Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:26
Maña meni gaýtaryp ber!

MAÑA MENI GAÝTARYP BER!

Maña meni gaýtaryp ber,
Baş alyp gitjek bu ýerden.
Sözüm agyr degse deger,
Ejiz sen meni söýerden.

Ýok hiç zady düşündirme,
Baryn unut bolanlaryñ.
Men gözüñden düşen düwme,
Mümkinmidir dolanmagym.

Göwni başka iki adam,
Bolmaýa bile bolmaýa.
Baýguş dönip harabadan,
Gonmaýa güle gonmaýa.

Kalbymy berdim eliñe,
Zyñdyñ, döwdirip ýadadym.
Kinämi alman dilime,
Dymdym. Ýuwdunyp ýadadym.

Besdir ýykylyp ýalbarman,
Göýberdim bagtyñ aýagyn.
Gitdi diýip gaty görme,
Hemem özüiñi aýagyn!

Çagşan salym kürekdiñ sen,
Ömrim gama çümse-çümer.
Gitjek barybir gerekmesem,
Maña meni gaýtaryp ber!!!

Mätgurban MÄTGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 156 | Mowzugy paýlaşan: Ynam | Teg: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Мango • 16:06, 08.07.2023
biderek bellikler:

"Baýguş dönip harabadan, Gonmaýa güle gonmaýa..."
baýguş hiç wagtam güle gonýan däldirle...

"Kinämi alman dilime, Dymdym. Ýuwdunyp ýadadym..."
gahryman diýjegini diýip, "kinämi dilimi alamok" diýen bolýar. şumy dymyşy, şumy ýuwdunyşy?... :-)

"Maña meni gaýtaryp ber!!!"
(ilki bilen näme üçin üç gezek ýüzlenme belgisi bar?)
bir beren zadyňy yzyňa soramak birhili.
özüňi oňa berdiňmi, boldugy bor-da...
oňuşmadyk ýeriňde "meni gaýtaryp ber, yzyna ber" diýseň näder-ä? :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202