MENU

10:23
Sen maña gül iberipsiñ
SEN MAŇA GÜL IBERIPSIŇ

Sen maňa gül iberipsiň,
O gül kökün urar maňa.
Sen maňa gül iberipsiň,
O gül ýaly oralmaga, saralmaga,
Gurşamaga,
Gözýaşlarmy seň ýüzüňe
çaga ýaly çyrşamaga...

Sen maňa gül iberipsiň,
Ganatly gül, reňki dürli.
Sen maňa gül iberipsiň,
Bildirip dur meňkidigi...

Sen maňa gül iberipsiň,
Köki gökde, daly — damar,
Hut eziz ol, haly — habar.
Barmaklarmyň arasynda
akyp ýatan ýüpek ýaly,
Säher kölüň üstün basan
dumandan bir gapak ýaly,
Sen maňa gül iberipsiň —
gyzyllary şapak ýaly.

Sen maňa gül iberipsiň —
reňkinden doýup bolmaýar,
Gapdalda goýup bolmaýar...
Käsämdäki çaýyň reňki
ýaňaklarynda oýnaýar...
Obamyň läle-reýhanyn ýatladyp,
gül iberipsiň!

Sowuk ülkede meýhanaň
gijelerine güýmenip
Sen maňa gül iberipsiň...
Sen maňa gül iberipsiň:
Iberäýmänsiň aýralyk...

Görmesem, setan-seýranda,
Derwüş kädiň keşdeleri —
Bar meniň hem çal öýmämde...

Ah, şalyma şemal çolan,
derdiň bilen öwrülipsiň.
Düýşümdemi, huşumdamy,
Sen maňa gül iberipsiň...

Gijäniň seçeklerine
basan halym, belki-de, ol.
Ýüregiňi diňe maňa
açan halyň, belki-de, ol.

Ýa, belki, gowakda galan
gussalaryň, teňlenipsiň...
Ýa ölümden eýmenipsiň,
Sen maňa gül iberipsiň?!
Aldym!

Ukyň arasynda, çatrygynda, çäresinde,
Janyň jan bolýan çagtynda,
Aňyň äm bolýan çagtynda...
Reňkin dökýän älemgoşar
Sähel wagt küýlenipsiň!
Ýyllardyr garaşyp ýördüm,
Sen maňa gül iberipsiň!

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Medicall | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Pero • 11:12, 28.11.2022
Bu gün doglan günüñ!
Doglan günüñ bilen! Saglykly,owadan,hyjywly,
döredijilikli,gyzykly bir ýol
dileýän. Goý,ol ýolda büdremän,
ýykylman-sürçmän uzak-uzakdaky
hemem yene-de uzakdaky menzile ýetmegiñi dileýän! Ämin
avatar
0
2 Мango • 11:13, 28.11.2022
Sen maňa gül iberipsiň?!
Aldym!

şu ýerin-ä has haladym.
gysga we düşnükli :-)

doglan güni eken Oguljennet hanymyň.
gutlaýan.
jany sag bolsun.
döredijilik üstünliklerini dileýän.
avatar
0
3 Medicall • 11:19, 28.11.2022
Uzak, saglykly, owadan ýaşañ, Doglan günüñiz gutly bolsun. Döredijiligiñiz güllesin, ugradylan, alynan gülem hiç solmasyn!
avatar

uCoz