01:25 Ýaz saña | |
ÝAZ SAŇA Jennete düşdüm-de, Uçdum ýaşyl barlyga, Iň hoşwagt günlermiň Birin-birin adyn ýazdym Ýaşyl gülli ýaglyga, Ylgap özüm oklamyşam Äpet ýaşyl ýazlaga, Dogduk depäm, Sowgat etjek Milliard desse ýaz saňa! Otlaryňdan-çöpleriňden Ysy gelýär uçmahyň, Ellermi ganat eýlediň Uçjak diýip uçmadym, Topragyňa bagrym berip, Asmanyň gulaçladym, Dogduk obam, Sowgat berjek Million torba ýaz saňa! Seň demiňden ganan şatut Saýa gerdi jöwzada, Täjirleri utmuşamdyr Senli uly söwdada, Jan bermeklik ýegdir sende Nesiplä ýa begzada, Dogduk sähram, Sowgat etjek Bir müň gujak ýaz saňa! Saçlarymy çözlänimde Çözlenipdi duýgulam, Howaň gaýtadan jan berdi, Ýogsa ýüz ýyl köýdümem, Meý-mest bolup, Serden aşyp Saňa bolan söýgüden, Dogduk ýaýlam, Az göräýme, Sowgat berjek Bir pyýala ýaz saňa! © Suraý BABANYÝAZOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |