Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:45
Ajaýyplyklaryñ düri/6
ALTYNJY BAP

BISMILLAHY-R-RAHMANY-RAHYMYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Resul Huda:
— Her kim bir aşyň başynda bismillahy-r-rahmany-rahym diýmese, ol aşy namazsyz goýar – diýdi.
Resul Huda ýene-de:
— Kimiň täreti bolmasa, onuň namazy rowa bolmaz – diýdi.
Ýene rowaýat etdiler.
Bişr Hafy ýigitlik wagtynda betgylyk hem ahlaksyzdy. Hiç wagt pyssy-pyjurlykdan gaýtmazdy. Hemişe mes ýörärdi. Bişr Hafynyň bir ejekesi bardy. Ol gije bir düýş gördi. Düýşünde bir owaz geldi. Haktagala Bişr Hafynyň günälerini ötüp, ony ýalkapdyr. Oňa behişde wajyp görip, behişdiň ortasyndan bir ýagşy jaý beripdir. Şol wagt Bişr Hafynyň ejekesi tisginip ukudan oýanyp, ýerinden turup:
— Meniň bu düýşüm şeýtanydyr. Meniň bu düýşüm dogry düýş däldir. Bişr Hafy bu düýşe laýyk we mynasyp däldir – diýipdir.
Ol üç gijeden soň, ýene şunuň ýaly düýş gördi. Bu düýşi ýene görenden soň ejekesi Bişr Hafyny ýanyna çagyrdy. Bişr Hafy häzir bolandan soň:
— Eý Bişr Hafy, seniň Hudaýtagala näme tagat we ybadatyň bar? – diýdi.
Bişr Hafy:
— Eý ejekejan, meniň Hudaýtagalanyň ýanynda hiç bir tagat, ybadatym ýokdur. Her wagtda pyssy-pyjurlykda bolýaryn men. Emma bir gije hajatym üçin hajathana bardym. Şol wagt men bir ýatan kagyz tapyp, ony göterdim. Göterenimden soň ony okap gördüm welin onda: «Bismillahy-r-rahmany-rahym» diýip ýazylgy eken. Men onuň hapa ýerini tämizläp öpdüm. Soňra iki teňňä ýyparsatyn alyp, ony ol kagyza sepdim we ol kagyzy sandyga saldym – diýdi.
Şol wagt Bişr Hafynyň ejekesi:
— Eý Bişr Hafy, ol «Bismillahy-r-rahmany-rahym» şerapatyndan Haktagala seni ýalkapdyr. Üç gün boldy, men düýş gördüm. Bu düýşümde:
— Men Bişr Hafyny ýalkadym. Oňa anbar ysly behişde wajyp etdim – diýen bir owaz eşitdim. Bişr Hafy ejekesinden bu sözi eşidenden soň aglamaga başlady. Ol:
— Men niçik bendedirin? Bir mertebe «Bismillahy-r-rahmany-rahyma» tagzym edenim üçin munça keramat we merhemet berse, onda men niçik biakyl bende bolupdyryn? Gije-gündiz Haktagalany unudypdyryn-diýdi. Şol wagt ýüreginde bir ah dert peýda bolup beýhuş bolup ýykyldy. Birnäçe wagtdan soň özüne geldi we ýerinden turup, şol wagt bendelerini azat etdi. Hemme mallaryny sadaka berdi. Özi aýak ýalaňaç bolup, Haktagalanyň ýoluna düşdi. Ondan soň aýagyna hergiz zat geýmedi. Birnäçe wagtdan soň kutblaryň (welileriň) derejesine ýetdi. Eý Taňrymyz! hemmäni dogry ýola salyp, ýardamyňy ýoldaş et! Ämin. Ýa Rebbil älemin!
Bölümler: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Gurbangül Guzuçyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202