MENU

20:21
Galam
GALAM

Galam ussasy täze ýasan galamyny guta salmazdan öňinçä, ony
bir gyrada goýupdyr.
— Seni ýola salmazdan öňürti, bilmegiň hökman bolan bäş sany
zady men saňa aýtmalydyryn — diýip, ol galama ýüzlenipdir. — Şolary
sen hemişe ýadyňda sakla, hergiz unutma. Şonda sen iň gowy
galamlaryň biri bolmagy başararsyň.Birinji: Sen ençeme beýik işleri gaýyrmagy başararsyň. Ýöne
diňe Kimdir birine seni Öz elinde saklamaga rugsat eden ýagdaýyňda
şeýle bolar.
Ikinji: Sen wagtal-wagtal, agyryly hem bolsa, özüňi
ýiteltmeklerine sabyr etmeli bolarsyň. Sebäbi bu seniň iň bir gowy
galam bolmagyň üçin hökmandyr.
Üçünji: Sen öz goýberen ýalňyşlyklaryňy düzetmäge ukyply
bolarsyň.
Dördünji: Seniň iň bir möhüm bölegiň elmydama içiňde bolar.
Bäşinji: Seni nämäniň ýüzünden ýöretselerem, sen hemişe öz
yzyňy goýmalysyň. Ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, sen
ýazmagyňy dowam etmelisiň.

Dürli çeşmelerden toplap, terjime edip taýýarlan:

© Orazmyrat MYRADOW
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 161 | Добавил: Medicall | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:12, 04.10.2023
Ymam Gazaliň "syýasyz ýazylan ýazgysy" https://edebiyat.clan.su/news/syyasyz_yazylan_yazgy/2022-12-28-344 ýada düşüp gitdi.

Birinji: Sen ençeme beýik işleri gaýyrmagy başararsyň. Ýöne diňe Kimdir birine seni Öz elinde saklamaga rugsat eden ýagdaýyňda şeýle bolar.
(galam ony elinde tutana nädip rugsat berip-bermän biler? erk galamda däl bolaýmasa...)

Ikinji: Sen wagtal-wagtal, agyryly hem bolsa, özüňi
ýiteltmeklerine sabyr etmeli bolarsyň.
(OK. bu gowy maslahat. ajy, agyryly hem bolsa sabyrly bolmak gowy...)

Üçünji: Sen öz goýberen ýalňyşlyklaryňy düzetmäge ukyply bolarsyň.
(hmmm... bolup biler, ýöne pozgujyň kömegi bilen.... onam ýalňyş göýberen islese...)

Dördünji: Seniň iň bir möhüm bölegiň elmydama içiňde bolar.
(berekella. iň möhümimiz içimizde...)

Bäşinji: Seni nämäniň ýüzünden ýöretselerem, sen hemişe öz yzyňy goýmalysyň. Ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, sen ýazmagyňy dowam etmelisiň.
(galam ýazar wezipesini ýerine ýetirip... esasy ýazylana we ýazana bakmaly bolýamasa...)
avatar

uCoz