MENU

11:59
Men pikir edýärdim...
MEN PIKIR EDÝÄRDIM...

Men pikir edýärdim,
"Garaşýandyrlar",
Çal sazyňy, "Göwün" atly tüýdügim...
...Meň goşgy ýazmagym ýakmak däl ahyr!
Meň goşgy ýazmagym "Ýanýan!" diýdigim.

Meň goşgy ýazmagym,
otly ýüregi
alaç tapman, ele alyp ýelpemek...
Meň goşgy ýazmagym aýypmyka ýa?
Aýypmyka çynyň bilen geplemek?!

Asyl-ha şo pikir nirden ýolukdy,
Öz-özüňden tosladyňmy ýa-da, gyz?!
...Men pikir edýärdim,
"Garaşýarkalar,
Ýazman ýörün,
ýanman ýörün, wadaryg!"

Men pikir edýärdim...

© Aýgül BAÝADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 182 | Добавил: Medicall | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.8/10
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 18:58, 11.06.2024
Asyl-ha şo pikir nirden ýolukdy,
Öz-özüňden tosladyňmy ýa-da, gyz?!

(agyy... "gyz, erkek" diýip aýrymçylyk etmäňdä gyyyy... erkekler kemsidilen ýaly-da...)

...Men pikir edýärdim,
"Garaşýarkalar,
Ýazman ýörün,
ýanman ýörün, wadaryg!"

(ýene-de REKLAMA etmeli boldy: ÝANYP BILMEZLIK)
avatar
0
2 Mekan • 21:35, 11.06.2024
Özüne ýüzlenýä, şoñçüýn "gyyy" diýýäni.
avatar

uCoz