Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:29
Ahmyr

AHMYR

Ýaz ýeline ýüzümizi ýuwardyk,
Leýlisaçlaň gujagyna gysylyp.
Ýygralygyň geçip bilmän ýüzünden,
Durmazdyk biz boýunlardan asylyp.

Gülki bilen günlerimiz gyzardy,
Şol wagtlar bagt bilen aşnadyk.
Ýüreklerde ýokdy gaýgy, aýralyk,
Ýokdy biziň arzuwlarmyz paşmadyk.

Seýilgähi yşgymyza bürärdik,
Oýnap ýören çagalara meýil edip.
Ýadyňdamy? “Oglum bolsa...” diýeniň,
Şonda neçün “Ikimiziň!” diýmediň?

Bir perişdäň gulagyna ilişdi,
Meni telim örtän, ýakan hyýalyň.
Şol günden soň men-ä gezdim dommaryp,
Senem bolduň bir bagtlyň aýaly.

Aýralyga dözüm etdik, ýaşadyk,
Sen ogul dogurdyň,men bolsa gussa.
Düýnden ýakymsyz ýel öwüsdi durdy,
Men seni ýatladym ýüregim gyssa.

Barybir aýňalyp bilmedim soňam,
Wah, neneň gyýanyň duýmadyň şonda!
Biz aşna dälmidik bagtymyz bilen?
Neçün “Ikimiziň!” diýmediň şonda?!

© Aşyr HANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 61 | Mowzugy paýlaşan: Katalizator | Teg: Aşyr Hanow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 10:40, 28.12.2023
ýazylyşy gowy goşgam bolsa, ýene-de şol tema-da – söýdüm emma alyp bilmedim (gowuşmadym). bizem gahryman bilen gynanmaly. öwrenişilse gynanybam bolanok ýöne...

ýyzzylyma gyzganamok.
5 ýyzzyl.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202