MENU

00:33
Içki dünýäm
IÇKI DÜNÝÄM

Öz içki dünýämi synladym,
görsem,
Paşmadyk arzuwlañ eli hasaly,
Pikirlem gyrlyşýar bir-biri bilen,
Köñülim tapman ýör gözlän wysalyn.

Gursagymda dag bar eken ullakan,
Bag bar eken şahalary döwülen,
Daş görnüşi göýä ýürege meñzeş,
Et bar eken içi oýuk, köwülen.

Hyýallarym kelep eken durşuna,
Akmaklygam, gödekligem kän eken,
Umytlarmy howry bilen ýyladyp,
Şem ýanyp dur, çogly güneş däl eken.

Sussypeslik, hemem juda tukatlyk,
Diñe maña baglan ýaly ömürin,
Asyl görsem, ynamdan gorkujyna,
Bir künjekde bukulypdyr göwünim...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:44, 24.06.2023
Baýram kaka, bu ne beýle sussypesizm?
böýtme-dä...
***
Köñülim tapman ýör gözlän wysalyn.

pikir bulaşyklygy bar ýaly.
wysal – gowuşmak, duşuşmak... manylary bolmaly.
köňlüň wysaly gözlemeli däl-de gozleýän zadyna gowuşmaly (wysalyna ýetmeli).
hany täzeden bir gara şö ýerine.

onnoňam, aktiw bol, hereketli bol... passiwligi kow.

***
ýa magtymguly boljak bolýaňmy: "Gaflat ukusynda ýatyp, seýl etmedim bossanyma, Bu gün nazar salsam ol ýan, çiçeklerim solupdyr" - diýip.

reklama: ÝESIR DÜŞEN BAGBAN, SOLAN GÜLLER...
https://edebiyat.clan.su/news....1-23-36
avatar

uCoz