MENU

08:56
Noýabryñ ahyry
NOÝABYRYŇ AHYRY

Ýagyş kimin ýaprak ýagýar daşarda,
Gynanýanmy,begenýänmi,belki-de
rahatlanýan,düşünemok oña-da.
Ýöne weli ýaraýany hakykat
Maña ýapraklardan ýagyş ýagmasy.

Ýaprak ýagýar,ýaprak ýagýar daşarda
Saralyp,gyzaryp ýanyp ýagýar ol.
Indiki möwsümiñ hatyrasyna
Pidäkärlik içre dymyp ýagýar ol.

Dymyp ýagýar,dymyp ýagýar ýapraklar
Sessizligi bilen gozgaýar kalbym
Siñip ýagýar bagry badaşan ýere
Dymyp özi gazýar girmeli gabryn.

Ýaprak ýagýar sähel günde saralan,
Kimsä bagt ýagýar,kime-de hasrat.
Başgalary bilmen,özümi welin,
Duýýaryn ýöne bir duýgusyz sermest.
Просмотров: 83 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 09:37, 24.11.2022
Iň soňky iki setirinde näsazlyk bar ýaly.
Başgalary bilmen, özümi bilen
Duýýaryn ýöne bir guýgusyz sermest.

“ýaprak” bilen “ýagýar” kän gaýtalanýan ýaly gördüm.
ýaprak - 6 gezek
ýagýar - 11 gezek

1) Ýaprak ýagýar, ýaprak ýagýar daşarda 
2) Dymyp ýagýar, dymyp ýagýar ýapraklar 

 Belki bu gaýtalanmalaram gaýtalanmalary has öňe çykarýandyr.

Dymyp ýagýar, dymyp ýagýar ýapraklar 
Sessizligi bilen gozgaýar kalbym 
Siñip ýagýar bagry badaşan ýere 
Dymyp özi gazýar girmeli gabryn. 

“Öziniň girmeli gabryny gazmagy” täsirli deňeşdirme, ýöne ýene-de “dymmagyň” gaýtalanmalary artyk ýaly.

Meňli hanym, biraz howlugdyňyzmy?
üstünlikler. Gowy goşgularyňyz bar.

—-
Bellik: oturlaram (,) yzyndaky söz bilen bitişipdir.
avatar
0
2 Pero • 20:43, 24.11.2022
Başgalary bilmen,özümi bilen däl-de özümi welin bolmaly. Aýaldogan eliñ degse düzedip göýberäý
avatar
0
3 Pero • 20:46, 24.11.2022
Belki howlukmaçlykdan,belki-de ünssizlikden garaz ýalñyşlyklar gidýär,munuñ üçin okyjylardan ötünç soraýan. Mango,size ayratyn sagbolsunlar!
avatar
0
4 ToylyOraz • 07:23, 21.04.2024
Говы гошгы!
avatar

uCoz