02:21 Sen bahara salam aýt! | |
SEN BAHARA SALAM AÝT! Sen bahara salam aýt hem aýt oňa garaşýanmy, lellim bedenime dözümli darap, lälik aklym bilen göreşýänimi... bir geläýse bolýar älemgoşarnyň üstünde çar ýana at saljagymy, otly ýyldyrymyn gören badyma öz-özüm ot aljagymy... Güneş bilen der döküşip, Aý jemaly bilen "gybat kakjagmy", torbamy kömelekden, gülden dolduryp gapjygmy allowarralara gitjegmi, özümi zordan bir daga atjagmy, aýtgyn hökman! Çyrlaklar bilen deň çyrlap, gurbagalar bilen warryklajagmy, Asman deý gözlerin ýoluma dikip, Kakamyň şähere ugratmajagny aýt oňa! Hem aýt oňa gorkakdygymy, tentekdigimi, ýöne ýeri gelende käbir erkeklerden erkekdigimi aýt, bilsin! "Suraýyň süňňi agarypdyr" diý, "hazan urmuş söýgüden başy aýlanyp, essi aýylypdyr" diý, şonuň üçin "Gelenok" diýp göwün edibem ýörmesin! Sen bahara salam aýt! © Suraý BABANYÝAZOWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |