MENU

15:45
Şeýle bir ýürekdeş gürrüñ edeli
Şeýle bir ýürekdeş gürrüñ edeli

Şeýle bir ýürekdeş gürrüñ edeli
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-ä saña özümmikäm öýdeýin
Senem özüñi gör maña seredip.
Meniñ bu "hyñ berip" duran kellämem
Baş atyplar ýetişmesin sözüñe
(Baş näme,janyñam bagyş etseñ bor,
Saña şeýle dünýäsini dözene)
Men goşgy ýazsamam dymma diýdiler,
Gedemem diýdiler tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp meñ göwnümi tapanok
Men nädip taparkam göwnüni hemmäñ?!

Aýgül Garaýewa
Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Pero | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 07:20, 30.11.2022
Aýgül hanymyň bu ýürekdeş gürrüňiniň yzam bolmaly ýaly bolup dur.
ýa-da özüň ýürekdeş gürrüňdeş küýseňäň.
gaty gowy gürrüň bolupdyr, käşk-ä ýene birazajyk dowam etsedi diýýän.
Berekella.
avatar
1
2 Балканов • 15:09, 22.04.2023
Goşgy düzmek sungaty diňe kapyýa-bogun sany (sillabo-toniki) bilen çäklenmän, eýsem eseriň mazmunynam gysga (lakonik), sada dilde hemme şygyrsöýüjilere düşnükli bolar ýaly äheňde bolmaly.Tüweleme, Aýgül Garaýewa--Baýadowa! Döredijilikde uly üstünlikler arzuw edýärin!
avatar

uCoz