Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:11
"Arşy hakyda" sonetler çemeni

"ARŞY HAKYDA" SONETLER ÇEMENI

Ýa boýnumy sogruň ýa-da ýüregim,
Men bir dutar, üzülipdir kirişlem.
Ýalan dünýä ýalanlara bürenen,
Çynym barka ýalan içre erişmen.

Ganat bilen uçmak guşlara mahsus,
A ganatsyz uçmak adama adat.
Ataşdan kül bolup uçarmyş kaknus,
Ýanmaýanyň üçin yşkyňa dat et.

Sowuk şemal bedenimi üşeder,
A sowuk bakyşlar ýakar bagrymy.
Arş üstünde pyşyrdymy eşiden,
Öz-özüme gazdyrmawer gabrymy.

Wada beriň gabrym gazmazlygyma,
Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma.

2.

Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma,
Ýa ruhumy ýagyşlara siňdiriň.
Ataş içre zemin gyzmazlygyna
Ol nur bilen ene Ýeri emdirer.

Asman kelamy deý gaçar gözüme,
Hem göreç sözüne meňzär ýagyşlar.
Munda Ýeri, Gögi ýalňyz özüme
Deň paylap bilmänim üçin bagyşlaň

Ýürekleriň kiri ýere döküldi,
Batga basan toprak döndi melege.
Aýdyňlaşdy guş awlanlar ökündi,
Guşlar dönen eken gara ýelege.

Hakykat guşuna dönjek ýüregim,
Pozup bilsem ýalanlary görenim.

3.

Pozup bilsem ýalanlary görenim,
Ýene ýalan ýagar gar deý maýdalap.
Galar iki gezek ömür sürenim,
Ajal bolsa janym almaz gaýtalap.

Asman gümmezinde ýyldyzlar nagyş,
Yedi oyum zemin jyklar selmeden
Häzir mazaryma damyp dur ýagyş,
Içinde men, a men nädip ölmedim!

Gijeler – dost, gündizlerim – söýgülim,
Gözüm göge, gögem gözüme gaçýar.
Gije tutaşmalym, gündiz köýmelim
Iki bolup gökden ataşyn saçýar.

Ynan gögüň gözden syzlandygyna,
Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna.

4.

Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna,
Ýerden göge syryganda elip, bi...
Bir bölek kerpije ýazlandygyma,
Wah, bilse-de ynanmaz ol epip bil.

Şonda käbäm gan ýyglasa näderin,
Bilermi ol bu ahwala gyýylman!
Iki göze sygan müňläp adamyň
Ýeke ömre sygmanyna uýalýan.

Mazarymdan yşgym çykar bugaryp,
Ömrüm bolup kabul eder yagyşlar.
Käbäm yzlar ýalňyz galan gugaryp,
Arman meni tanar eken agaçlam.

Damjalarda täsin kanun görünýä,
Ygtyýar ýok höküm edere dünýä.

5.

Ygtyýar ýok höküm edere dünýä,
Möhürim ýok aýagyzymdan başga.
Asmanyň gözýaşy Zemine siňýä,
Siňmeýär, sygmaýar tylladan köşge.

Gözýaşymy gögüň gözýaşy gizlär,
Zemin gorkar damjaň daliliginden.
Ajal şatlygymyň içinden gözlär,
Emma hasratymyň läligidim men.

Geçmiş öňe, geljek yza dyzaýar,
Ýazgyt ýazlan bolsa, nämemiş erkim!
Bakylyk ajala okun gezeýär,
Ajala-da ir-giç boýundyr her kim.

Şalar içre galaýsam-da ýeke men,
Kişä gul däl, borjum agdyk depeden.

6.

Kişä gul däl, borjum agdyk depeden,
A men heniz iki depeden bärde.
Iki ömri doldurmaly ýeke men,
Biri-hä şu ýerde birisem görde.

