MENU

00:46
Buýra saçly ýar

BUÝRA SAÇLY ÝAR

Bulutlar deý joşa gelse,
Ýüregimde diňýän bir sen.
Ykbalyma şat heň bolup,
Gözlerime siňýän bir sen.
Unudyp dünýäň derdini,
Wysala diýip eňýän bir sen,
Sen salgym däl, iki jahan,
Behişdim sen dünýäm bir sen.
Buýra saçly ýar!

Gara saçlaň buýramy ýa,
Ykbalymyň deregine.
Gara teniň garşy çykmyş,
Reňki bilen ýüregiňe.
Gabaklaňda enaýy hal,
Öwrülipdir geregime.
Boýnuňda yşk serhoş eýlär,
Milýon gülüň geregi ne.
Kalbym kalbyňa sygypdyr,
Ilişip yşk höregiňe.
Buýra saçly ýar!

Gulagymda ýaňlanyp dur,
Heh, heh, he-li aýnamalaň.
Gownüm görüp ony ýykman,
Dözmeýänje oýnamalaň.
Öwezine hiç zat ýetmez,
Aladalaň, oýlamalaň.
Bir hoş söze monça bolup,
Sähel zady toýlamalaň.
Asla ýadymdan çykmaz, wah,
Özge zady oýlamanam.
Buýra saçly ýar!

Pysyrdylar ýatladyp dur,
Eşret elwan köýnegiňi.
Kä hakykat habar berýär,
Umutlaryň köýmegini.
Men bir eştdim päk kalbynyň,
"Bolýar, razy!" diýmegini.
Ýansyn dünýe, a men ony
Unutmaryn duýmagymy.
Ters gelsin goý müňläp täleý,
Bes etmerin söýmegimi.
Buýra saçly ýar!

© Ahmet ARAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.6/5
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Seýrаn • 09:00, 26.06.2024
Ahmet ýazyp bilýän oglana meňzeýär, iň bärkisi şu goşga seretsek. Täzelik gerek, beýle uzak ýazsaň ýadatmaly däl. Ýar waspyny edip otursaňam bolar welin, okyjylar bize näme diýer, yzyňa düşüri äkitmeli olary.

Ykbalyň deregine gara saçyň buýralygy çolpa ilýär. Şolar ýaly delje setirler goşgyň başyny dik tutýar.
avatar
0
2 sussupessimist • 11:44, 26.06.2024
hemem klişe öwrülen kapyýalardan, mümkin boldugyça, gaça durmaly: deregine-ýüregine, aýnamalaň-oýnamalaň... garaz, bir oýnam sözüň daşynda gezip ýörmeli däl.
Howwa, ozan pederlerimiziň "ýazyp biljek oglan bögünden hemem ilkinji bogundan belli" diýşi ýaly, gözlegde gezse, şahyr ýetişer (ýa bu eýýäm pensionerdänim, biz habarsyzmykak?:)
avatar
0
3 Мango • 11:55, 26.06.2024
...
Gara teniň garşy çykmyş,
Reňki bilen ýüregiňe.
...
Buýra saçly ýar!

meniňem gara tenli, buýra saçly Efiop gyzlaryna simpatiýam bar....

REKLAMA 
Garalary näme üçindir halaýan, şol sebäpden garalar üns merkezimde.... DOWAMY
avatar
0
4 paragraph • 18:47, 27.06.2024
Pensionerlerden kitapcy-da 77 goshgusy bolmaly yalnyshmasam
avatar

uCoz