Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:05
Ajaýyplyklaryñ düri
AJAÝYPLYKLARYÑ DÜRI / 5

BÄŞINJI BAP

YLYM WE ULAMALARYŇ ARTYKMAÇLYKLARYNYŇ BEÝANY

Resul Huda:
— Alymlar meniň mirasdüşerlerimdir. Olar meniň ymmatymyň arasynda iň ynamdarlarydyr. Meniň ymmatymy dogry ýola salyjylardyr we howply ýoldan gaýtaryjylardyr – diýdi.
Eger ulama şunuň ýaly bolsa, oňa boýun bolmak wajypdyr. Ulamanyň haýry hem halklara wajypdyr. Ulamalaryň hajatlaryny adamlara aýdyp almaklygy we zerur wagtynda alymlaryň adamlaryň bähbitleri üçin patyşanyň ýanyna barmagy rowadyr.
Resul Huda:
— Ulamalaryň ýamany emirleriň we zalymlaryň aldyna bararlar. Mundan olaryň öz nebsi üçin barýandyklary mälim bolýar. Patyşa we zalymyň ýagşysy ulamanyň zyýaratyna we hyzmatlaryna barýanlarydyr – diýdi.
Ulamalar bilen oturmakdan dört zat hasyl bolar: Owwal, diniň ýarym bolsa ol bitin bolar. Ikinji, eger ulumsy bolsaň, kiçigöwünli bolarsyň. Üçünji, musulmanlary duşman tutan bolsaň, olar bilen dost bolarsyň. Dördünji, eger gybat edýän bolsaň, gybatdan daşda bolarsyň.
Resul Huda ýene:
— Meniň nadan ymmatymyň okan namazyndan alym ymmatymyň ukusy hem ýagşyrakdyr.
Ol ýene:
— Müň ýyl ybadat edenden, alymlaryň ýanynda oturmaklyk ýagşyrakdyr
Resul Huda ýene:
Meniň ylym ymmatlarymyň ýanynda bir sagat otursalar, meniň bilen oturan dek bolarlar. Meniň ylym ymmatlarymyň hormaty uludyr. Kim meniň bilen otursa, kyýamat gününiň azabyndan aman bolar. Çünki kyýamat güni bolanda üç bölek jemagatlar hormat we merhemet taparlar. Owwal pygamberler, ikinji alymlar, üçünji şehitler – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Kyýamat güni Haktagalanyň ýanynda megerem ulamalardan başga hiç zat eziz bolmaz – diýdi.
Şyh Mansur Attardan (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdiler:
Ol dünýäden ötenden soň bir ýagşy berhizkär eziziň düýşüne girdi. Ol eziz düýşünde: «Eý Şyh Mansur Attar, Haktagala gabyrda seniň bilen näme işledi?» diýdi. Şyh Mansur Attar ol ezize: «Eý eziz, meni alyp baryp görde goýanlaryndan soň Haktagalanyň tarapyndan owaz geldi. Eý Şyh Mansur Attar, sen meniň hyzmatyma köp-köp günä alyp geldiň. Men seniň bu köp-köp günäleriňi ýalkadym (geçdim). Nygmatdan doly anbar ysly behiştden ýer berdim. Sebäbi sen halklara we biçärelere hemişe dogryňy aýdardyň. Meniň ýekeligimi, şäriksizligimi we wezirsizligimi adamlara bildirdiň. Adamlaryň göwni meni dost tutmaga muştak we arzuwment boldy. Muny sen etdiň. Men älemleri ýaradyjydyryn. Seni dowzahyň odundan aman sakladym» diýdi – diýip aýtdy.
