14:33 Ajaýyplyklaryñ düri / 4 | |
AJAÝYPLYKLARYÑ DÜRI Dördünji bap Päk niýetiň beýany Resul Huda: «Kyýamat güni bolsa, bir kowmy anbar ysly behişde ibererler. Ol jemagatlar behişde ýakyn bararlar we behişdiň köşki-eýwanlaryny görerler. Şol wagtda owaz geler: «Ol bendeleri gaýtaryň, ol bendeleri dowzaha iberiň. Çünki olara behişt nesip etmez». Şol wagt ol jemagatlar gaýgy we hesret bilen yzyna gaýdarlar. Çünki munuň ýaly gaýgy we hesret dünýäniň owwalynda we ahyrynda hiç bolmagaý. Olar: «Eý bar Hudaýa, bizri näme üçin dowzaha iberdiň. Näme üçin bize ilki behişdi görkezdiň. Behişdiň näz-nygmatlaryny görip, biz armanda bolduk. Bu iş biz üçin erbet boldy» diýerler. Behişdiň nygmatlaryndan nesip etmän dowzaha düşmekleriniň sebäbi oldur: Şol wagt Haktagaladan owaz geler: «Eý bendelerim, siz uly günä işleri etdiňiz. Musulmanlaryň mallaryny nähak aldyňyz. Gybat we töhmet etdiňiz. Şugulçy we pitneçi bolduňyz. Bu işleri sähelçe bildiňiz we mundan gorkmadyňyz. Dogruçyl-lyk bilen sadaka bermediňiz. Sadaka berseňiz hem haram maldan berip, halal maldan bermediňiz. Halal maldan berseňiz hem bazarda ýa-da köçelerde berdiňiz. Zekaty ýa hüşüri uly sadakalary bozuklara ýa ýoldan çykanlara ýa porhanlara ýa ylym gaýypdan habar berijilere ýa ýalta namazhonlara ýa palçylara berdiňiz. Bu jemagatlara bereniňizi garyplara ýa möminlere bereniňizden artyk bildiňiz we «kabul bolandyr» diýip pikir etdiňiz. Bu gün siziň tagat we ybadatyňyz kabul we makul bolmaz. Siziň şol eden işleriňiz üçin bir azaba sezewar bolarsyňyz welin hiç alajy bolmaz» diýip, olara gazap eder. Resul Huda: — Eý ýaranlarym! Men ymmatymyň hemmesi butparaz we ataşparaz bolar – diýip gorkýaryn. Ýene Resul Huda: — Eý ýaranlar! Men Taňra çirk getirer – diýip gorkýaryn – diýdi. Ýaranlary: — Eý Allanyň Resuly, çirk getirmek haýsydyr – diýdiler. Resul Huda: — Eý ýaranlar! Ol ýasamalykdyr. Ýasamalygyň manysy budur: Kim haýyr etse, bir nep bilen eder. Halk haýrly we sahawatly eken diýsinler diýip nepl namazyny okasa, halk içinde ýagşyrak okarlar. Halk ýok ýerinde bolsa rekagat we sejdesiz okarlar. Ýagny dik durman, oturyp we tesbisiz okarlar. Nepl orazasyny tutsalar halka mälim ederler. Tagam iýýän märekelere bararlar. Emma tagam iýmezler. Bir bölegi tagat we ybadat etseler halklara mälim ederler. Don geýseler has könäni geýerler, çünki olar muny halk «Bu pahyr dünýäden gol üzüpdir» diýsinler diýip ederler. Halk içinde tagam iýseler hem kiçijik lukma alyp iýerler, çünki olar halk Oňa ynansyn – diýip ederler. Halk ýok ýerinde bolsa uludan-uly lukma alyp agyzlaryna salarlar we köp-köp iýerler. Halk içinde owadan-owadan sözlärler. Ýol ýörände asta-asta ýörärler, çünki olar muny tagaty we ybadaty köp edip haldan gidipdir – diýip pikir etsinler – diýip ederler. Şerigat boýunça ýazgarylan bu işi edendikleri üçin olaryň tagat we ybadatlaryna hiç hili sogap ýok. Sadaka berijilere pul köýdürmekden özge, Gurhan okaýanlara ýagşy atdan başga zat