MENU

11:22
Öz nilini ýaralamaz sapança
ÖZ NILINI ÝARALAMAZ SAPANÇA

Ömür geçer, sekunt hakyn gidirmez,
Diýýäler-ä ,,Düýn göreniň bu gün ýok",
Ýaralamaň bir-biregiñ göwnüni,
,,Bu durmuşda çözülmedik düwün ýok".
Gahar gazap, diliňe erk etmeseň,
Ertesi gün ökündirer hökmany,
Wah biz asyl endik eden owaldan,
Ökünç bilen gözýaşlary dökmäni.
Şükür etseň maksadyňa ýetme bar,
Garap gör sen sabyr bilen kyna ýa,
Birje zada akyl ýetirmek zerur,
Alla bizi kynlar bilen synaýar.
,,Bagyşla" diý, ,,günämi öt, toba" diý,
Ýaşamaga hakyň baryn unutma,
Birje mysal: asmanyňy garaldyp,
Aglap soňra açylýandyr bulutlar.
Goý, saňa däli ýa telbe diýsinler,
Yza dönme öz-özüňi tapynçaň,
Jansyz welin, emma syn et-de göräý,
Öz nilini ýaralamaz sapança.

Çeşmesi: https://panoh.uz/plugins/notes/list.php?id=57. 25.11.2022ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Bagabat | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 22:12, 25.11.2022
Alla bizi kynlar bilen synaýar.
hak.
avatar

uCoz