Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:47
Ýetim çaga
ÝETIM ÇAGA

Goja dünýä gara donun geýinip,
Hemme kişi süýji uka çümende,
Kämahal bir üýrýän itlerden başga,
Sesin goýanynda janly-jemende,

Ýarygije ýassygyna baş goýup,
Wah, ýene-de aglap ýatyr bir ýetim.
Eşdiler-eşdilmez pyşyrdy bilen,
Gaýtalaýar: "menem adam ahbetin".

Didesinde yzyn uzmän döräp dur,
Kysmatyna meňzeş ajy damjalar.
Şol gözýaşlar ýaňagyndan syrygyp,
Mähre teşne ýüregine sanjylar.

Nädip gülsün. Aglamasyn neneñsi,
Habary ýok dogan, gardaş, ejeden.
Dogulan pursaty gereksiz daş deý,
Ýatan eken, tapypdyrlar köçeden.

Hiç görmedi kakasynyň keşbini,
Ejesinden eşitmedi hüwdi ol.
Ýetim diýip kemsidende deň-duşy,
Nalaçlykdan ýumrugyny düwdi ol.

Giň dünýäde hiç kimsesiz galsada,
Ýene-de güýç tapdy ýaşamaga ol.
Özüni bu dünýä getirenlerden,
Ýüz esse, müň esse beýik çaga ol.

Mätgurban MÄTGURBANOW
Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Parahat6499 | Teg: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Bagty • 20:39, 08.06.2023
Gaýtalaýar: "menem adam ahbetin". Şu setir çagajygyň diýjek setirinden has başgaça ýaly.
avatar
0
2 Мango • 00:45, 14.06.2023
Dogulan pursaty gereksiz daş deý,
Ýatan eken, tapypdyrlar köçeden.

gahrymanyň ejesi kakasy bar ýalyla.
ol taşlanypdyr.
şonda-da ýetim diýilýärmi-kä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202