MENU

14:08
Ýarym
ÝARYM

Indi söýgi juda arzanlap barýa,
Her bir öñ ýetene ýarym diýýäris.
Ýarym diýmek ýary:m diýmek ahyry,
Nädip ýary:myzy taşlap bilýäris.

Ýarym zatlar mydam bile bolmaly,
Bir bolmaly mydam ýarym göwünler.
Ýarym zadyñ bahasy ýok hiç wagt,
Bir bolanda gymmatlydyr ömürler.

Inni aşyklardan etjek haýyşym,
Ömür taýyñyzyñ gadryny biliñ.
Ilki ýary saýlañyzda ýalñyşmañ,
Soñam ýaryñyzyñ göýbermäñ elin.

Mümkin bolsa bir - biregi bagyşlañ,
Aşygyñ magşukdan göwni galmasyn.
Söýgüni ýürekde aýap saklañ siz,
Ýyllar ýaryñyzdan aýra salmasyn.

Çeşmesi: https://peydaly.forum2.net/viewtopic.php?id=6. 25.11.2022ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Bagabat | Теги: Ilmyrat Babaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 21:12, 25.11.2022
bir ýarty gök alma bar eken.
gidip barýan eken, gidip barýan eken.
öňünden başga bir gök ýarty alma çykypdyr:
- sen meniň ýary:m -diýipdir.
beýleki ýarty gök alma-da:
- senem meniň ýary:m -diýipdir.
olar birleşipdirler.
bitewi bir gök alma bolupdyrlar.
olar tä içine gurçuk düşüp çüýreýänçäler bagtyýar ýaşapdyrlar.
avatar

uCoz