22:12 Her gün çagyrýaň... | |
HER GÜN ÇAGYRÝAŇ... Her gün çagyrýaň, Baramok... Saba-säher asman bilen zeminiň tapyşýan ýerinde Duramok. Perişdeleriň okaýan doga-dileglerini Eşdemok... Ukumdan aýňalyp, Mukaddes kitabyňy elime alamok... Dyza çöküp, togap edip, Aýak üstüne galamok... Ak reňkli monjugy, SENIŇ adyňy gaýtalap Sanamok... Jan şirinmiş, Bolşum gursun, Bu bolşuma Wyždanymy gynamok. Bu ýagdaýym bir gezek däl. Indi ýigrim alty ýyllap, Dergähiňde özüm üçin Ýer barlygyny duýamok... Ýöne bir zat anyk ahyr Men musulman şonuň üçin ÖZÜŇDEN özgesine uýamok... Gurbanmyrat SARYÝEW 16.01.2024 ý. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |