17:02 Galamdaşlaryma | |
GALAMDAŞLARYMA Biz owadan gürlemegiñ ussady, Biz söze erk edýän millet, dostlarym. Ýöne göwne çöken agyr gussany, Hiç bir söz gowzadyp bilmez, dostlarym. Bir-biregiñ goşgularyn okaşyp, Göwünlik berýäris, edýäris tankyt. Boýmuzdan ýokaryk böksegem näçe, Entek bendi edip bilemzok halky. Sebäbi, adamlar bez boldy indi, Yşk hakdaky goşgularyñ baryndan. Olara üýtgeşik poeziýa gerek, In bolmanda, habar alýan halyndan. Pyragy beýikmi, Puşkin beýikmi, Ezizow güýçlümi, güýçlümi Kerim. diýen jedel il içinde at salýar. A biz hakda welin... Biz hakda welin... Käte- käte gazet- žurnal ýatlaýar, Öz aýagmyz bilen barsak oña-da. Häzirki şahyrlañ (bagyşlañ welin) Ýarsy gepleşikde, ýarsy tamada. Diýmek, Bize bir zatlar-a ýetenok. Ýa-da bir zat artyk. Añlamak gerek. Ýa-da iñ bolmanda kesir täleyi Başga bir zatlara baglamak gerek. Biz owadan gürlemegiñ ussady, Biz söze erk edýäs, Ýöredýäs höküm. Iñ esasy sorag: Işimiz bilen Azaldyp bilýäsmi ýürekleñ ýükün?! Her kim şu soragy bersin özüne, Hem özünden talap etsin adyllyk. Iñ bolmanda aýdyñ, nijeme gezek Ylham gelmän, kärimizden basyldyk?! Ýazjak bolsak ýüreklere gireli, Özge zada imrineli ýogsa-da. Biz- owadan gürlemegiñ ussady, Şahyr bolan bolsadyk... Aşyr HANOW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |