MENU

16:10
Özüm bilen ikiçäk
ÖZÜM BILEN IKIÇÄK

Geljegime aýak basman oýlanyp,
Yza bakdym geçmişime çekip çäk.
Adamlaryň arasyndan saýlanyp,
Galdym tenha özüm bilen ikiçäk.

Geldim şu günlere, geldim şu ýere,
Il aýagna aýak goşup, ýol aşyp.
Humly küýzeler dek ommalyp ýatan,
Syrly dymýan alaňlara dyrmaşyp.

Ot ýakyndym il-günümden ot alyp,
Şu oturan ak depämiň üstünde.
Armanym ýok, türkmen ysyn ýatladyp,
Tüssäň ysy gelip dursa üstümden.

Şükür, ot berdiler, odun berdiler,
Baky lowlap durjak odum, közüm bar.
Adamlar, siz maňa syrly seretmäň,
Hem: «Ýeke özi samrap otyr» diýäýmäň,
Men ýalňyz däl, meň ýanymda özüm bar.

17.05.2000ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Bagabat • 16:11, 29.11.2022
Surat: Kristian Skloe (Şloýe) "Aý".
avatar
1
2 Мango • 07:51, 30.11.2022
“samrap otyr” diýip bolmaz. Gowy goşgy bolupdyr.
ýekeje gapma-garşylyk bar.
çäk.

Geljegime aýak basman oýlanyp, 
Yza bakdym geçmişime çekip çäk. 

Geljegi oýlanman geçmişe bakýaň, ýagny geçene ser salýaň.
onda serhet, sekilen çäk nämäň çägi-serhedi?
ýa geçmişim bilen geljegim garyşmasyn diýip çäk çekdiňmi?

alasarmyklygam bar.
ilki “Adamlaryň arasyndan saýlanyp… tenha” galynýar.
Soň il-günüň waspyn edip, şükür edip otyr.
adamlardan gaçmak - adamlara baglanmak… iki-arada gelip-gitmek…
ahyram, men ýeke däl, özüm özüme ýetýän, men özüm bilen….

ajap goşgy.
öz-özüň bilen bolsaňam adamlaň arasyndan aýrylmaweriň.
goşgy meň kellämdäki başga bir pikire itergi berdi.
sag bol awtor hanym.
avatar

uCoz