MENU

15:17
Durmuşy hekaýatlar
Öňem bir aýalyň adamsy orak orup gelipdir-de,minnetli gürläpdir:
-Aý,keýwany han,äriň keşigi kändirem,kyndyram.Onuň bilen harçaňlaşman,ugruňajyk geşişiňe,getirenjesini bişir-düşür edibirler-diýipdirler.
Aýaly oňa ýeň bermändir:
-Ýa,heý,kakasy,siziň işiňiziň näme keşigi bar?Hysyrdynyň ulusy biziň başymyzda ahyryn.
Ine,seret,kendirigimi ýazyp,un eläp otyryn.Seň göwnüňe ol ýeňil ýalydyram.Ýöne,buiň hubbatly iş,kakasy.Ynanmasaň,elede göräý.
-Haý,keýwany han,göräýmedikmi onyňam!-diýen boýnuboş görgüli dillenip-dillenmänkä,aýupisint aýaly unly elegiň aşagyny öllägetdin,adamsyna uzadýar.Emel edilenden habarsyz parlaňküş pahyr näçe ýaýkanjyrasa-da,eger-eger çyg çekip gözegleri bitiberen elek pylan zeýilli un geçiräýse nädersiň.
-Näçe elesemem,keýwany han,bolonog-ow,biýä-diýip,adamsy işi oňarmaýandygyny boýun alypdyr.
-Ömrylla-da bolmaz,kakasy.Çünki sürüm sürmek-gatnamak,orak ormak-oýnamak,desse çekmek-baryp gelmek,harman döwmek-at münmekdir.Haý-haý,çaýkanyp un elemek-diýip,aýaly ýylgyraýypdyr.

Edebiýat we sungat gazyeti
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 81 | Добавил: Medine | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz