MENU

08:04
Melikäniñ aýdymy
Melikäniñ aýdymy

Melikedir meñ adym
Maşgalam göwün şadym.
Şu Watanyñ goýnunda
Sumbar derýañ boýunda
Bir ajaýyp obada
Ýaşaýaryn abadan.

Bolsam-da men
Körpeje
Ähli zatda
Bilgirje.

Sanlara we harplara
Dürli-dürli reñklere
Belet boldum ýadaman
Gitmek üçin mekdebe.

Enem diýýär:"Okasañ,
Adam borsuñ,jan balam!"
"Zähmet çekip bekeseñ"-
Atam diýýär:"Zor balam"

Güýçli birini ýeñer
Okan ýeñer müñüni.
Öwrenmekde,bilmekde
Asla goýman kemini.

Howlymyzda bar biziñ
Pişik,güjük,mal-gara.
Şeýdip öwrenýän menem
Haýwanlary söýmegi.

Eger daşky gurşawy
Goramasak eger-de
Watanymyz öýkeläp
Galyandyr agyr derde.

Dagy,derýasy,düzi
Garagum çöli bilen
Söýýärin men Watanmy
Tikeni,güli bilen.

Şeýle gözel Watanda
Bagtly körpäñ biri men.
Watanym,jan Watanym
Goşa didäm nury sen!
Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz