsa şo şekilleñ hemmesi birinde jemleneni gerek. Emma ol birje zady ýatdan çykaran bolmaly,dünýäde hiç kim ideal däl.
avatar
0
7 Мango • 14:08, 23.12.2023
iki gyzyl reňkli tüwi dänesiniň ykbaly.
edil bir tonna tüwüň içinde tapyşmaklary kyndyr.
ýöne halys tapmasaňam bir akja dänä "gyzyljam meniň" diýip bilsek, gyzarmazmyka o...

o greklerem aýdar goýar-da öz ertekilerini...
avatar
0
8 Ýaran_Ýagmyr_99 • 14:11, 23.12.2023
"Kesişdirip düzetmek" bu ýerde "boýaşdyryp düzetmek" bolýan boldymy? Aý, näme, barysam "düzetmekdir-dä" garaz.
avatar
0
9 Мango • 14:12, 23.12.2023
hawa, o gyzyl ädiklijämiziň kellesi çylşyrymlyja ekeni.
kyn-da şeýle bolsa...
avatar
0
10 garagar • 14:25, 23.12.2023
gaty gowy surat eken, mango kaka, sagja bol. Suratlar barada näçe aýtsaň aýdybermeli, şonuň üçinem aýtmarys.
Ta:ýyň gözlegi,haçan-da, özüňi taýsyz duýaňda başlanýar öýdýän.
Özüňi igeläp, deňje getirip, taýly bolmakmy ýa-da şu bolşuma aparsynlar-diýip gezmekmi?
avatar
0
11 Ýaran_Ýagmyr_99 • 14:25, 23.12.2023
Emma, diýseňem, şeýle "gyzyl ädijeklileriň" tapýan wagtam bolmaly. Meselem, Mariýa Kýuri.

Ony anyk bilmeris. Çünki içki otaglarynda nämeler bolup geçendigini kim bilýär? Hemme zady bilemzog-a. Daşyndan-a gül ýalymyş.

Onsoňam, Mariýa daýzanyň bolaýsa intellekti çylşyrymlydygy belli. Belki, duýgulary ýönekeýdir. Sada adamdyr.

Bujagaz "gyzyl ädikli" welin ýöne emosiýalaryň çyrym-çyrmaşyk ýumagy bolmagy mümkin. Beýnisiniň guşuňky ýalylygyndan garantiýa ýok.
avatar
0
12 Ýaran_Ýagmyr_99 • 14:35, 23.12.2023
Onsoňam, öz-özi bilen oňsup bilmän ýörenlerem bar.

Olar öz "ikinji ýarysyny" tapanda näme bolarka?

Bir halta salnan dört pişik ýaly, dyrnaçaklaşyp-çeýneşip ýatarlar-da.
avatar
0
13 Мango • 14:43, 23.12.2023
"Suratlar barada näçe aýtsaň aýdybermeli, şonuň üçinem aýtmarys".
...şonuň üçinem aýtmarys ...şonuň üçinem aýtmarys ... aýtmarys

ýene REKLAMA etmeli boldy.

PUŞKIN HAKDA
Puşkin barada ....bir zatlar aýtmak kyn.
... şonuň üçin (o barada) hiç zat ýazmaýyn.

https://edebiyat.clan.su/news/puskin_hakda/2023-01-11-427
avatar
0
14 Ýaran_Ýagmyr_99 • 14:55, 23.12.2023
Ýöne öz reňkiňe boýajak bolsaň, bi söýg-ä bolmaz.

Söýýän bolsaň maslahat edersiňiz haýsy reňke boýalmalydygyňyzy.

Öz reňkiňi навязывать etjek...

Ты что?.. Ýene näme? Bolmaz-a.

Söýginiň binýady deňlikdedir.

Iň bärkisi "köpriden" geçilýänçä.
avatar
0
15 janjennet • 20:15, 23.12.2023
Aýallar: "Waýeý, özüne nämedirin öýdýä, biziň gyzlammyzzan üýtgeşik ýeri ýok-la, asyl biziň gyzlammyzça ýogam, şu gyzyl ädikli haýran"
Gyzlar: "Kakasy bilen abraýlylagy, kakasy bolmasa, kim indär öýdýäň şony"
Ýeňňesi: "Agzyny açyp ýörlegy gyrannegen ejesi ýaly bolup, meň dagy gyzym okuwny gutardygy,öňünne oglumam bolsa çykarjak nesip bolsa"
Enesi: "Menä diňlänok gelnim, maňa galsa hoool plan baýlara berdirjekdim. bolanda näme elipden şermenne, onnanam bir kem bormy"
Atasy: "Şo gynansa menem gynanjak. Öz gyzlamdan,agtyklamdan aýry göremok. Gowsy öz ugryna goýuň şo çagany"

(Dowam etdirip oturmaly. Şu sahnada kim bolsaň bol gyzyl ädikli bolma diýen ýaly. Gyzyl ädikliň pikiri gyzykly däl bolsa gerek, belki ol birini gözleýänem däldir)
avatar
0
16 Ýaran_Ýagmyr_99 • 20:57, 23.12.2023
Ýöne gyzyl ädikli ýekeje taýyny tapsa-ha durmuşlary "başga zat" bolar-aý.

Ojagaz ýönekeýler birki günde bir-birini "özleşdirendirler", syrlary, gyzyklary gutarandyr, endik boýunça ýaşaşyp görendirler.

Emma gyzyl ädikli... Olar gyňyrçaklaryny, towlamlaryny, çarhlaryny... biri-birine geçirişdirip, soňuna çenli sazlaşýançalar şonuň bilen ýyllar geçer. Biri-birine gaýym oturansoňlaram hiç aýrylaşmazlar.

Ýöne bir mesele: ony çylşyrymly edýän çuňňur we nebis içki dünýäsimikä (beýle bolsa oňa ýekelikde-de erbet däl) ýa-da içindäki patologik bulam-bujurlyklar, şahsyýetiniň gapma-garşylygy, kaprizli naturasy, kellesindaki tarakanlar... ýaly durdomlarmyka?

Beýle bolsa tem boli ýeke gezeni hemmä gowy.

Taýyny tapasy ýok-la bir tonna tüwiniň içinden...
avatar
0
17 Анонимно • 22:36, 23.12.2023
Janjennet, señem gyzyl ädijegiñ barmy?
avatar
1
18 Okayjy_ • 09:48, 25.12.2023
Birinji suraty göremde, Gurbannazar Ezizowyñ "Entek sadalykdan zyýan çeken ýok..." diýen setirleri ýadyma düşdi. Ikinjide bolsa köp zat isläp azdan galana meñzeýä
avatar
0
19 Мango • 09:53, 25.12.2023
ýokla, o gyzyl ädiklije gyzymyz öýe gelse "entegem ýaryňy tapaňokmy?" diýip iňirdeýäler. köçä çyksa-da özüne taý tapanok. iň bärden ýöräp barýanyň bir ýerjagaz-a meňzeýänem eken welin... onda-da adam pahyr özüne has laýygyny gözleýä-dä...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202