12:29 Öwrülişik | |
ÖWRÜLIŞIK ![]() Tozýar, tozsun gynanamok köwşüme, Köýneklemem gezekleşip çüýreýär. Gün kakatdy, ýel kakatdy keşbimem. Serimiň hem sämäp bagty çüwmeýär. Düşýär, syçanguýruk boldy saçlarym, Gaşlarymam gerilmeýär ýaý ýaly, Dyrnak hynalamamy hem taşladym, Men şeýle-de bir bölejik Aý ýaly. Ýygyrtlaram indi ýokuş degmeýär. Demir dişlere-de öwrenşýän kem-kem , Nobatlaram howluksaň, has egleýär. Işlerem howluksaň, bitegen kemter. Äýnek, şaý-sep dakynmandym kejigip, Saýawanam götermedim ömrüme, Hezildi, şonda-da meniň hiç haçan, Dönesim gelmedi, talyp döwrüme. Öňki ýaly ýarygam ýok Zeminiň, Sähel zada bozulanok keýpimem. Gülkim tutýar diýäýseler: “Küýküje“ Ýuwaşjadan bolup barýan keýtigem. Şo bolşuma goşgy goşýan sen hakda, Şo bolşuma düýşde görüp oýanýan, Şo bolşuma duýýan: Ýürek ýukalyp, Akyl goýalýar. Hem öňküden ýylgyryşym owadan, Hem öňküden mähirlije seredýän. 2007. | |
|
Всего комментариев: 1 | |
| |