Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:21
Men Rabyýa

MEN RABYÝA

Hany, bir dileg ediler-ä!
Ol dilegem gudraty güýçli Mälik-ül Mülküň
Dergähinde kabul bolar
Ýa diläniňdenem has haýyrly
has gowsy bolar.

Men — Rabyýa!
Men — Rabyýa!
Elleri Arşa açylan
Ýöneldigim Tur dagydyr...
Ýöredigim...
Uçdugym...
On iki asyrlyk menzili
Bir sekuntda geçdigim...
Men — Rabyýa,
Nebsime dözdügim,
Hiç kime dözmedigim,
Gülden, Guşdan, Tikenden,
Çarkandakdan,
Ezizimiň Yzlaryny yzladygym...

Ýüzüm gülse,
Ýüregim aglap duranym,
Aýakýalaň pyýadalap,
Mele ýeriň arkasyny
torç etdigim...
Adyny gije-gündiz dilimde
ürç etdigim...
Elimde nä bolsa,
Ýalňyz Oň ýoluna bagş etdigim.

Men — Rabyýa,
Iň soňky ragbaty gaçyp,
Eziziň özünden özgäň
gullugynda durmaýan,
Mal-mülk näme, bar dünýäni
ýeke teňňä urmaýan,
Gündizlerne zikir eýläp
Gijelerne: “OL — YŞK” diýip samraýan,
Päklikden,
Dilegden,
Yhlas-Ynamdan
gaýry mezhep bilmeýen,
Söýgüliň Yşkyndan kör bolup,
Firdews jenneti görmeýen,
Rabyýa — men,
başgasyna el sermeýen.

Elleriňi,
Ýüregiňi giňden açyp,
Ruhuň uçup,
Gije ýarymdan agansoň,
hany bir gowy dileg ediler-ä,
ana, Şol Dileg.
Men — Rabyýa.

Suraý BABANYÝAZOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 141 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 09:40, 07.08.2023
Gülden, Guşdan, Tikenden,
Çarkandakdan,
Ezizimiň Yzlaryny yzladygym...

Onuň pozulmaýan galam bilen her ýerde ýazan ýazgysy barada şu temada gürrüň gidipdi. https://edebiyat.clan.su/news....05-1676
Syýasyz ýazylan ýazgy barada-da bu ýerde bar: https://edebiyat.clan.su/news/syyasyz_yazylan_yazgy/2022-12-28-344
hawa, gülde, guşda, tikende, çarkandakda... Onuň ýazgylaryny okap bolýar...

***

Söýgüliň Yşkyndan kör bolup,
Firdews jenneti görmeýen,
Rabyýa — men....

bu setirlerem ynaçly kişileriň üç görnüşini ýada saldy.
Birinji görnüş ynanan kişi - GORKUSYNA (dowzahdan gorkusyna) ybadadat eder.
Ikinji görnüş ynanan kişi - ISLEG BILEN, TAMA BILEN (jenneti isläp) ybadat eder.
Üçünji görnüş ynanan kişi - dowzahdanam GORKMAZ, jennetem ISLEMEZ, ol diňe ONUŇ RAZYLYGYNY GAZANMAK ÜÇIN ybadat eder.
iki görnüşem gowy, ýöne iň kämil görnüş üçünji.
şonuň üçin biziň Rabyýamyz "Söýgüliň Yşkyndan kör bolup, Firdews jenneti görmeý(är)..." Ol jennedem görenok, dowzaham, ol diňe ONY görýär, oňa diňe OL gerek...

Suraý hanymdan gowy goşgy okadanyňa minnetdar Pegas daýy.
Suraý hanyma-da üstünlikler.
avatar
0
2 Seýrаn • 09:41, 09.08.2023
Gowy goşgy ýazypdyr Suraý.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203