MENU

13:11
Erkin däl erkim

Ganatym gyryldy, erkin däl erkim.
Remezan Mämetgurbanow

Erkin däl erkim,
Ruhum kapasda.
Men bagty gözleýän,
Döwük kompasda.
Iññe deşiginden bakýaryn dünýä,
Gözel görünýä.
Ýüregimiñ ýüregi bar.
Dört diwar,
Dert azar,
Derdi zar kalbym.
Garypja külbämde, gülleýän köñlüm.
Penjireden nurly Güneş ýylgyryp,
Ýygrylyp,
Ýyllaryñ ýyndamlygynda,
Şatlyk nämedigni unutdy beýnim.
Senem hakydamdan günlerde bir gün,
Öçersiñ,
Leýlim!
Her gün unutmaga,
Artýarla meýlim.
Bu gün, gaýdy gitdi elde barymyz.
Bagymyz barlyksyz,
Bermez hasyly.
Has uly,
Arzuwlañ tutdum ýasyny.
Ýarsyny-da rowa görmedi ykbal.
Ykýan,
Armanlarda elde taýagym,
Soñky umydymyñ berdim talagyn.
Bimahal bedende üzüldi ýüpler,
Barlygym,
Birmahal unutdy köpler.
(Wah, köpekler...)
Ýalan ýok,
Dowam etdirmekden ýakyn,
Dolanmak...

© Süleýman TEKÄÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 154 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Hyýalbent • 13:13, 17.07.2024
Ekslucive
avatar
0
2 Seýrаn • 09:22, 21.07.2024
Süleýmanam bir ýola düşdi, sagaman alyp çykmak özüňe galdy, jylawyňy gowşatma, üstünlik!
avatar
0
3 Hyýalbent • 11:29, 21.07.2024
Seýran aga ýagşy pikirleriñiz üçin minnetdar! Döredijiligimde azajygam bolsa öñe gidişlik eden bolsam munda siziñ paýyñyz hemde saýtdakylaryñ hyzmaty uludyr. Hemmäñize õz adymdan minnetdarlyk bildirýän! Nesipbolsa täze ýazyljak eserlerimdede goldap durmagñyzy, belliklerñizi maslahatlarňyzy teswirlere ýazyp durmagňyzy haýyş edýän!
avatar
0
4 Medicall • 12:56, 21.07.2024
- şi: Exclusive
boljak bolsa şu:

Erkin erkim - - ine şuuu
bolanok!!

Şu ýerden şunuñ: Exclusive Nurdan Söz - teksti bilen tanyşyp bilersiñiz.
avatar
0
5 Hyýalbent • 19:20, 21.07.2024
4 e
Bagyşlarsyñyz men ýalñyş düşünen ekenim, ilkinji gezek saýtda ýaýynlanmalymyka diýip düşünipdirin. Ýatladanñyza minnetdar!
avatar

uCoz