Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:20
Efiopiýa gidýäs!

EFIOPIÝA GIDÝÄS!


Garalary näme üçindir halaýan, şol sebäpden garalar üns merkezimde. Siziň bilen gara ýurtlaryň biri – Efiopiýa gezelençe gitmekçi.


Bu gara gyzlaryň boýnundaky medalýonyny biziň garrylarymyz dakynardy. Garrylarymyz Eýran kümüş manatlaryny ýa-da Nikolaýyň kümüş manatlaryny dakynardylar. Kä bir garrylarymyz bolsa bu gyzlaryňky ýaly, sandyklarynyň açarlaryny saçbagylaryna dakyp gezerdiler. Çepdäki gyzyň döşünde gapjyga meňzeş jübi bar. Garry mamalarymyz bolsa puljagazlaryny haltajykda saklap, ony hem boýnundan köýneginiň içinden sallardylar. Gyzlaryň boýnunda hristianlygyň simwoly bar. Bu ýerlerik hristianlygy getiren missionerler, adama mynasyp ýaşaýyş şertlerinem getrirerler diýen umydym bar.


Köne welsepidiň tigirlerini sim bilen tigirlän wagtyňyz ýadyňyzdamy? Siz bilmeýän bolsaňyz kakaňyzdan sorap görüň. Efiopiýaly çagalaryň bu güýmenjesi olara tanyşdyr. Bu «sportuň» görnüşleri kän. Mysal üçin maşynyň tekerini togalamak hem gyzykly.


Bu-da olaryň jygyldyk bazary.


Turbadan ýasalan kürüşgeler. Bu kürüşgeleri nädip, nämede ulanýalar habarym ýok.


Ýaşlar – Efiopiýaň ýagty geljegidir.


Şol ýagty geljege garaşyp garrap giden ozlaky ýaşyň häzirki ýaşulyň biri.


Aeroportda düşürilen surat. Suratdaky adam Döwlet ýolbaşçysyna meňzänok. Ýalňyşmasam ol Isa pygamber bolmaly. Eger, suratdaky Isa pygamber bolsa, onda bir gürrüň ýadyma düşdi.
SSSR döwri, 15 respublikaň ähli ýerinde Babamyz Leniniň suratlary bolardy. Esasanam aeroportlarda. Onsaň Almata barsaň Lenin gazaksypatmyş. Tbilisä barsaň Lenin burunlakmyş, Taşkente barsaň Leniniň kellesi togalak özbek kellemiş, Ýerewana barsaň Lenin ermenä meňzeýämiş, Aşgabada gelseň Lenin türkmene meňzeşmiş... Eger, suratdaky Iusus bolsa, onda ol Efiopiýaly Iusus.



Sosial reklamalar. Temasy Watanymyzy hapalamalyň! (ozalky jygyllykda adamlaryň gum içine gidip-gelişleri ýadyma düşüp gitdi. Bu mesele entek Efiopiýada çözülmändir. Hindistanda-da bar bolmaly bu mesele).


Efiopiýa gezelenjimizi bir efiop gözeliniň suraty bilen tamamlap, türkmen folkloryndan mysal getirmek isleýän:

Gara bilen sarydan - jennetiň Hüýri dogar.
Sary bilen sarydan - bir ap-ak Peri dogar.
Gara bilen garadan - gözümiň Nury dogar.

Bu gara bilen garadan dogan, gözümiziň Nurlarynyň hem adamdygyny unutmalyň.
Şeýle hem yslam taryhynda musulmanlaryň ilkinji hijret eden ýurdunyň Efiopiýadygyny hem unutmalyň.

Artemiý Lebedewiň syýahatyny (2011) täzeden gürrüň beren: © MANGO

Çeşme: tema.ru
Suratlar: Artemiý Lebedewiňki, iň soňky surat internetden.
Bölümler: Ýol ýazgylary | Görülen: 224 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
1
1 Mekan • 23:39, 06.02.2023
Ýene taryhdan:

Efiopiýa öñler Habaşystan diýilýän eken.

Ilkinji azançy Bilal Habaşyñ (r.a) asly hem şol ýerden bolmaly.
avatar
1
2 Medicall • 01:27, 07.02.2023
"iki garadan tomuzagyñ piri öner, Bir ak bilen garadan Allanyñ Nury öner.." diyip bilýädim.
avatar
1
3 Medicall • 01:33, 07.02.2023
Hebeşmi - Habaş?
avatar
1
4 Medicall • 01:35, 07.02.2023
Diñe azaba ýaşaýan halk, Alla rehim etsin
avatar
1
5 Mekan • 21:38, 07.02.2023
Türkçe hebeş, türkmençe habaş
avatar
1
6 Мango • 22:55, 07.02.2023
habeş
avatar
0
7 Bagabat • 07:58, 08.02.2023
HEBEŞI [heveşi], at, kön.s. Ýerligi Hebeşistandan
bolan garaýagyz adam. Hebeşi sypatynda özüni gul edip,
bende bazarynda ... müň tylla berip, Garyby satyn aldy
(″Şasenem – Garyp″).

Çeşmesi: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A–Ž. – A.: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy. 2016. 551 sah.


Hebeş ]حبش[ ýer-ýurt ady, Efiopiýa, Hebeşistan: Hindi-le Hebeş, Rum-u Hata husnuň ilinde (KB, 213-1). Hind-u Hebeşe gatdy, ýüzüň Türk-u Fereňi (KB, 85-16).

