MENU

12:34
Gorky

GORKY

Synagda utulan guluň,
Gözýaşyn ýalaýar aýaz.
Saňa barýan tämiz ýoly
Hapalap, kirledip baraý.

Köňül heňlän,
hem yslanan,
Ýüzüm ýok, täze almasam.
Bu bolşuma gidip bilmen,
Bu ýalançyda galmasam.

Ne Kitabyňy okaýan,
Ne ýat tutýan dogalarňy.
Haýran galýan, heýem ynsan
Seniň togsan dokuz adyň,
Ýatdan bilmän,
doglarmy?!

Gorkýan Senden,
Ne namazymy okaýan,
Gorkýan Senden,
Ne parzymy berjaý edýän,
Gorkýan Senden,
Ne dinimi ýat edýän,
Gorkýan Senden,
Ne ilimi şat edýän,
Gorkýan Senden,
Gaýta çinimi mat edýän...

Uklap galan wyždanym,
Oýansana, oýan ahyr.
Amanat gara janym,
Ot alsana, ýan ahyr.
Günälerim boýnuma
Oralsana, bog ahyr.
Hatalaryň matamy,
Bu ýaşymda çoh ahyr.

Kalby kiparlan guluň,
Hak ýoluna intizar.
Ýaňlyşlarma büdüräp,
Ýalançyda enteýän...

Ýürek hapa,
Ýuwup bilsem...
Ýüzüm ýok, täze almasam.
Bu bolşuma gidip bilmen,
Bu ýalançyda galmasam...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 136 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Mekan2 • 14:54, 19.03.2024
opşom "ölesim gelenok" diýip göwwerd-dä

Bu bolşuma gidip bilmen,

diýen bolup gep owdanlaman.

degişýändirin ha-aw, gowy-gowy. satyn alsaň ýüz bardyr. ýüzden, oňuşsa bolýa.
avatar
0
2 Мango • 16:09, 19.03.2024
Ne Kitabyňy okaýan,
Ne ýat tutýan dogalarňy...

doga diýeňde aýat diýjek bolduňmykaň?
sewäwi Oňa dogalarňy diýip bolanok, doga biziňki, bizde emele gelýän zat...
ýat tutmak.... buýem doga üçin geçerli däl, dogany-islegi ýat tutup aýtsak şablon ýalyrak bolýar, umuman oňarsaň ýatdan däl-de ýürekden doga etmeli.
aýatlary - ýat tutup bolar.

ýöne, goşgyň ýürekden çykypdyr... şoňçürip ýyzzyl.
avatar
0
3 sussupessimist • 18:51, 19.03.2024
"Ne Kitabyňy okaýan,
Ne ýat tutýan dogalarňy..."

Öňem şuňa meňzeş pikirleri yazan yalymydy? Öz-özüni gaytalap ugradymy awtor ya göwnümemi?
avatar
1
4 sussupessimist • 19:07, 19.03.2024
"Ak reňkli monjugy,
SENIŇ adyňy gaýtalap
Sanamok..." diyya şu goşguda

"Saba-säherleň aýdymyn,
Perişdeleriň aýdanyn
Bilsemem, bilmän aýňalyp
Tagatsyz mendim, Muhammet..." diyya bu goşguda

"A SEN bolsa sygynmaga,
Zaman berdiň bäş wagtyna.
Çakylygyňa barmadym.
Kitap bar diýdiň.
Ýüregňe her sözüni,
Her labzyny gudrat saý diýseňem,
Men nätdim?!..." bu yene bir goşgydan.

Temalaryňy tazelemeseň-ä bolanok, Gurbanmyrat Sary. Doga-ybadatam ya-ha öwren, ya-da aklanjak bolmagyňy bes et!
avatar

uCoz