Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:28
Gaýyk, kürek, sen...

GAÝYK, KÜREK, SEN...

Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
Sen bolsaň
Çar tarapam deňiz bolsa ümmülmez
Didarymdan, ykbalymdan gaçmanyň
Ebeteýni asla tapyp bilmeseň
Kürekleri gezek-gezek kürekläp
Elimiz kartasyz, kompossyz, zatsyz
Syýahata çyksak, azaşsak soňam
Güni garşylasak ir säher dogan
Eýläň deňiz, beýläň deňiz gurşasa
Göz öňümde gözi deňiz sen bolsaň
Biygtyýar gözleriňe gaçar men
Hem kalbyňda yşgyň ýolun açar men
Onsoň…
Onsoň «bagt» diýen geler-de
Ikimize gujagyny giň açar
Il gerek däl toyumyzy tutmaga
Däp gerek däl, nämä gerek gyňajam?
Meňkiligiň gözleriňden bildirse
Söýýänligiň sözleriňden bildirse
Ýeter maňa…
Hem saňa-da ýeter şol
Ýeter bize gaýyk-kürek jem bolsa

Duýgularmy jylawlaman onsoň men
Öýüňize ýol ogurlap ýörmerin
Maňlaýymda deňiz gözli sen bolsaň
Bagtly ýatyp, bagtlylykda örerin
Hut şu pursat bar aladam sem bolsa
Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
Sen bolsaň…

© Aşyr Hanow

Çeşme: https://biz.islenen.ru/21316-g....4709118
Bölümler: Goşgular | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Aşyr Hanow | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 12:16, 28.07.2023
gaty gowja goşgy...

Meňkiligiň gözleriňden bildirse
Söýýänligiň sözleriňden bildirse
Ýeter maňa…
Hem saňa-da ýeter şol

bir hili biler-bilmezden erkek üstünligi ýüze çykypdyr :-)
diktowat edýän ýaly: "maňa ýeteni, saňa-da ýeter!" :-)

esasy, bir gaýykda... galanam boluberer.
gowy goşgy Aşyr däde.
5 ýyzzyl!
avatar
0
2 Medicall • 13:55, 28.07.2023
Halaýan şu goşgyny, owadan görnüş, owadan suratlandyrma, owadan duýgy
avatar
0
3 Pero • 09:13, 29.07.2023
Hawa,ajaýyp goṣgy.
Ỳöne surat...surat göwnüme ýaramady. Käbir eserler bolýa sen surat ugrundan hiç zada düṣünmeýän biri bolsañam täsir edip bilýä. A bu surat bolsa täsir etmedi. Onsoñam suratdakylar birleṣjek bolýan däl-de aýrylyṣjak bolýana meñzeýäler.
avatar
0
4 Мango • 11:09, 29.07.2023
hawa :-)
maňa nämesi ýaramady diýsene?
oglan-a öňde "jadyly taýajygy bilen" arzuw edip barýa.
gyz görgülem gaýyk kürekleýär (ýüzüni sallap)...
hany adalat?!
ýa-da oglan bu bolşumyz "ýeter maňa… hem saňa-da ýeter şol" diýip basdyryp barýamyka?
***
belki küregi gezekleşýändirler.
häzirem gyzyň gezegidir...
daşyndan seredip bir zat diýmegem kyn.

ýöne, surat erbedem däl-le :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202