Ýeri, Gögi bir özüme paýlaman,
Meni paýlaşdylar, ikä bölündim.
Men aglap bilmändim göwne jaýlaman,
Hem ýalan gülmänim üçin güýlündim

Uçmah gözläp uçmak ýalňyş däl, belki,
Oňa ýerde duşmak bagtyň çürbaşy.
Ýagtylmaga ýanmak gerekdir ilki,
Çünki ataş yşgyň ýalňyz syrdaşy.

Ömür aýna. Kalp yşyga bürenýär,
Yşgyň huzurynda yşgym görünýär.

7.

Yşgyň huzurynda yşgym görünýär,
Ol ynsana artyk, asmana kemter.
Bagyş etmeseň derdi üste sürünýär,
Dözmedigiň bolsa mazara elter.

Niçik dözeý, ylym kemter, yşk zyýat,
Sepil ömrüm urunyp ýör ikiýan.
Baş alyp çykandan galmasa zürýat,
Ysnatdan çykarmy aýat okaýan!

Arşyň gözýaşyndan döreýär gülzar,
Ýylgyrşyn islemek nebsewürlikmi?
Gülzary näderem, gül berme gül ýar,
Nebsi gurban edeýin men buýrukly.

Bilmen haýsy söýgülimi öpe men,
Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men.

8.

Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men,
Aglap-diňýän, ýöne derdim diňmeýär.
Ses-sedasyz aglap, bili bükülen
Eneleň gözýaşy ýere siňmeýär.

“Eýse, menden başga nämäň bar, eje,
Mende näm bar dertli ömrümden başga!
Saňa kän gördüler ogluň ýekeje
Maňa ömrüm kän gördüler, bagyşla...”

Diýip, elewreýär, urunýar ýürek,
Giç eşdiler ir agysy zeminiň.
Maňa käbäm bilen täk yşkym gerek,
Emma nirde galdy olaň ezizi!

Hem şükür, hem puşman dünýä gelenim,
Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň!

9.

Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň!
Ýogsa, berjek galan ömrüm asmana.
Hassa şypa bergil, hergiz dilegim,
Jany sagy goýma hassa ahwala.

Ölüm üçin ajap taýýarlyk ömür,
Pany bilen bakylygyň serhedi.
Şum pelegiň çarhyn tersine öwür,
Ýogsa ähli serhetlerem berkedi.

Iki tarapy-da ataş büräpdir,
Şükür, otdan gaçyp, ataşa düşdüm.
Yşk oduna yşgyň gary eräpdir,
Buga dönüp, serhet perdesin deşdim.

Dowzah ýeri ýakar, yşk bolsa arşy,
Durup bilmez ataş ataşa garşy.

10.

Durup bilmez ataş ataşa garşy
Ony gözýaş tutaşdyrar, öçürer.
Ýürek aglamasa titredip arşy,
Yşkyň syrly manysyny gaçyrar.

Jeset içre ruh çyrpynar, örtener,
Ötegçiler eştmez çakylygyny.
Täk gubura goşa taýak dürtüler,
Biri pany, biri bakylygymy?

Ömür ölmek üçin ýeser bahana,
Ölüm merde serpaý, ejize jeza.
Men gelmedim ýaşamaga jahana,
Hem ýaşanym üçin çekmedim yza.

Ähli günälermi ötüň, dilegim,
Saklamaga derek ajal bilegin.

11.

Saklamaga derek ajal bilegin,
Paýlaň yaşap ýetişmedik ömrümi.
Urbalyk ediniň bürgüt ýelegin,
Ölçemäň-de erkinligniň göwrümin.

Garşy alsalar-da güler ýüz bilen,
Duýýan käbirinden öýkelänimi.
Pelek bilýärmika iki ýüzlüleň
Özüniň agzyna öýkünýänini?

Kalpda ynam barka, Hakda adalat,
Hukuk barmy öýkeläre Hudaýdan?!
Yşkda halat, garasmakda ybadat,
Nazar inçe çekilipdir Gün-Aýdan.

Gözlerime arşyň şol garap durşy,
Deşiň mazarymy, synlaýyn arşy.

12.

