Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:55
«Pyragy» sanly giňişlikde
"PYRAGY" SANLY GIŇIŞLIKDE

Durmuş täzelenişi talap edýär. Adam, tebigat, umuman-a tutuş barlyk pursatsaýyn täzelenmek, özgermek, kämileşmek bilen. Kakamyrat Rejebowyň: «Žurnalistiň işi her dogan Gün bilen täzeden başlanýar» diýşi ýaly, dizaýneriň işi hem her bir täze taslama arkaly täzeden başlanýan, täze derejä göterilýän eken. Men muňa «Belli Creative» studiýasynyň hünärmeni Döwletmyrat Babaýew bilen bolan söhbetdeşligimde ýene bir ýola göz ýetirdim. Biziň söhbetimiz «Belli Creative» tarapyndan täze döredilen «Pyragy» şrifti barada boldy.
Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda 2024-nji ýylda uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Biziň hem täze ýazuw şekili döretmekden maksadymyz, indiki ýyl bellenilip geçiljek beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna kiçijek sowgat taýýarlamak bolup durýar. Biz bu täze taslamanyň üsti bilen, Magtymguly Pyragynyň adyny sanly giňişlikde hem has giňden tanatmak isledik”

— Döwlet, ilki bilen, täze taslamaňyzyň döreýiş taryhy bilen gysgaça tanyş edäýseňiz!

— Täze döreden «Pyragy» şriftimiz biziň bu ugurdaky üçünji işimiz. Mundan ozal, «Aşgabat2017», «Garagum» taýp feýslerini işläp taýýarlapdyk. Aslynda, şeýle taslamalary biz maddy girdeji üçin däl-de, özümiziň dizaýner hökmündäki döredilijikli çemeleşmek başarnygymyzy ösdürmek, galyberse-de, türkmen dizaýnerleri tarapyndan hem täze şriftleriň taýýarlanylýandygyny dünýä ýurtlaryna ýaýmak üçin durmuşa geçirýäris. Başgaça aýtsam, bu işimiziň daşyndan alyp barýan pişämiz diýsegem bolar. Ýöne bu pişe studiýamyzyň diňe bir agzasy üçin däl, eýsem, tutuş döredijilik toparymyzyň umumy pişesi bolup durýar.
Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda 2024-nji ýylda uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Biziň hem täze ýazuw şekili döretmekden maksadymyz, indiki ýyl bellenilip geçiljek beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna kiçijek sowgat taýýarlamak bolup durýar. Biz bu täze taslamanyň üsti bilen, Magtymguly Pyragynyň adyny sanly giňişlikde hem has giňden tanatmak isledik.

— Maksadyňyz myrat tapsyn, Döwlet! Diýmek, şol maksat bilen täze taslamany «Pyragy» diýip atlandyrypsyňyzda?!

— Hawa, birinjiden, ony Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şanyna «Pyragy» diýip atlandyrdyk. Ikinjiden bolsa, «Pyragy» hem edil «Garagum» ýaly displeý görnüşli şrift (ýazuw şekili) bolup durýar. Ýagny, ony adaty ýazgylarda däl-de, sözbaşylarda we beýleki aýratyn ýazgylarda ulanyp bolar. Ýöne «Garagumdan» tapawutly tarapy, bu şrift häsiýeti boýunça çeper manyly ýazgylara niýetlenilen. Sebäbi ony işläp taýýarlanymyzda harplaryň ýasalyşynda, olaryň biri-biri bilen sazlaşygynda nepis görünmegine aýratyn üns berdik. Şonuň üçin hem ony edebiýat, kino, saz, sungat bilen bagly ýazgylaryň sözbaşylarynda, teatrlaryň afişalarynda, ugurdaş mahabatlarda ulanmak has ýerlikli bolar. Ýazuw şekiliniň ýasalyşynyň edebiýata we sungata ýakyn bolmagy, oňa «Pyragy» diýip at bermegimiziň ikinji sebäbidir.

— Bu taslamany taýýarlamak üçin size näçe wagt gerek boldy?