ýok. Bu ýagdaýlar olaryň köňlündäki ýasamalykdyr – diýdi. Ýene Resul Huda: — Her kim tagaty ýasamalyk bilen etse, ol tagat onuň özüne meňzär. Çünki ol bende kisesine toprak salyp bazara barsa, halklar ondan sorasalar: — Bu näme? – diýseler, ol bende: — Bu tylladyr – diýer. Olar: — Göreli – diýip görseler, ol hem toprak bolsa, bazylyk (oýunlyk) bilen eden işi hem şonuň ýaly bolar – diýdi. Resul Huda ýene: «Bende tagat we ybadat etse, ynam bilen etgeý. Belki halk içinde okamagaý, ýekelikde okagaý. Eger namaz okasa, oraza tutsa we sadaka berse ýaşyryn bergeý. Hemmä mälim edip ýörmesin» diýdi. Resul Huda ýene: «Meniň ymmatymyň ýagşysy sadakany ýaşyryn we pakyrlara berýän adam bolar». Ymmatymyň erbedi sadakany pakyra bermän: «Bu bahyl» diýer. Sadakany ýerinde bermek gerek. Eger sadakany ýerinde bermeseň, munuň özi şor ýere tohum atan dek bolar. Ýerinde bermek şu bolar: Eger hassa bolsa, halklara özüni sag dek görkezer. Eger pakyr bolsa, özüni adamlara baý dek görkezer. Sadakany ýerinde bermese, eger tagat we ybadat etse, adamlara özüni bozuklar dek görkezer we halklara daşky görnüşini haram kişiler dek görkezer. Musulmana: Daşky görnüşini we tenini arassa etmek şerigat hökümidir. Bu hökümiň ikisi hem dürsdir – diýdi. Ýene Resul Huda: Dört zatdan habarly boluň. Birinji, tagat we ybadaty Hudaýtagala üçin etmäge çalyşyň. Ikinji, rast boluň. Üçünji, zalymlara goşulmaň. Dördünji, zalym patyşalara we bozuklara goşulmaň – diýdi. Ýene Resul Huda: Kyýamat güni bolsa Gurhanhonlary, şehitleri, alymlary, gazylary (din üçin söweşijileri), sahylary, hajylary we abytlary Hudaýtagalanyň dergähine getirerler. Şol wagt Hudaýtagala: «Eý jemagatlar siz dünýäde näme iş etdiňiz?» diýer. Gurhanhonlar şol wagt: — Biz Seniň üçin Gurhan okadyk – diýerler. Şehitler aýdar: — Biz Seniň üçin kapyrlary gyryp gyrmyzy ganymyzy dökdük – diýerler. Hajylar: — Biz Seniň üçin haj etdik – diýerler. Abytlar aýdar: — Biz Seniň tagat we ybadatyňy etdik – diýerler. Alymlar diýerler: — Biz Seniň üçin halklary oňat işleri etmäge çagyrdyk – diýerler. Sahylar: — Biz hem seniň üçin haýyr-sahawat etdik – diýerler. Olaryň hemmesi şunuň ýaly jogap bererler. Şol wagt Haktagala: «Eý ýalançylar! Sizler muny meniň üçin etmediňiz. Halk üçin etdiňiz. Halk üçin eden tagat we ybadatyňyzy men kabul etmeýärin» diýer. Ondan soň Hudaýtagala: «Bulary dowzaha iberiň» diýer. Bir gün ýene Resul Huda metjitde otyrdy. Şol wagt bir çarwa arap geldi we namaz okady. Rekagaty we sejdäni dogry berjaý etdi. Hemme sahabalar geň galdylar. Şol wagt ýene bir kişi gelip namaz okady. Rekagaty we sejdäni dogry berjaý etmedi. Olar gidenden soň sahabalar: — Eý Allanyň resuly, owwalkynyň namazy, soňkynyň namazyndan ýagşyrak boldy – diýdiler. Şol wagt Resul Huda: — Eý ýaranlarym, owwalkynyň namazy kabul bolmaz. Sebäbi ol ýasamalyk etdi. Soňkynyň namazy kabul we makul bolar. Sebäbi ol ýasamalyk etmedi – diýdi. Şyh Jüneýit Bagdady (Alla ondan razy bolsun!): — Men yhlaslylygy sertaraşdan öwrendim. Men bir gün Mekge şäherinde gezip ýördim. Bir sertaraş bir kişiniň saçyny alyp berdi. Şol wagt men: — Eý sertaraş, Hudaýyň razylygy üçin sen meniň hem saçymy alyp berseň nähili bolar? – diýdim. Sertaraş: — Gowy bolar – diýdi. Ol sertaraş şol wagt meniň saçymy aldy. Saçymy alandan soň men onuň ýanyndan gitdim. Men köňlümde pikir etdim: — Eger Hudaýtagala maňa bir zat berse, men ony sertaraşa bererin – diýdim. Men Mekgede beýik metjitde otyrdym. Şol wagt bir kişi meni sorap geldi. Men onuň ýanyna bardym. Ol meni öýüne alyp bardy we bir küýze tylla berdi. Men şol wagt ony sanadym. Ýüz elli tylla çykdy. Men ol tyllany sertaraşa alyp bardym. Ol sertaraş tyllany almady. Ol: — Eý Hudaýşynas adam, Haktagala maňa: «Eý biyhlas adam, uýalmadyňmy, sertaraşlygy meniň razylygym üçin etdiň, ýene-de gaýdyp ol kişiden hak diýip tylla aldyňyzmy diýer» – diýdi. Ol sertaraş bu tyllany almady. Ol ýene: — Eý Hudaýşynas, adam diňle. Sen nähili jogap bilen bararsyň Hudanyň dergähine, men nähili jogap bilen barary – diýdi. Men Hudaýtagala bolan yhlasy şol sertaraşdan öwrendim – diýdi. Şyh Şibli (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy: Men bir adada ýördüm. Şol wagt bir ýigit gördüm. Bir garyp sypat donly. Elinde hasa bar. Men ortaça ýöredim. Soňra bir daga duşdum. Men şol wagt: «Dagyň ýoly niredekä, dagdan ötüp bolmazmyka» diýip piker etdim. Ol ýigit hem şol wagt daga ýetip geldi. Eýse, dag iki bölündi. Ol ýigit ötüp gitdi. Soň dag ýene öňküsi dek boldy. Men bu işe haýran bolup „Bu niçik beýle bolýar?» diýip pikir etdim. Şol wagtda maňa ýokardan owaz geldi: — Eý Şyh Şibli, sen niçik haýran bolduň. Bu ýigit meniň emrimdedir. Onuň özge zat bilen işi ýokdyr. Her bende meniň emrimde bolsa şunuň ýaly bolar. Men bu işden soň hergiz Haktagalanyň emrinden özge zady etmedim. Ondan soň nälet siňen şeýtan meni hemişe özüne duşman tutdy. Çünki men özümi bu derejede goýan nälet siňen şeýtan ekenligini ondan soň bildim. Men şeýtanyň tersine ýöredim. Gije asla uklamadym. Maly-dünýä ýygnamadym. Maly-dünýäni ýygnamak dünýä maýyl bolmaklykdyr. Ýagşy tagamy, ýagşy lybasy we ýagşy yzzaty arzuw etmek şeýtanyň waswasy bilendir. Şeýtanyň pikiri hemişe waswas etmekdir – diýdi. Hususan, şeýtan bendäni iki wagtda waswas eder. Ol biri bende ýigitlik wagtyndadyr. Eger adam ýigitlik wagtynda Hudaýtagala bendeçilik etse, şeýtan oňa: — Eý ýigit, saňa bu ýigitlik iki gelmez, bu ýigitligi zaýa ötürme. Bu dünýä bäş günlükdir. Aýşy-eşretde bol. Soň puşman etme. Peýda etmez. Ol ýaşlyk öz ornuna gelmez. Owwal sen bu dünýäniň aýşy-eşretini tä seniň armanyň galmaýança sürgil. Sen ondan soň namaz okasaň hem, oraza tutsaň hem, tagat we ybadat etseň hem bolar. Sen niredediň, muny eşitmänmidiň – diýer. Ol ýene: Bişr Hafy we Fuzaýyl bin Yýaz jahanda bir ogrulardy we garakçylardy. Bu ikisi dünýäniň aýşy-eşretini sürdüler. Birnäçe wagtdan soň ol ikisi toba etdiler. Şol wagt ikisi hem Allanyň welilerinden boldular. Sen bu dünýäden gorkup, gul bolup barýarsyň. Ýaşyň ellä, altmyşa ýetmez diýip gorkma. Seniň gözüňiň öňünde adamlaryň ýaşy altmyş-ýetmiş we segsene ýetip dur. Şol wagtdan soň hem toba etseň bolar – diýip waswaslyk edip aýdar. Bu gapyl bende: — Waswaslygy özüm oýlanyp tapdym – diýer. Şeýtandan görmez. Şeýtanyň ýene bir waswas etdirýän wagty bendäniň hassa wagtydyr. Ol wagt bende namaz okar bolsa, şeýtan: — Eý bende, bu wagt namaz wagty däldir, özüň bu halda wagtyňda sabyr etgin. Elhal sen ýagşy bolarsyň. Gorkma, hassa bolan kişi ölübermez. Bu hassalykdan ýagşy bolgyn, ondan soň hem okasaň bolar – diýip waswas eder. Şeýtanyň arzuwy budur: Bu bende ýigitlikde ölse ýa hassalykda ölse, bitoba bolup bir uly günä boýnuna ýükläp barsa, şeýtanyň myrady şonuň ýaly işde hasyl bolar. Eger bende bu iki wagtda şeýtanyň waswasyna girse, ol bendä köp howp bolar. Şeýtan ol wagtda onuň imanyny almaga gaýym bolar. Eger ol bende şol iki wagtda şeýtanyň waswasyna girmese, ol bendäniň ölen wagtynda imanyna zyýan ýetirip bilmez. Bir gün şeýtan: — Eý bar Hudaýa! Sen adamlar üçin özüňiň ýadyňy etmäge öý etdiň. Hany meniň öýüm? – diýdi. Haktagala: «Eý şeýtan, seniň öýüň hammamdyr» – diýdi. Ýene şeýtan: — Eý bar Hudaýa, adamlar üçin mejlis ýaratdyň. Meniň mejlisim hany? – diýdi. Haktagala: «Eý jennetden kowlan şeýtan, seniň mejlisiň bazardyr» – diýdi. Ýene şeýtan: — Eý bar Hudaýa, adamlar üçin Gurhan inderdiň. Meniň Gurhanym hany? – diýdi. Haktagala: «Eý melgun! Seniň Gurhanyň şahyrlaryň şygrydyr» diýdi. Ýene şeýtan: — Eý bar Hudaýa, adamlara söz ýaratdyň. Meniň sözüm hany? – diýdi. Haktagala: «Eý melgun, seniň sözüň ýalançylyk we kezzapçylykdyr» diýdi. Şeýtan ýene: — Eý bar Hudaýa, adamlar üçin azan ýaratdyň. Meniň azanym ýok – diýdi. Haktagala: «Eý melgun, seniň azanyň surnaýdyr» diýdi. Ýene şeýtan: — Eý bar Hudaýa, adamlar üçin pygamber ýaratdyň, meniň pygamberim hany? – diýdi. Haktagala: «Eý melgun, seniň pygamberiň palçylardyr» diýdi. Şeýtan ýene: — Eý bar Hudaýa, adamlar üçin kitap ýaratdyň. Meniň kitabym hany? – diýdi. Haktagala: «Eý nälet siňen şeýtan, seniň kitabyň adamlaryň iňňe bilen gollaryna salan tegmilleridir» diýdi. Ýene şeýtan: — Eý bar Hudaýa, adamlar üçin aw ýaratdyň. Meniň awum hany? – diýdi. «Eý nälet siňen şeýtan, seniň awuň hatynlardyr. Çünki, hatynlar hemişe gybat ederler» diýdi. Ýene şeýtan: — Eý bar Hudaýa, adamlar üçin tagam ýaratdyň. Meniň tagamym hany? – diýdi. Haktagala: «Eý betbagt şeýtan, seniň tagamyň meniň ýadymdan gapyl bolup duran jemagatlarymyň tagamydyr» diýdi. Hudaýtagaladan hergiz gapyl bolmaň! Eger gapyl bolsaňyz tiz özüňize gelip Haktagalanyň ýadyna meşgul boluň we şeýtanyň ýoluna girip rehmetden aýrylmaň. Taňra höwesli boluň. Höwesli ýigitler boluň. Höwesli molla boluň, höwesli hoja boluň! Hudaýtagalanyň tarapyna meýil edip, toba ediň. Toba etmek parzdyr. Parz hemmäniň boýnunda berkidilen zatdyr. Bu parzy bozmaň. Tobany uluglap tutuň. Tobany uluglap tutmaklygyň manysy budur. Bende Haktagala tarapa toba etse, ol bendäni hakyky bende diýmek bolar. Eger alym bolsa, kitaba göz gezdirmek we nadan adamlara ylym öwretmek gerek. Soňra imanyň ylmyny, ondan soň täretiň ylmyny, orazanyň ylmyny, ondan soň bolsa, namazyň ylmyny bilmek gerek. Ondan soň hemme ylymlardan zeruryny soramak we öwrenmek, haramdan we şerigat boýunça edilmegi ýazgarylan işlerden gaçmak we günbe-gün içinde näçe ýola tobasyny täzelemek gerek. Şonuň ýaly-da alymlaryň mejlisinde hemişe bolmak, hemişe bir ýa iki mertebe barmak we olardan pentdir nesihatlary eşitmek gerek. Hoja Abdylhalyk Gijdiwany bir gün hoja Aryfa: — Eý eziz perzendim, sizi özümiň ýanynda goýup size birnäçe wesýetler etmek maksadym bar – diýdi. Ol ýene: — Hudanyň razylyk ýolundan çykmagyl – diýdi. Ondan soň ol ýene aýtdy: — Eý Aryf, hemişe takwalykda bolgul. Hudaýtagalanyň hakyny özüňe laýyk etgil. Hemişe ata-enäniň hyzmatynda bolgul. Olar senden razy bolsun. Olar senden razy bolsalar, Haktagala hem senden razy bolar. Pynhanlyk bilen bolsa hem, açyklyk bilen bolsa hem Haktagalany hemişe köňlüňde saklagyn. Gurhan okamak bilen bol. Gurhan okamakdan gaçmagyl. Gurhany okar bolsaň köňlüň bilen okagyl we ýagşy pikir etgil. Hereketlerine we harplaryna ýagşy göz ýetirgil. Ýalňyş okap gargyşa sezewar bolmagyl. Onuň üçin Resul Huda aýtdy: — Köp kişiler Gurhan okarlar. Gurhan olara gargyş getirer. Kim Gurhany nädürs okap, gargyşa galsa we ondan soň namaz okasa, ol namazy dogry bolmaz. Eger sen Gurhany ýalňyş okasaň tagat we ybadatlaryňdan hiç peýda gelmez. Eger kişi Gurhan okar bolsa, gamgynlyk bilen okasyn. Sebäbi Gurhan Haktagalanyň ýanynda şaýat bolar. Eý Hoja Aryf, hiç ylymdan gol üzme, rehimli bol. Isle uly bolsun, isle kiçi bolsun, hiç kime kemsitmek bilen garama. Emma isle ýagşy bolsun, isle ýaman bolsun köp-köp gülmegin. Bu gülmeklik gaflatdandyr. Köp gülmek köňlüňi öldürer. Çünki köňlüň ölse, Haktagalanyň zikri hasyl bolmaz. Taňrynyň zikri köňül bilen hasyl bolýar. Meger Allatagaladan näumyt bolmagyl. Haktagalanyň rehmetinden howp bilen umytda bolanlaryň arasynda bolgyl. Eger kişi «howp edýärin» diýse, göreris we gorarys. Kim Haktagalanyň buýuran işlerinde bolsa, onda biz oňa «howp edýär» diýýäris. Eger Hudaýtagalanyň iberen işlerinden gaçyp ýörse, onda oňa «howpda» diýmeris. Eger ol kişi: Men umytda diýse, ýene göreris. Her kim Haktagalanyň iberen işlerini etmese, ony umytda diýip kabul etmeris. Eý Hoja Aryf, dünýäni terk et. Dünýä bilen bolanlaryň dini bolmaz. Dünýäni terk edenleriň nyşany budur: Kim özüne haýr etse, hem-de halklara haýr etse. Eý Hoja Aryf, pahyrlykda we berhizkärlikde bolgul. Hususan ylym meselesini köp bilgil. Nadan sopylardan ägä bolup gaçgyl we nadan sopylary özüňe dost bilmegil. Oňa mürit bolmagyl, hyzmatkär bolmagyl. Uluglara mal we janyň bilen hyzmat etgil we olaryň hormatyny saklagyl. Olar hakda ýagşy pikirde bol. Olaryň hiç işini