MENU

09:04
Özi hakda...
ÖZI HAKDA...

Hemrasyny Saýat hana awladan,
Selbi kimin, Selbi kimin nalan men.
Nobatgulyň ýaşlygy deý ýaşlygy,
Serwi kimin, Serwi kimin talan men.

Gülüp baksam, Domrul ýaly han edem,
Dymyp baksam, nolluk ýaly san edem,
Aklym bilen bir ýigidi aňk edip,
Leýli kimin, Leýli kimin baglan men.

Sözüň-sesiň ýok ýerinde ýaşaýyp,
Şaý-u-sepiň ýok ýerinde ýaşaýyp,
Pyragyny gan agladan ýaş ayal —
Meňli kimin, Meňli kimin aglan men.

Laçynbibi, ýürejigim dilindi,
Göreçlemde saklan syrym bilindi,
Bagt isteýip, ah, tilimni, tilimni,
Seniň kimin, seniň kimin daglan men.

2006ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 ToylyOraz • 17:35, 21.04.2024
Ммм бах говы эсер экен.. !
avatar

uCoz