Çeşmesi: Gadymy türkmen sözlügi. Aşgabat, 2007. 340 sah.
avatar
1
8 Mekan • 22:38, 08.02.2023
Сдаюсь
avatar
1
9 Mekan • 22:53, 08.02.2023
Bir sapar o kenardadym - kiçijekdim. Atam azançydy. Menem atam bilen mesjide (metjide) gidýädim. Bir juda ýumşak häsiýetli ýaşulam barýardy, özem goşgam ýazýady. Şol bir gün maña ullakan, mähirli ýüzüne gelşip duran ýylgyryş bilen "Habaşy:ñ agtygy" diýdi. Menem düşünmedim. Olam ilkä düşünmedigime begenýän ýaly etdi, soñam süýjülik bilen Bilal hakda aýdyp berdi. Şonda gulagymda galypdyr Habaşy sözi.

Arapçasyndan okasañ habeş bolýan eken. Bizde-de adatça birinji bogny nähili aýdylsa, soñkularam şeýle aýdylaýmasy bar-da.
avatar
0
10 Bagabat • 08:34, 09.02.2023
Türkmen diline özge dillerden geçip, soňra "özümiziňkileşen" alynma sözler juda kän. Olaryň köpüsiniňem ömri ýüz-ä däl müňýyllyklara barabar. Mysal:
Ýasmansalyk obasy öň iki oba bolan: 1.Ýasman; 2.Salyk.
"Ýasman" sözüniň gelip çykyşy: gadymy pars, pehlewi dilinde, semen (abhar, sarygül) gülüne “ýasemen” diýilýär. Bu obanyň ady baryp-ha miladydan öňki 4-5 asyrlarda Ahemeniler döwleti döwründe-de agzalýan ekeni. Soňra Sasany şalygynyň ýazgylarynda-da bu obaň ady bar ekeni.
Ýa-da, arap dilinde "me" goşulmasy ýeri, ýurdy, degişliligi aňladýar.
Şoň üçinem türkmen diline arap dilinden geçen käbir sözler hakda:
Metjit (mesjit) - me - ýer, sežd - mynajat, tagzym, doga-dileg, "sežde edilýän ýer";
Medrese - me - ýer, ders - sapak, öwretmek, "öwredilýän (ders berilýän) ýer";
Mekdep - me - ýer, kitap - ýazylan ýazgy, ýagny "ýazgy (kitap) okalýan ýer".
Aslynda şu kitap sözi meselesinde wikipediýa akga-da, köp alymlaram bu sözüň arap sözüdigini nygtaýarlar. Ýöne has irki çeşmelerde bu sözüň arap diline gadymy pars, pehlewi dilinden geçendigi agzalýar. Ki - ýazmak, kän, dab - ýazgy. Bu gipotezaň dogrudygyny "dab" diýen gadymy sözüniň başga-da kän sözleri emele getirmek üçin ulanylandygy delillendirýär. Mysal üçin: "diwan" - "dab - ýazgy, an - ýer, ýazgy ýazylýan ýer" ýa-da "dabir (mürze, hatdat, kätip) - ýazgyçy".
Gadymy asyl türk(men) diline bolsa käbir kadadan çykmalary nazara almasaň, aglaba köp sözlerde bogunlarda çekimlileriň sazlaşygy, dürslügi mahsus bolupdyr. Mysal üçin, birinji bogunda ýogyn çekimli gelse, ikinji bogunda-da ýogyn çekimliň gelmegi, birinji bogunda dodak çekimli gelse ikinji bogunda-da dodak çekimliň gelmegi we ş.m.
avatar
0
11 sussupessimist • 21:37, 14.02.2024
Üçünji suratda hebeşi çagasynyň tigirläp barýany - Orazmyrat Myradyň "Ilkinji ulagy" eken...

Kim bilýär, ençeme ýyl geçer, belki, şol tekeri tigirläp barýan çagajyk şahyr bolup ýetişer, beýnisiniň ýülügi çogup, sakgal bolup ýüzüne çykar, şol çalymtyk sakgalynam çilim tüssesine garyp, goşgyň arasynda şu suratda oýnap ýörşüni ýatlar-da, "ilkinji ulagy" hakda gelen pikirlerini ýüzugruna ýazga geçirer. Ol ýazany" ትግርኛ.pylan.et diýen ýaly saýtda paýlaşylar.
Onsoň ol ýer üçin ekzotik miwäň adyny lakam edinen adam - Paýendeki ýa Tarlawuk diýen ýaly biri - saýtda "Türkmenistana gidýäs" diýen ýaly fotoreportaž ýerleşdirer. Onsoň ol ýerde-de başga biri Orazmyradyň çaga wagty obasynda tekeri tigirläp ylgap barşynyň suratyny görüp, şeýle oýlara batsa....
avatar
0
12 Мango • 22:42, 14.02.2024
o teker tigirleýän çagalaň suratyny göremde meňem Orazmyrat dädäň "ilkinji ulagy" ýadyma düşdi. ýöne daşyma çykarman oňdum.

sussupes kaka, o "türkmenistana gidýäs" pikiriňem kem görmedim.
gidip bilerin (wize alyp bilsem) :-)
avatar
0
13 Мango • 22:48, 14.02.2024
bizden soňkulara ýadygär bolar ýaly REKLAMA etmeli bolup ýaty.

Orazmyrat Myradow. "Meniň ilkinji ulagym"
avatar

Старая форма входа
Total users: 203