Resul Huda ýene:
— Her kim meniň alym ymmatymyň zyýaratyna barsa, edil meni zyýarat eden dek bolar. Her kim bir alymy ulug tutsa (beýgeltse), edil meni ulug tutan dek bolar. Her kim meni ulug tutsa, Haktagalany ulug tutan dek bolar. Her kim Haktagalany ulug tutsa onuň jaýy anbar ysly behişt bolar. Ol behiştde şeksiz Haktagalanyň mübärek didaryny görer – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Her kim meniň alym ymmatymy har-zar tutsa, meni har tutan dek bolar. Her kim meni har tutsa, Haktagalany har tutan dek bolar. Haktagalany har tutanyň öýi bolsa, otdan doly dowzah bolar. Meniň şepagatym ol bendä haram bolar. Şonuň ýaly bende Haktagalanyň didaryny hergiz görmez. Her kim meniň berhizkär alym ymmatymyň yzynda durup namaz okasa, meniň yzymda durup namaz okan dek bolar. Her kim meniň yzymda durup namaz okasa, ol bendä dowzahyň ody haram bolar – diýdi.
Resul Huda ýene-de:
— Bu dünýäniň bozulman durmagynyň sebäbi dört zatdandyr: Owwal alymlaryň ylymynyň sebäbindendir. Ikinji, adyl patyşalaryň adyllygynyň sebäbindendir. Üçünji sahylaryň haýyr-sahawatynyň sebäbindendir. Dördünji, mömin bendeleriň dileginiň sebäbindendir – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Meniň ymmatymyň ýagşysy halym we alym ymmatymdyr. Çünki nadan kişi bir ýalan söz sözlese, Haktagala bir günäden artyk ötmez. Emma alym we halym bendäniň kyrk ýalan sözüni öter – diýdi.
Rowaýat etdiler:
Kyýamat güni bolanda Haktagala bendeleriň hasabyny tutar. Ol wagtda bir bendäniň günäsi sogapdan artyk geler. Şol wagtda Haktagala Jebraýyla: «Eý Jebraýyl, meniň ol bendämden sowal et. Ol ýalançy dünýäde hiç alym bilen oturmandyrmy? Eger alymlar bilen oturan bolsa, ýa olara hezzet-hormat eden bolsa, men ol bendäni ýalkaryn» diýdi.
Jebraýyl alaýhyssalam ol bendeden:
— Eý bende heý alymlar bilen sözleşipmidiň? – diýip, sowal sorar. Ol bende:
— Eý doganym Jebraýyl, asla men ýolda hem alym bilen ýoldaş bolmandym – diýer.
Hezreti Jebraýyl ýene-de:
— Eý mömim bende biçäre, alym bilen söhbetdeşlikde oturylyp gidilen jaýda hem oturyp görmänmidiň? – diýip, sowal berer.
Ol bende:
— Ýok, oturmadym – diýip aýdar.
Ondan soň Haktagala: «Eý Jebraýyl, ol bende biçäredir, bendäniň adyny bir ýagşy alymyň adyna laýyk et» diýer.
Ol bendäniň ady hiç bir alymyň adyna laýyk gelmez. Ondan soň Haktagala: «Eý Jebraýyl, ýene ol bendeden sowal et. Kim bir alymy dost tutan bendäni dost tutan ekenmi?» diýer. Şol wagt Jebraýyl ýene:
— Eý bende, heý bir alymy dost tutan kişini dost tutmadyňmy? – diýip sorar.
Ol bende:
— Eý doganym Jebraýyl, bir alymy dost tutan kişini bir mertebe dost tutupdym – diýer.
Şol wagt Haktagala: «Eý Jebraýyl, men ol bendäni ýalkadym. Sen ony golundan tutup, behişde girizgil, çünki ol bende alymy dost tutan kişini dost tutanlygy sebäpli behişdi oňa nesip etdim» diýer.
Kagbul Ahbar (Alla ondan razy bolsun):
— Hudaýtagalanyň tagatyny gije gündiz edip, emma oturanlarynda dinsizler, bozuklar, namazsyzlar bilen otursalar we olar bilen söhbetdeş bolsalar, Haktagala ol bendeleri bozuklaryň hatarynda goýar. Eger ol bendeler alymlar bilen otursalar, Haktagala ol bendeleriň jemi eden günälerini öter we sogaba dönderer. Eger ol bende kyýamat güni direler bolsa, alymlaryň we ýagşy bendeleriň hatarynda direler. Her kim namazhon adamlar bilen otursa, onuň takwalygy artyk bolar. Her kim zalymlar bilen otursa, uly günäsi köp bolar. Her kimiň uly günäsi köp bolsa, ol bendä Jennet haram bolar. Kim uly günäleri köp etse, ol ýagşy bolmaz. Her kim hatynlar bilen köp otursa, nadanlygy we meýli artyk bolar. Her kim bozuklar bilen köp otursa, günäsi köp bolar – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Kyýamat güni behişdiň işiginde dört kişi behişde öň girmek barada dileg ederler. Şol dört kişiniň biri alym, biri sahy, biri şehit we ýene biri hajydyr. Şol wagt alymlar:
— Biz öň gireris – diýer.
Hajylar:
— Biz öň gireris – diýer.
Sahylar:
— Biz öň gireris – diýer.
Şehitler:
— Biz öň gireris – diýer.
Haktagala: «Eý Jebraýyl, men seni olara «Emin» kyldym. Sen olardan bu wakanyň beýanyny soragyl. Olardan sowal et. Haýsy biriniň derejesi belent bolsa, şol bendäni behişde öň girizgil» diýer.
Ol wagt Jebraýyl alaýhyssalam hajylar bilen şehitlerden sowal eder.
— Eý hajylar we şehitler, siz hajy we şehit bolanda behişde öň girmelidigini kimden öwrendiňiz? – diýer. Olar:
— Biz muny alymlardan öwrendik – diýerler. Jebraýyl:
— Onuň ýaly bolsa, siziň ussadyňyz alymlar ekeni. Size ussadyňyzdan öň behişde girmek rowa däldir – diýer.
Ondan soň sahylara sowal berer:
— Eý sahylar, siz sahylygy kimden öwrenip, sahylyk etdiňiz? – diýer.
Sahylar:
— Eý doganym Jebraýyl, biz sahylygy alymlardan öwrendik – diýerler.
Jebraýyl:
— Eý sahylar onuň ýaly bolsa, alymlar ussadyňyz ekeni. Çünki siziň ussadyňyz alymlar bolsa, size ussadyňyzdan öň behişde girmegi rowa görmeýäris – diýer.
Sahylar:
— Eý doganymyz Jebraýyl, alymlar dünýäde ylym öwrendiler, kitap okadylar we olary adamlara öwretdiler. Ol wagtda biz alymlara mal berdik, ýagşy don berdik we oňat tagamlar taýýarlap berdik – diýerler.
Alymlar:
— Eý sahylar, kyýamat güni Haktagala bizi behişde iberse, ilki bilen siz girersiňiz – diýerler.
Sahylar:
— Şonuň üçin biz ilki girmegi makul bildik – diýerler.
Jebraýyl:
— Eý alymlar, bu sahylar näme aýdyp durlar? – diýer.
Alymlar:
— Ýa doganymyz Jebraýyl, bu sahylar dogry aýdýarlar. Näme aýtsalar-da dürsdir. Biz şolaryň beren malynyň bereketi bilen ylymy hasyl etdik. Bular mal bermäge zor etdiler, biz bolsa ylymy hasyl etmäge zor etdik – diýerler.
Jebraýyl:
— Onuň ýaly bolsa, alymlar bilen sahylar bir girsinler, ondan soň şehitler girsinler, ondan soň bolsa hajylar girsinler – diýip perman berer – diýip aýtdy.