Deşiň mazarymy, synlýyn arşy,
Hem giňiräk gazyň arşyň sygarna
Syzýan onuň maňa garaşyp durşun,
Uçaýyn nebsimiň basyp garagna.

Yşk-ataş, yşkdany kiçijik ýürek,
Ýol berer çyn içre erişmelerde.
Ýaşamaklyk üçin ölmeklik gerek,
Biz kim, ölýär eken perişdelerde.

Dert nämemiş, kä bagt boldy owarram,
Şeri-haýry haýyrlysy eýlesin.
Ömür tapar hakykaty dogurlan,
Mazar tapar ýeri çöwren beýlesin.

Nur içinde galar gözýaşly dide,
Dowzahyň daşynda çyn hem akyda.

13.

Dowzahyň daşynda çyn hem akyda,
Ýanýar şahdan gaçan şaryň içinde.
Ölmeý diýseň, yşky keman-ok ide,
Yzasy ýeg lezzet içre geçenden.

Ýer keşbin ideglär, asmana bakar,
Gök ýyglaýyr, yşkdan başga derdi ýok.
Toprak dözmez, dözse, perdäni ýakar,
Zemin üzre bizden başga perde ýok.

Harplar uçar kalplaň uçmagna derek,
Ýumurmaga yşgy ýeter elibiň.
Çynlar bilen pozlup gitmegmiz gerek
Wadasyna ýetmek üçin Jeliliň.

Arşa sary gaýýar goşa sahypa,
Jennetiň daşynda arşy hakyda.

14.

Jennetiň daşynda arşy hakyda,
Eýmenermi eýse ataş ataşdan!
Arşa çyksaň galpdan gaçyp, hak ideý,
Biz tarapdan salam diýgil sataşsaň!

Onki synam, ömrüm, örküm, bagyşlaň,
Gökden gözýaş bolup indim Zemine.
Hakydany, akydany ýagyşlar
Habar berer dem ahyrda henizem.

Dowzah, jennet, asman, pelek, gum, melek,
Güýjüm alyp, güýç eçildi gaýtalap.
Yşgymyň göwnüne degmäge derek,
Ýa bagyşlaň ýa gaýtalap paltalaň.

Ýa galamym döwüň, ömür süreýin,
Ýa boýnumy sogruň, ýa-da ýüregim.

MAGISTRAL

Ýa boýnumy sogruň, ýa-da ýüregim,
Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma.
Pozup bilsem ýalanlary görenim,
Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna.

Ygtyýar ýok höküm edere dünýä,
Kişä gul däl, borjum agdyk depeden.
Yşgyň huzurynda yşgym görünýär,
Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men.

Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň,
Durup bilmez ataş ataşa garşy.
Saklamaga derek ajal bilegin,
Desiň mazarymy, synlaýyn arşy.

Dowzahyň dasynda çyn hem akyda,
Jennetiň daşynda arşy hakyda.

EZIZ AMANNAZAROW 1999-njy ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde doguldy. Maşgala ýagdaýy sebäpli Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyna göçüp gelýärler. 2019-njy ýylda Ýolöten şäherindäki 12-nji orta mekdebi tamamlap, 2019–2021-nji ýyllar aralygynda harby gullukda bolýar. Demir ussaçylygy işi bilen meşgullandy. Eziz Amannazarow 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda biwagt aradan çykdy.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/22463-ary-hakyda-sonetler-cemeninden.html. 16.02.2023ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 186 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Eziz Amannazarow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
0
1 Bagabat • 16:13, 16.02.2023
Neressäň ruhuna Alla rahmet etsin.
avatar
1
2 Bagabat • 16:49, 16.02.2023
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Ölen däl,
diriler galýarlar derde.
Ýöne ölen adam
ölerine çen
Tanyşýar dünýäniň geçmişi bilen.
Gije-gündiz kitaplara bolup ýar,
Geçmiş bilen-taryh bilen ýaşaýar
Gomer bilen ýaşaýar,
Baýron bilen ýaşaýar,
Pyragy, Lenin bilen —
Bary bilen ýaşaýar!
Bulam az deý ol oturýar oýlanyp,
Soňra gelejege çykýar aýlanyp.
Ençe ýyldyzlaryň dünýesin açýar,
Soň ol ýyldyz bolup, süýnýär-de geçýär.
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Adam az ýaşaýar
Kän ýaşan Ýerde.

Gurbannazar Ezizow
avatar
1
3 Bagabat • 16:55, 16.02.2023
Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn
Durnalaryň setirinde okaýan.
Ýetmiş ýyllap aýra düşen mysaly,
Çygly ota kükregimi oýkaýan.

Bag astynda göge garap ýatyryn,
Düşek edip ýaş maýsaly topragy.
Barmaga gök ýuwa sarap ýatyryn
Men — dünýäniň daragtynyň ýapragy.

Unudýan özümi. Unudýan bada.
Ýaşyl tebigata siňýän-de gidýän.
Baky tebigatda,
Baky dünýäde,
Özümi gül, toprak, maýsadyr öýdýän.

Juda ir höwrükdim ýaşyl baglara,
Sähranyň üstünden öwsen şat ýele.
Şoň üçinem gussa batan çaglarym
Keselmi bejerýän tebigat bile.

Garylýan dünýäniň baky sazyna,
Deňiz bolup güwwüldeýän, güňleýän.
Goşulyp baldaklaň ýaş owazyna
Hiç wagt kesellämok,
Hiç wagt ölmeýän.

Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,
Ölüm näme?
Tebigata garylmak,
Bahara gül bolup getirmek şöhrat
Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak.

Dostlar näme,
Giden günüň atlarlar,
Birnäçe gün seni ýatlar-köýerler.
Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar
Soňra?
Soňra aglamasyn goýarlar.

Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar
Gök otuň üstünden basanda gadam
Otlar olaň aýagyna çyrmaşar,
«Saklan! — diýýän ýaly — mähriban adam.

Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap?
Gezip ýörmüsiňiz başlarynyz jem?!»
Emma şol otlaryň ýüzüne garap,
Mendigimi bilmez olaň birisem...

Gurbannazar Ezizow
avatar
1
4 Medicall • 16:59, 16.02.2023
Gullyga gitmänka okapdym şu çagañ beýleki goşgularyny, bu sonetini öñ okamandym.
Sözde keramat bar diýilýänniñ bir subutnamasy hem Eziz jigimiziñ goşgulary bolup biler, öñ okamda-da Arşy ahwalda ýazýan ýaly duýulypdy sözleri. Ýalñyşmasam 2019 dadyr belläpdimem bir goşgusyna kitapçyda.

Eziziñ poýeziýasy boydan baş onuñ özi öz ykbalyny ýazan ýaly, USSAT bolmasa, bu setirleriñ bir ylahy hikmeti bolmasa beyle ýaşajyk çagañ serine geljek pikirler, sözler däl ýaly.
Gaty gynandym okap, baran ýeri berilsin, uçmalykdyr, ruhy ynjamasyn! Gaty gynandym..
avatar
1
5 Kyyas • 18:07, 16.02.2023
Yzy ýarasyn, Jennet jaýyny bersin.
avatar
1
6 Мango • 18:32, 16.02.2023
Eziz. Bary ýogy 24 ýaşapdyr.
Kä adama öleni üçin gynanarsyň.
Men bolsa bir çyn şahyryň ölenine gynandym.
Ölenine-de diýesim gelenok.
Allahym oňa onuň ynanan Jennetini görkez.
Oňa merhemet et. Yzyndakylara sabyr ber.
---
ýazýan zatlary 24 ýaşlyňkydan has kämil eken.
ýüregime gussa çökdi.
---
Häzir mazaryma damyp dur ýagyş,
Içinde men, a men nädip ölmedim!

Mazarymdan yşgym çykar bugaryp,

Möhürim ýok aýagyzymdan başga.

