MENU

14:57
Halasgär
HALASGÄR

Men — daglaryň laçyny,
Bilýänsiň,
Gaýalaryň depesinde gaýýanym.
Sen derede gezip ýören körkeýp,
Ýok, bagyşla,
Guş-keýik gözleýän mergen.

Men özümi senden görgür,
Sen özüňi menden görgür saýýansyň,
Saýýatsyň,
Diýmek, biziň ikimizem haýasyz.....

Ýok, ýok, lukman däl biz,
Tebibem däl, hekimem,
Ot-çöp bilen bejeremzok ýaramyz,
Özümizi özge üçin undardan
Akylly däl biz,
Akmagam däl biz.

Seň-ä herzeýilli elleriň göni,
Meniň hatda, seret, çüňkümem egri.
Görgür bolsaň, görgül, şondan
Gör!
Men haýal uçýan.

Ýok! Ýok!
Biziň dagda radar tutýan ýok, Mergen!
Hudaý tutýan bar.

Synla,
Meniň ganatlarym ýaradar.
Ho-ol, gaýanyň ýüzündäki mumýany,
Kakyp berseň, byradar,
Ikimiziň aramyzda parh bolar.
Onsoň...
Onsoň,
Seň eldeki laçynyň hem bolaýmagy ähtimal.

Yo-o-ok-la, ejizländir öýtme!
Jinnek ýaly tamakinlik ýok mende.
Wah-e-eý!!!
Garaşmanmydyň, sen bende?!

Näme,
Ganatlarym döwülendir öýtdüňmi?!

Ýok, beýle däl,
Seni güýmäp ýoluňdan, alyp galmaly boldy,
Ýagdaý şeýle, bagyşla!

Ýoluňdan sowulyp, nepiňni üzüp,
Maňa tarap gaýdanyňa,
Mumýa atyp, keýikleri ürküzip,
Öz barlygyňy aýdanyňa,
Olary ölümden galdyranyňa,
Taňryýalkasyn, Mergen!

09-10. noýabr. 2008ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Lacrymosa • 20:46, 03.01.2024
ine, bärde-de bir mergen bar
awlar meňzeş bolmasa-da mergenler meňzeş bolýarlar öýdýän
avatar
0
2 Mekan • 21:23, 03.01.2024
Bäh, laçyn bilbil ýaly saýraýar. Mergenleñ aldanjagy görnüp dur.
avatar
0
3 garagar • 00:58, 04.01.2024
Laçyn, gowy goşgy ekeni!
avatar

uCoz