Biz:
— Alym diýip imanyň meselesini okasa, bilse, täret we namazyň meselesini bilse, aýbaşy we çile meselesini bilse, ol kişä alym diýýäris. Bir kişi kary bolsa, ýa kätip bolsa, emma kyrk parzy bilmese, ol alym bolmaz. Ol bendäni mömin diýýäris. Alymlar ýer ýüzüniň ylmyny okap bilse, ol okanyny amal etmese, ol alym däldir. Alymyň amal edeni budur. Haýsy alym ylym okap, köp amal etse, ol bendäni alym diýeris.
Resul Huda:
— Eger alymlar bolmasa-dy, dünýäniň adamlary heläk bolarlar – diýdi.
Hezreti Osman (Alla ondan razy bolsun):
— Eger sap ýürekliler bolmasa-dy, onda hemme halk ýaman bolardy – diýdi.
Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun):
— Eger sahylar bolmasalar-dy, onda hemme halk bahyl bolardy – diýdi.
Muhammet Mustapa:
— Alymy dost tutmak yhlasdandyr, duşmany dost tutmak ikiýüzlülikdendir. Bende: «Alymy dost tutdum» diýip, yhlas etmese, dost tutany bolmaz. Yhlas etmegiň manysy budur: Alymlara janyň bilen hyzmat etmek gerek, maly bilen we teni bilen hyzmat we hormat etmekdir. Alymyň her näme hajaty bolsa, ony bitirmekdir. Eger ol bende «alymy dost tutdum» diýse, emma alym bir iş buýursa, ýa birini oňa iberse, ol «dost men» diýen bende ol işi ýerine ýetirmese, onuň «dost men» diýeni ýalandyr – diýdi.
Ýene Resul Huda:
Meniň ymmatym ertir bilen tursalar we alymlar bilen iki rekagat namaz okasalar ýa-da alymyň ýanyna baryp bir mesele sorasalar, ol bendeleriň her bir gadamyna bir ýyllyk ybadatyň sogabyny ýazar. Şeýle hem oňa anbar ysly behişden ýagşy bir şäher bina ederler. Ol bendäniň ýörän ýoly üçin tä kyýamata çenli onuň günäsi geçiler – diýdi.
Habarda şeýle diýipdirler:
—Kyýamat güni bolsa, Arşy azymyň etrabyna kürsi goýarlar. Bir topar adamlaryň ýüzi on dördi gijede dogan aý dek bolup, ol kürsiniň üstünde oturar. Şeraban tahurdan içerler. Emma ol gün başga bir bir topar adamlar: «Biziň hasabymyz niçik bolar?» diýip hesret we gaýgyda bolarlar? Bu jemagatlar bolsa hiç azap, hesret we gaýgy görmezler. Ol wagt Jebraýyl:
— Eý bar Hudaýa, bu jemagatlar kimlerdir? – diýip sowal sorar.
Haktagalanyň tarapyndan owaz geler: «Eý Jebraýyl, bu jemagatlar Hudaýtagalanyň dünýädäki alym bendeleridir».