Gözýaşymy gögüň gözýaşy gizlär,

Uçmah gözläp uçmak ýalňyş däl, belki,
Oňa ýerde duşmak bagtyň çürbaşy.
Ýagtylmaga ýanmak gerekdir ilki,
Çünki ataş yşgyň ýalňyz syrdaşy.

Arşyň gözýaşyndan döreýär gülzar,

Aglap-diňýän, ýöne derdim diňmeýär.

Ölüm üçin ajap taýýarlyk ömür,
Pany bilen bakylygyň serhedi.

Ýürek aglamasa titredip arşy,
Yşkyň syrly manysyny gaçyrar.

Ömür ölmek üçin ýeser bahana,
Ölüm merde serpaý, ejize jeza.
Men gelmedim ýaşamaga jahana,
Hem ýaşanym üçin çekmedim yza.

Ähli günälermi ötüň, dilegim,
Saklamaga derek ajal bilegin.

Kalpda ynam barka, Hakda adalat,
Hukuk barmy öýkeläre Hudaýdan?!

Gözlerime arşyň şol garap durşy,
Deşiň mazarymy, synlaýyn arşy.

Ýaşamaklyk üçin ölmeklik gerek,

Ölmeý diýseň, yşky keman-ok ide,
Yzasy ýeg lezzet içre geçenden.

Arşa çyksaň galpdan gaçyp, hak ideý,
Biz tarapdan salam diýgil sataşsaň!

Ýa galamym döwüň, ömür süreýin,
Ýa boýnumy sogruň, ýa-da ýüregim.

---
Mümkin bolsa Eziziň başga goşgularynam okatsaňyz.
Gynandym.
Bir rahatlan ýerim onuň ahyret düşünjeleriniň saglamdygy. "Ýaşamaklyk üçin ölmeklik gerek" diýen Eziziň hakyky dünýesi abat bolsun.
avatar
0
7 Bagabat • 18:39, 16.02.2023
Geň-taň göremok, ýöne neressäň tutuş goşgusy ajal, mazar, gör, ölüm we ş.m. bilen dolup dur.
avatar
0
8 Medicall • 12:15, 16.02.2024
bu gün ýagyş, emma daşaryň aldajy sowukdygy bildirýär.
gecen ýylam 16 fewral eken şu soneti okanymda. şol günem gar ýagyp durdy daşarda, şu wagtam okap penjireden seredip otyryn welin, göýä şu sonetiň gamgyn ruhy elewreýän ýaly daşarda...
Ruhy şat bolsun!
avatar
0
9 Pegas • 12:15, 16.02.2024
Düýn ýyl sadakasyny berdiler. Kabul bolsun.
avatar
1
10 Medicall • 12:19, 16.02.2024
Kabul bolsun, fewralyň başyna ýadyma düşdi Eziz jigimiz, goşgularyny baş sahypada goýupdym, düýnem goýaýyn diýibem unutdym soň. ruhy ynjamasyn
avatar
0
11 Pero • 20:05, 16.02.2024
Alla bagyşlasyn!
avatar
0
12 Küle • 20:59, 16.02.2024
Gozgady.
avatar
0
13 sussupessimist • 01:00, 17.02.2024
Öň adyny kän eşitýärdim, ýöne okamandym.
Indi okadym ...we eşitdim.
avatar
0
14 derwushhana • 01:34, 17.02.2024
Ýatan ýeri ýagty bolsun. Gömülip galmaly şahyr-a däl eken. Hemişe ýatlap duralyñ
avatar
0
15 medi • 07:13, 17.02.2024
Erbet dowamly kesel ýüze çykanda. Rak ýa-da sirroz we başgalar. Şeýle ýagdaýda käbir hassalar 3-4 ýyl ýaşaýar (o-da nä ýaşamak) Özüm şolary köp görem soň aýtýan. Köpsi keseleniň erbetdigini bilenok. Kä biri öljegini öňünden bilýär. Öljegiňi bilmek nähili elhençlik. Diýjek bolanym bu neresse jigimiz şeýle goşgulary öljegini öňünden bilip ýazan bolmaly.

Allah rahmat etsin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203