inkär etme. Meger sünnete ters gelýän iş etseler, sen olaryň tersine iş etgil. Eger sen ony başga ýagdaýda inkär etseň onda sünnete terslik etdigiň bolar we hergiz nejat1 tapmarsyň. Dünýäden, ahyrýetden we adamlardan hiç zat dilemegil. Adamlar bilen urşyp ýörmegil. Her wagt adamlar saňa azar berseler hem sen sahy bolgul. Çünki sahylaryň jaýy we mekany jennetdir. Husyt, içigara, zandyýamanlardan bolmagyl. Olaryň jaýy Sakar diýen dowzahdyr. Adamlara öz halyňy äşgär etmegil. Misli nadan sopy dek bolmagyl. Haldan myrat budur: Keşp hakyky, keşp emhany (gatyşyk). Ol keşp isle rahmandan, isle şeýtandan bolsun. Mesele soramaklykda tagapyl edip durma. Gije-gündüz işiň-pişäň mesele soramak bilen bolsun. Bir dem alymlaryň mejlisinden daş düşmegil, emma jahyl sopulardan daş bolgyl. Jahyl sopular ýoluň garakçysydyr we musulmanlaryň ýollaryny urujylardyr. Eý Hoja Aryf! Hemişe Resul Huda bilen bolýanlar bilen bir bolgyl. Haktagala ynangyl. Hatynlar, husytlar, zalymlar we bozuklar bilen oturmagyl. Nadanyň we duşmanyň yzzat-hormatyna ygtybar etmegil we az ryzka kanagat etgil. Hemişe hudaýy ýatlap eden günäleriňi ýadyňa salgyl. Hemişe halal iýgil. Çünki, halal iýmek tamam ýollary açyjydyr. Haramy iýmek we haramy islemek zyýada muşakgatdyr. Eger haram iýseň kyýamat güni dowzahyň ody teniňi tutar. Donuňy halal geýgil, imanyň lezzet tapsyn. Namazy gije köp okagyl, behiştden jaý taparsyň. Namazyňy jemagatsyz hergiz okamagyl. Jemagatsyz namaz okamak mynapyklykdyr (ikiýüzli bolmakdyr). Kim uluglygy talap edip, ybadat etmese oňa otdan gutulma ýokdyr. Azgyn patyşalaryň we emirleriň gaşyna barmagyn. Olardan börüden gaçan dek gaçgyl. Kim seni söýmese sen ony söýme. Kim seni ýamanlasa, sen ony agyrtma. Ýagşy adam hem ýaman adam hem ikiside bir dek bolsun. Mylaýym bol. Hemme adamlara ýagşy we pespäl bol. Emma zalymlar saňa tekepbirlik etseler, saňa hem ol zalyma, biynsapsyza tekepbirlik etmeklik rowadyr. Resul Huda: — Her kim Haktagalanyň hak-hormaty üçin pespällik etse, Haktagala ol bendäni ahyrýetde beýik mertebeli eder – diýýär. Eý Hoja Aryf, her halda, isle ýagşy bolsun, isle ýaman bolsun, hemme halklara edepli bol. Hudaýtagalanyň bendeleriniň halyny adamlara äşgär edenler hergiz hakykata ýakyn bolmaz – diýdi. Hoja Aryf: — Men bilmeýärin, nadan sopular haýsylardyr – diýdi. Kemallyk eýesi bolan bu pir: — Eý Hoja Aryf, her wagty nadany görseň bilersiň. Ol nadan sopynyň pygyl-efgaly oldur: Namazynyň kazasynyň galanyny okamaz. Orazanyň kazasyny tutmaz. Boýnundaky kişiniň hakyny eda etmez. Iň uly günäden gaçmaz. Haramy halal biler. Her niçik söwdalaryny bozuk eder. Çäresi bozuk bolar. Ol şer işleri edip hiç uýalmaz. Olardan peýda bolan tagamy iýer. Juwan hatynlar bilen sözleşer. Baý halky bilen jandan dost bolar. Pahyrlardan gaçar. Tagamyň ýagşysyny baýlara we emirlere berer. Pahyr-biçärelere, tagam bermez. Zalymlaryň hyzmatyna dil-jan bilen barar. Ol zalymlary dogry iş etmäge çagyrmaz. Ol zalymlara «Hoş geldiň» diýip ýagşy söz aýdyp dileg eder. Ol zalymy yhlas bilen dost tutar. Ylymdan misli goýnyň börüden gaçyşy ýaly bolup gaçar. Müjtehidiň sözini kabul etmezler. Eger ol gümrahlar öz toryna bir pygly näkesi salsalar şat bolarlar. Olar misli namaz okan dek nepl orazasyny tutarlar. Bu eden işlerini Hak Alladan artyk bilerler diýdi. Ol wagt Hoja Aryf muny eşdip köp-köp aglady. Ol: — Bu ahyrzamanyň sopylary beýle işlerden habarsyzdyr – diýdi. Ýene ol: — Eý Hoja Aryf, teniňi harap edip, daşky görnüşiňe bezeg bermegil. Adamlardan umyt üzgül. Haktagala bilen bolgyl. Adamlara meýil etmegil. Adamlara meýil etmegiň seni hakdan daş eder. Köp söz sözlemegil. Köp söz köňlüňi öldürer. Halklara nesihat ediji bol. Az iýgil, az ýatgyl, gijeleri namaza meşgul bolgul. Gündiz Haktagalanyň ýady bilen bolgul. Haktagalanyň ýady bilen bolanda köňlüň gamda bolsun, gözüň ýaşda bolsun we imanyň päk bolsun. Dileg edeniňde zarynlyk we ýalbarmaklyk bilen etgil. Mejlisiň ulamadyr-pakyrlar bilen bolsun. Öýüň metjit bolsun. Dost tutan zadyň Haktagala bolsun. Haktagalanyň ady zikri bilen bolgul. Eger gije-gündiz Haktagalanyň ady bilen bolabilmeseň ednaýy (kiçigöwünlilik) mertebede oturgyl. Ikindi namazyndan tä gün ýaşýança Haktagala bilen bolgul – diýdi. Rowaýat etdiler: Abu Omar diýen bir kişi bardy. Ol bir alymyň metjidine bardy. Ol alym: — Hudaýtagalanyň razylygy üçin maňa müň tenňe beriň – diýdi. Ol halda hiç kimden seda çykmady. Ýogsam halk bu sesi eşidipdi. Şol wagt her kim bir ýana gitdi. Ol alym münberden düşdi we öýlerine bardy. Abu Omar hem öýüne gaýtdy. Ol öýüne barandan soň öýe girip, müň teňňe alyp ol alymyň ýanyna bardy. Ol alyma: — Eý alym, men size hiç kime mälim etmezlik şerti bilen müň teňňäni berýärin – diýdi. Ol alym ýene metjide bardy we halklara wagyz-nesihat etdi. Wagyz-nesihatdan soň ol alym: — Eý jemagatlar. Sizden men müň teňňe talap etdim. Siziň hiç biriňizden jogap çykmady. Abu Omar maňa müň teňňe berdi – diýdi. Eýse, şol wagt Abu Omar ýerinden turup, ol alymy tutup: — Eý alym, sen meniň müň teňňämi ogurlap alypdyrsyň. Meniň müň teňňämi bergil – diýdi. Ol alym naçar bolup, onuň müň teňňesini bermeli boldy. Ol alym: — Eý Abu Omar öýe baraly, seniň müň teňňäňi bereli – diýdi. Şol wagt Abu Omar: — Eý alym, meniň müň teňňämi haýsy ýerde alyp sen, ýene şul ýerde getirip bergil – diýdi. Ol alym öýüne gaýtdy. Abu Omar hem şol sagat ol alymyň yzyndan bardy. Öýüne girip, ondan müň teňňäni alyp, ýene ol alymyň özüne şol müň teňňäni bu şert bilen berdi: — Eý alym, bu syry hiç kişä mälim etme. Sadakanyň kabullygynyň şerti pynhan bermeklikdir – diýdi. Ol alym bu şerti kabul etdi. Bu adam soň müň teňňäni ondan almady. Sebäbi sadakany äşgär edip bermek ýasamalygyň nyşanydyr – diýdi. Eý jemagatlar, eý doganlar, eý musulmanlar şu mütdetden siz hem ikiýüzlilige gol urmaň. Gije-gündiz ikiýüzlilikden daş boluň. Haktagala hemmeleri ikiýüzlilikden aman etsin! | |
|
Ähli teswirler: 0 | |