— Bu taslamany taýýarlamak üçin studiýamyzyň döredijilik topary 3 aý çemesi wagt sarp etdi. Täze şrift döretmek daşyndan göräýmäge ýönekeý iş ýaly görünýän hem bolsa, onuň edil beýleki taslamalar ýaly inçe taraplary-da, jogapkärçiligi hem özüne ýetik. Täze şrifti döretmek üçin ilki her bir harpyň, sanyň, dyngy belgileriniň üstünde aýratyn işlemeli, soňra bolsa ondaky bar elementleriň biri-biriniň yzyndan gelen ýagdaýyndaky sazlaşygyny üpjün etmeli. Şonuň üçin-de, islendik täze şrifti taýýarlamak üçin azyndan 2 aý wagt sarp etmeli bolýar. «Pyragy» şriftini has hem inçelik bilen sünnäländigimiz üçin, onuň üstünde beýleki ugurdaş adaty taslamalara garanyňda, biraz köpräk wagt işledik.

— Döwlet, «Pyragy» şriftini gurnamak üçin ony nireden ýükläp alyp bolýandygyny hem okyjylara ýetiräýeli!

— Biziň täze döreden «Pyragy» şriftimiz golaýda myfonts.com platformasynda ýerleşdirildi. Islendik ulanyjy ony şol salgynyň üsti bilen ýükläp alyp, öz kompýuterine gurnap, ulanyp biler. «Pyragy» şriftini bu platforma arkaly 9 amerikan dollary möçberinde töleg geçirip, ýükläp almak mümkin. Ýeri gelende bellesek, täze şrift dörediji tarapyndan bu platforma ugradylanyndan soňra, ol degişli hünärmenler tarapyndan doly gözden geçirilýär. Eger-de şriftde ozal bar bolan şriftlere meňzeşlik we beýleki düzgün bozujy elementler ýok bolsa ol saýtda ýerleşdirilýär. Diýjek bolýanym «Pyragy» şriftiniň bu saýtda ýerleşdirilmegi, onuň sanly giňişlikdäki özboluşly ykrar edilmegi diýsegem bolar.
Şu ýerde gysgaça maglumat bersem, myfonts.com platformasy iň köp şrift fontlaryny özünde jemleýän saýtlaryň biri bolup, onda häzirki wagtda 230 müňden gowrak şrift fontlary ýerleşdirilendir. Biziň üçin guwandyryjy tarapy, mundan ozalky taýýarlan «Garagum» şriftimiz bu platformada ýerleşdirilen türkmen dizaýnerleri tarapyndan döredilen ilkinji şrift bolupdy.

— Döwlet, şeýle taslamalaryňyz türkmen metbugaty üçin hem oňat täzelik hasaplanýar. Geljekde hem şeýle taslamalary dowam etdirmek meýliňiz barmy?!

— Elbetde. Bu taslamalar bize özümiziň döredijilik ukybymyzy ösdürmek üçin hem zerur bolup durýar. Şeýle-de, türkmen elipbiýiniň harplary bilen owadan sazlaşýan täze şriftleri döretmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir.
Özümiziň zähmetimiz arkaly türkmen metbugatyndaky makalalaryň, goşgularyň, ýazyjy-şahyrlaryň kitaplarynyň owadanlygyna ujypsyzja hem bolsa goşant goşup bilsek, bu bizi diýseň begendirýär. Şonuň üçin hem, Arkadagly Serdarymyzyň döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, geljekde hem milliligimizi dünýä ýaýýan şeýle taslamalarymyzy dowam etdireris!

— Biz hem şol taslamalara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan:

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy
fakultetiniň 2-nj ýyl talyby, «Biznes reklama».

Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/8/3707. 15.02.2023ý.
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Bagabat • 10:02, 15.02.2023
Tüweleme.
avatar
1
2 Мango • 13:01, 15.02.2023
- Tüweleme!
- Gaty gowy zat, gutlaýan, goldaýan, ýöne...
- Hä, näme?
- Öňler gazetçi-habarçylar şeýle habar bererdiler, mysal üçin: türkmenistanly mekdep okuwçylary pylan ýurtda geçirilen halkara bilim olimpiadasynda kümüş medal gazandylar.
- Hawa nämäsi bar şo habaryň?
- Nämesi ýokdugyna aýdaýyn. Haýsy şäheriň näçenji mekdebiniň, haýsy okuwçysy gazanandygy ýok...
Ýa-da ýene mysal: Bedew baýramyna bagyşlap welaýatlaryň aýlawynda ýaryş geçirildi. Onda ýeňijilere gymmatbaha sowgatlar berildi. Haýsy at, kimiň aty, haýsy wagtda geçdi.... ýok... ony aýtsaň okujy köp bilip kellesine agram düşmegi mümkin...
- Hawa, indi näme diýjek bolýaň, bu habarda hemme zat belli. "Belli" font ýasapdyr.
- "Belliň" haýsy işgäri ýasady? Ýa Döwletmyrat Babaýewiň özi ýasadymy? Tanaly-da türkmen font ýasaýançyny. Milletçilik däl, ýöne ol font ýasan türkmenmikä? ýa Aleksandrmyka?
- Uf....
- Habarda "Biziň hem täze ýazuw şekili döretmekden maksadymyz, ...Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna kiçijek sowgat taýýarlamak bolup durýar" - diýilýär. Ýöne ol sowgady almak üçin 9 dollar tölemeli eken.
Satylýan sowgat bolarmy?
- Halkara bazara hödürlense baha goýmaly bor ahyryn. hemme fontlar satylýar...
- Düşünýän, onda "sowgat" diýmek nämä gerek? Şeýtselerem boljak eken, ýagny saýtda satsynlar, ýöne türkmen ulanyjylary üçin öz saýtlaryndan mugt ýüklemek mümkinçiligini beren bolsalar... onda ol hakyky sowgat bolardy.
- Belki saýtlarynda mugt alyp bolýandyr...
- Belki, ýöne saýtlaryna girip bolanok. https://bellicreative.com/ Mysal, men-a girip bilmedim, öňler girip bolýady.
- Gapyşdyrdyňaý...
- Menmi?
avatar
1
3 Bagabat • 13:57, 15.02.2023
Dutarlynjy çamalak

Çymmyllyk bir gün dutar ýasandy.
Tutdan kädisiz.
Üžmeden gapaksyz.
“Eşeksiz”.
Erikden sapsyz.
Kirişsiz.
Gulaksyz, “şeýtan ýassyksyz”.
Soňam goluny çyzgap, ýasan dutaryny çalmaga başlajak bolanam şoldy welin, birdenkä oň al-petinden aldylar:
-Kädisiz, sapsyz, rişdesizem dutar bolarmy? Onsoň şoň ýaly dutarda nädip saz çalarsyň?
-Näm çalman?-diýdi-de, Çymmyllyk ýüzüniň ugruna garader bolup, saz çalyp ugrady.
Onuň sazyna birbada diňirgenip oturdylar-da, ýaňky diýýänçiler ýene diýdiler:
-Hanha bolýan eken-ä! “Bolanok-da, bolanok” diýşen bolup...
avatar
0
4 Bagabat • 13:57, 15.02.2023
Dünýäde iki sany çamalak bar:
Birinjisi: çamalajyk çamalaklara çamalaklama;
Ikinjisi: hemme zat çamalak.
avatar
0
5 Мango • 22:57, 15.02.2023
gowy saz çaldy.
diňläp hezil etdim.

---

Bir gün Çymmyllyk kiçi ýaşly okuwçylaryna saza söýgi döretmek niýeti bilen saz diňletmek isläpdir.
Açypdyr kamputyrynnan Nury Halmämmedi, diýipdir:
– Okuwçyjyklam, häzir biz Nury Halmämmedi diňleýäs.
Okuwçylaň içinden biri sazy ünsli diňläp:
– Çymmyllyk mollym, ol-a Nury Halmämmet däl, ol-a Howa Maglumaty - diýipdir.
avatar
0
6 Мango • 23:09, 15.02.2023
Çeperfilminji çamalak

Çymmyllyk bir gün kino düşüresi geldi.
Dostlaryny çagyryp diýdi:
– Nurmyrat senden-ä hekaýa, Nury sendenem saz, Bulat senem režisýor bol, Artyk senem han bol, hem Çapyk hem Mämmedýär, Hojaguly sen opreatorsyň...
Olar şeýle bir kino aldylar welin, abraýyny paýlaşyp-paýlaşyp gutaryp bilmediler.
Hemmesine artygy bilen ýetdi.
Nurmyrada, Nura, Bulada, Artyga, Hojagula... hemmesine.
Şondan soň Çymmyllyk oturyp pikir etdi: Pyragy fontuny kim döretdikä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203