MENU

15:01
Biz
Biz

Biz gideris ýagty geljege sary
Ýolumyza çyrag bolar kitaplar.
Ejislesek söýget borus bir-bire
Durmuş bize sapak berer hem taplar.

Biraz gaýzykmasa ýüzümiz ýele
Toprak bilen badaşmasa bagrymyz,
Juda kyn bor adam bolmak,ýalkanmak
Maksadyña düşünmeseñ durmuşda
Gülsüz gurap galar köñül baýrymyz.

Kä ýol ýagty görnüp çekýär özüne,
Beýle ýollar tümlik bilen gutarýar.
Kä ýol kyn görünip batyrýar oýa
Ahyrynda weli bagta atarýar.

Nirde,nä ýagdaýda,näme etseñem,
Garşylygna garaşmasañ sogaplañ.
Özüñi öwrenip başarsañ kemsiz
Peýda bolar garaşmadyk jogaplañ.

2017 ýyl
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 07:00, 30.11.2022
Jemlemäni gowy gördüm.
ýekeje bellik.

Biraz gaýzykmasa ýüzümiz ýele 
Toprak bilen badaşmasa bagrymyz, 
Juda kyn bor adam bolmak, ýalkanmak

Ýalkanmak. Toprak bilen bagrymyzyň badaşmagy, ýüzümiziň ýele gaýzykmasy (kynçylyklar) bilen ýalkanmagyň nä baglanyşygy bar?
Sogaplar, ýagşy amallar ýalkanylmaga sebäp bolup biler welin….
avatar
1
2 Pero • 08:25, 30.11.2022
Mango, adam bolmagy Hudaý tarapyn ýalkanmak diýip düşünýän. Adam isländen soñam,yhlas edenden soñam Alla islemese adam bolup bilmez diýip pikir edýän. Bu ýagdaý ýaryşy ýada salýar,iñ gowy netijeler bilen bäsleşigiñ jemlemesinde eminiñ sözüne garaşarsyñ-a...
avatar

uCoz