Hudaýtagala olary dost tutupdyr. Şonuň üçin olar bu derejäni tapypdyrlar. Indi gorkunç güni bular rahatda bolarlar. Alymy dost tutmagyň manysy budur:
Ol jemagatlar Hudaýtagalanyň iberen ylmyny yhlas bilen okagaýlar. Şol jemagatlaryň şerapaty bu dünýäde we ahyrýetde bize miýesser bolgaý diýip yhlas etgeýler we mallaryny şol jemagata bergeýler. Özleri hem, perzentleri hem şol jemagatyň hyzmatynda bolgaýlar. Alymlar bulara mal hyzmatyny buýursalar boýun bolgaýlar. Eger halklar şunuň ýaly edip alymlary dost tutsalar, ol alymlar ol bendäni kyýamat gününiň jemi belasyndan we mähnetinden halas eder. Eger adamlar aýtsalar:
— Alymlary biz dost tutýarys – diýip, emma alymlara mal bilen we ten bilen hyzmat etmeseler olaryň «dost tutdum» diýeni ýalandyr. Alymlary dost tutanyň nyşany budur. Alymlar bu jemagatlara bir iş buýursalar, isle ol iş maldan bolsun, isle tenden bolsun, ol işi şol wagt berjaý etgeý. Ol jemagatlaryň maly isle az bolsun, isle köp bolsun, isle köpden-köp bolsun, her niçik alymyň emrine laýyk bolsun. Şol jemagatlaryň alymy dogry dost tutanydyr. Her kim alymy dost tutup ýüzlerine garasa ýagşyrakdyr. Oňa bu dünýäniň jemi adamlarynyň tagat we ybadatynyň sogabyny berer. Her kim bir alyma «alym» diýip çyn ýürekden ynansa, maly, teni we jany bilen ol alymyň hyzmatynda bolsun. Haktagala ol yhlas eden jemagatyň bu dünýädäki we ahyrýetdäki myradyny berer. Ol alymlaryň isle ussady bolsun, isle piri bolsun, ussadynyň we piriniň hergiz tersine gitmesin. Her wagt halklar tersine gitseler hem «pir» diýeni bozuk bolmasyn.
Rowaýat etdiler:
Bir eziz bardy. Ol eziz:
— Men Hezret Resulyň metjidine girdim. Metjitde iki topar adam ýygnanyp oturandygyny gördüm. Biri Alla zikr aýdyp otyrlar, beýlekisi ylym meselesi bilen otyrlar. Şol wagt men:
— Ylym meselesi her bir jaýda tapylar. Men zikr mejlisine baraýyn, ol jemagatlaryň arasynda bolaýyn. Eger ol jemagatlar dileg etseler meniň hem hajatym kabul bolar. Ylym meselesi toparyna barsam, diňe bir mesele ýatlardym – diýip pikir etdim we zikr mejlisine bardym.
Şol gije ýatyrkam düýşümde maňa bir eziz aýtdy: «Eý biedep, näme üçin ylym mejlisine barmadyň?» diýdi. Şol wagtda Jebraýyl ýetmiş müň perişde bilen gelipdi. Olar ylym meselesi bilen oturan jemagatlara aralaşdylar we perişdeleriň ganaty degen bendeleri Haktagala dowzahdan azat etdi.
Möminleriň emiri Aly (Alla ondan razy bolsun!) şeýle aýtdy:
Bir mömim bende Resul Hudadan:
— Eý Resul Huda, ylym mejlisi bilen jynaza ikisi birden dogry geldi. Biz şolaryň haýsysyna baraly? – diýip sorady. Resul Huda:
— Eger öleni jaýlaýan adamlar köp bolsa hem, ylym mejlisine barmak dogrudyr. Çünki müň jynazadan, müň hassa sorandan, müň rekagat namaz okandan, müň ýola kapyrlar bilen söweş edenden we müň gije namaz okandan bir mertebe ylym mejlisinde oturan ýagşydyr – diýdi.
Ýene rowaýat etdiler:
Musa alaýhyssalam wagtynda bir adam bar ekeni. Ol:
— Eý bar Hudaýa, meniň görümi röwşen et, sowalymy aňsat et we imanym bergil – diýip dileg eder ekeni. Hezreti Musa:
— Eý adam, sen näme dileýärsiň? – diýdi.
Ol adam:
— Men Haktagaladan ahyrýet dilegini diläp durun welin, mende onuň kabulygynyň hiç nyşany ýok – diýdi.
Onda Hezreti Musa:
— Eý adam, seniň ol dilegiň ylym mejlisinden hasyl bolar – diýdi.
Eý Taňrymyz! Jemi bendelere alymlaryň ylmyndan we onun sogabyndan nesip et. Derýa ýaly rehmetiňden püre-pür et. Dergähinden näumyt etmegil. Ämin!
Bölümler: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Görülen: 44 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Gurbangül Guzuçyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202